Giň mazmuna eýe bolan bu düşünje her birimiziň maşgala durmuşymyz bilen gönüden-göni baglanyşykly bolansoň, bu babatda söhbet açmagy müwessa bildik.
Türkmen aganyň edep-terbiýesi hakynda Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän eserlerinde çuň mazmunly pikirler beýan edilýär. Meselem, Milli Liderimiz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda aryf-akyldarymyz Döwletmämmet Azadynyň «Wagzy-Azat» eserine salgylanyp, adamyň ýaşlykdaky edep-terbiýesi bilen bagly borçlary, bu ugurda halk içinde dilden-dile geçip gelýän rowaýatlar, halkymyzyň edep-terbiýe babatda durmuşa ornaşdyran edim-gylymlary hakynda giňişleýin düşünje berýär. «Gözellik barada düýpli söhbet edilse, şonuň hem özeninde ynsaplylyk bar. Biz gözelligi pikir-duýgy jähetden öwrenip, ony edep-terbiýe ulgamynda berkidýäris» diýip, Gahryman Arkadagymyz dünýä gözelliginiň edep-terbiýe bilen baglanyşyklydygyny aýratyn nygtap geçýär.