"Watan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-16, 38-61-17, 38-61-07
Email: watan@sanly.tm

Habarlar

Möhüm möwsüm

Ýurdumyzyň zähmetsöýer daýhanlary, edermen kärendeçileri, ussat bagbanlary şu ýyl hem oba hojalyk önümleriniň bol hasylyny ýetişdirip, ony isripsiz ýygnamak işlerini alyp barýarlar. Şu günler Daşoguz welaýatynda hem ýetişdirilen pagtanyň ýygymynyň depginini has-da güýçlendirmek bilen hasyly gysga wagtda, ýitgisiz ýygnap almak üçin ähli zerur çäreler görülýär. Ýygym möwsüminde kombaýnlaryň, awtoulaglaryň we beýleki tehnikalaryň, pagta arassalaýjy kärhanalaryň, harmanhanalarynyň doly güýjünde işledilmegi dowam edýär. Pagtaçylar üçin zerur bolan iş we durmuş şertleri döredilýär.

Türkmenistan ynanyşmagyň ýolundan barýar

Häzirki döwrüň ählumumy meseleleriniň netijeli dialogy bolan «BRICS goşmak»/«autriç» formatyndaky XVI BRICS sammitiniň 22 — 24-nji oktýabrda geçen plenar mejlisinde hem, öňki ýyllarda bolşy ýaly, hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Onuň barşynda durnukly ösüşe, özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlyga aýratyn üns berilmegi bu gurama agza döwletleriň geljekde gatnaşyklarynyň has-da pugtalanmagyna täzeçe badalga boldy. «Adalatly ählumumy ösüşiň we howpsuzlygyň bähbidine köptaraplylygyň pugtalandyrylmagy» şygary astynda geçen XVI BRICS sammitine Russiýa Federasiýasy başlyklyk etdi. BRICS-iň işiniň esasy maksady işjeň, deňhukukly dialogy, netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmekden ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem sammite hormatly myhman hökmünde ilkinji gezek gatnaşdy. Munuň özi Watanymyzyň halkara abraýynyň belentdiginiň, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerinde onuň işjeň ornunyň bardygynyň nyşanydyr. Mejlisiň dowamynda Arkadagly Gahryman Serdarymyza hormatly myhman hökmünde söz berilmegi ýurdumyza halkara derejesinde goýulýan hormat-sarpanyň aýdyň beýanydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyz çykyşynda dünýäde gapma-garşylykly ýagdaýlary parahatçylykly ýollar bilen çözmegiň tarapdary bolan Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny ählumumy we sebit howpsuzlygyny üpjün etmäge, döwletara gatna

Baýragyňyz gutly bolsun!

Ýurdumyzyň raýatlarynyň hünär saýlamakda, işe ýerleşmekde, olaryň bilime, ylma bolan gyzyklanmalaryny artdyrmakda döwlet tarapyndan uly goldaw berilýär. Bu gün ýaşlar jemgyýetçilik durmuşynda bolup geçýän iri möhüm wakalara işjeň gatnaşýarlar hem-de ýurdumyzyň ösüşlerine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň her bir agzasynyň jemgyýetimiziň agzybirliginiň, bitewüliginiň, jebisliginiň pugtalanmagyna mynasyp goşant goşýandygyny we özlerine bildirilen ynamy ödäp, yhlasly zähmeti bilen ýokary görkezijileri, ajaýyp üstünlikleri gazanýandygyny ýurdumyzda geçirilýän bäsleşikleriň mysalynda görmek bolýar.

Borjumyz — kämil nesli terbiýelemek

Türkmenistanda giň dünýägaraýyşly, täze tehnologiýalardan baş çykaryp bilýän, dünýä täzeliklerinden habarly, ylym, döredijilik bilen gyzyklanýan, edepli, milli ruhda terbiýelenen ýaş nesli kemala getirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri. Döwlet Baştutanymyzyň edýän tagallalary netijesinde, ýaşlarda Watana, merdana halkymyza hem-de şöhratly taryhymyza buýsanjy, ylym-bilime höwesi artdyrmak, olaryň döwrebap bilim almagyny üpjün etmek, ýurdumyzda sagdyn jemgyýeti kemala getirmek üçin uly işler durmuşa geçirilýär. 2024-nji ýylyň 25-nji maýynda hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda» Karara gol çekdi. Bu Konsepsiýanyň esasy maksady Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim bermegiň hilini dünýä standartlaryna laýyk getirmekden, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekden, bu ugurda innowasion usullary okuw işine giňden ornaşdyrmakdan, mugallymlaryň döredijilik başarnyklaryny hem-de ussatlygyny has-da ýokarlandyrmakdan ybarat.

Änewde tutulan toý

Golaýda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çäreleri jemlemek dabarasynyň we Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň medeniýet ministrlikleriniň Hemişelik geňeşiniň nobatdaky mejlisi bolup geçdi. Ol wakalar — TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň Medeniýet ministrlikleriniň jogapkär işgärleriniň nobatdaky maslahaty, wekiliýetleriň resmi böleginiň Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Milli «Ak bugdaý» muzeýine, gadymy Änew galasyna we Seýit Jemaleddin ýadygärligine baryp görmekleridir. Şeýle-de Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirilen «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwalyň ýapylyş dabarasy hem-de ýokarda-da belläp geçişimiz ýaly, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň medeniýet ministrlikleriniň Hemişelik geňeşiniň nobatdaky mejlisi taryha altyn harplar bilen ýazyldy.

Goý, güllesin türkmen-özbek dostlugy!

Düýn — 18-nji noýabrda gözel paýtagtymyzda Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günlerine badalga berildi. Onuň açylyş dabarasy Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde boldy. Ýüreklere ýakym paýlaýan, halklaryň dostlugyny pugtalandyrýan medeni çäreler adamzady jebisleşdirýär, dünýäni gözelleşdirýär. Muny ýylyň-ýylyna dünýä halklarynyň ata Watanymyzda, türkmen medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda bolsa daşary ýurtlarda geçirilýän medeniýet günleri, hepdelikleri-de görkezýär. Olaryň çäklerinde halklaryň milliligi, edebi mirasy, taryhy we ýaşaýyş-durmuşy... giňden şöhlelenip, dünýä jemgyýetçiliginiň bir bitewi maksady, ýagny adamzadyň hemişe gözellige, döredijilige, özgerişe hem-de asuda, abadan durmuşa bolan ymtylmasy açylyp görkezilýär.

Parahatçylygyň belent owazy

16-njy noýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýurdumyzyň birleşen üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary orkestriniň «Parahatçylyk owazy» atly konserti geçirildi. Konsertde Gurbangeldi Begenjowyň hem-de Kowus Bäşimowyň dirižýorlyk etmeginde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň, Daňatar Öwezow adyndaky Ýörite sazçylyk mekdebiniň, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlaryndaky Ýörite sungat mekdepleriniň ussat sazandalarydyr aýdymçylary çykyş etdiler.

«Durna guşy» bilen sylaglandy

15-nji noýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwalynyň ýapylyş dabarasy boldy. Ýurdumyzda halkara derejede geçirilýän festiwallaryň, maslahatlaryň, sergileriň, konsertleriň hem beýleki medeni çäreleriň ählumumy parahatçylygy, halklar arasynda agzybirligi, dost-doganlygy pugtalandyrmakda ähmiýeti örän uludyr. 13 ― 15-nji noýabr aralygynda Aşgabatda 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly», gadymy Änew şäheriniň bolsa şu ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwal munuň aýdyň mysalydyr. Festiwala gatnaşmak üçin paýtagtymyza Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan, Russiýa Federasiýasynyň Başgyrdystan, Tywa, Çuwaş Respublikalaryndan, Moldowadan, şeýle-de Türkiýeden myhmanlar geldiler. Oňa hödürlenen çeper hem-de dokumental filmlere dürli halklardan bolan belli kinematograflar topary eminlik etdi.

Sportuň hem-de dostlugyň baýramy

16-njy noýabrda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynda 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasyndaky «Ashgabat Open 2024» halkara ýaryşynyň jemleýji duşuşyklary, şeýle hem ýeňijileri sylaglamak dabarasy geçirildi. 11-nji noýabrda badalga berlen ýaryşda 12 ýurtdan ýaş tennisçiler oglanlaryň we gyzlaryň arasynda ýekeleýin hem-de jübütleýin görnüşlerde Aziýanyň Tennis federasiýasynyň medallaryny we reýting utuklaryny gazanmak ugrunda göreş alyp bardylar. Jübütleýin görnüşdäki ýaryşyň final oýunlary 15-nji noýabrda ýaýbaňlandyryldy. Oglanlaryň arasynda 16 jübütiň gatnaşmagynda geçirilen ýaryşda ildeşlerimiz Nazargeldi Amangeldiýew bilen Kerimgeldi Welibegow garaşylmadyk ýagdaýda has güýçli garşydaşlardan üstün çykyp, altyn medallara mynasyp boldular. Olar jemleýji duşuşykda çekeleşikli göreşde Ýunus Annamyradow bilen Aly Geldiýew jübütini 7:6 (7:4), 7:6 (7:4) hasabynda ýeňdiler.

Kitap marafony: okamak endiginiň açary

Türkmen topragy dünýä ylmynyň ösen, meşhur alymlaryň okan, zähmet çeken, döreden topragydyr. Bu gün şol mukaddes toprakda ýaşlarymyzyň dürli ugurlarda kämilleşmegi ugrunda tagallalar edilýär. Türkmenistanyñ Daşary işler ministrliginiñ Halkara gatnaşyklary institutynyň Ýaş alymlar geňeşiniň guramagynda ýokary okuw mekdepleriniň arasynda yglan edilen «Kitap marafony» hem şol ýörelgelerden gözbaş alýar. MARAFON (Μαραθών) — bu grek sözi bolup, ol «uzak ýol» diýmegi aňladýar. Kitap marafony dünýäde meşhurlyga eýe bolup, uly göwrümli kitaplary uzak wagtyň dowamynda okamak üçin okyjylar oňa agza bolýarlar. «Kitap marafonynyň» esasy maksady ýaşlarda peýdaly endikleri kemala getirmek, ýady, pikirlenişi we hyýaly düşünjeleri ösdürmek, döredijilik ukybyny, söz baýlygyny artdyrmakdyr. Oňa gatnaşýan agzalar okamak üçin yglan edilen kitaby berlen möhletiň dowamynda okaýarlar hem-de öz aralarynda pikir alyşýarlar. Degişli meýilnama laýyklykda, gatnaşyjylara näçe wagtyň dowamynda näçe sahypa okalmalydygy barada ugrukdyryjy maglumatlar berilýär.

Bronhitden ägä boluň!

Bronhit dem alyş turbajyklaryna, ýagny bronhlara wiruslaryň düşmegi sebäpli döreýän keseldir. Bu keseliň kliniki alamatlary we geçişi boýunça bir-birinden tapawutlanýan ýiti hem-de dowamly görnüşleri bar. Lukmanlar onuň ýene-de bir görnüşini — obstruktiw bronhiti tapawutlandyrýarlar. Ýiti bronhit näsagyň güýçli üsgürmegi, gakylygyň bölünip çykmagy we onuň mukdarynyň kem-kemden artmagy bilen häsiýetlendirilýär. Keseliň ilkinji alamatlary gury üsgülewik hasaplanýar.

Abuna — 2025

Hormatly okyjylar! 2025-nji ýylyň birinji ýarymy üçin «Watan» gazetiniň elektron we kagyz görnüşine abuna ýazylyşyk dowam edýär. Gazetiň çap görnüşiniň alty aýlygynyň bahasy 15 manat 30 teňňe.

Oba hojalyk pudagynda

11-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerinde we oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işlere, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Ahalda

Türkmenistan — ÝUNESKO: köpugurly hyzmatdaşlyk ilerleýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan halkara guramalar bilen köpugurly hyzmatdaşlygy giňeldýär. Şunda umumy medeni giňişligi döretmekde, medeniýetleriň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmekde Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen gatnaşyklary täze derejä çykarmak babatda netijeli işler alnyp barylýar. Adamzadyň döreden maddy we ruhy gymmatlyklarynyň nesilden-nesle geçirilýän bölegi medeni mirasy emele getirýär. Häzirki döwürde şol mirasy goramak wezipesi ÝUNESKO-nyň paýyna düşýär. 1945-nji ýylyň 16-njy noýabrynda döredilen abraýly halkara gurama tarapyndan milli mirasymyzyň ajaýyp nusgalarynyň ençemesi umumadamzat gymmatlygy hökmünde ykrar edildi. Türkmenistan 1993-nji ýylda ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasy boldy. Şondan bäri geçen döwürde ýurdumyz bu guramanyň halkara medeni hyzmatdaşlygy we gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen taslamalaryna hem-de maksatnamalaryna gatnaşyp, özüni işjeň hyzmatdaş hökmünde görkezdi.

Ösüşe ýol açýan tehnologiýalar

Iň häzirki zaman hem-de kämil aragatnaşyk enjamlary, geň-täsin tehnologiýalar, täze programmalardyr beýleki innowasiýalar her bir adamyň we tutuş jemgyýetiň durmuşyny özgerdýär. 14-nji noýabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynyň binasynda ýaýbaňlandyrylan telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2024» atly XVII halkara sergisinde ylmy-tehniki öňegidişligiň innowasion işläp taýýarlamalary tanyşdyryldy. 16-njy noýabra çenli dowam edýän serginiň diwarlyklarynda sanly ykdysadyýet, kiberhowpsuzlyk, maglumat goraglylygy, telekommunikasiýa, maglumat we kompýuter tilsimatlary, hemra aragatnaşyk ulgamynyň enjamlary, öýjükli aragatnaşygyň 5G ülňüleri ýaly ugurlarda gazanylan öňegidişlikler görkezilýär. Bizem halkara foruma gatnaşyjylar bilen söhbetdeşlikde ünsümizi çeken täzeçil çözgütleriňdir taslamalaryň käbirleri barada ýazga geçiren maglumatlarymyzy okyjylara ýetirmegi makul bildik. Doktor Ilhami AÝGÜN,«Space Systems International — Monaco S.A.M» kompaniýasynyň baş direktory:

Geljekki nesliň aladasy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gazanylýan beýik ösüşler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bolup geçýän ähli oňyn özgertmeleriň özenidir. Bu il-ýurt bähbitli, giň möçberli işlere ýaşlaryň hem uly goşant goşmagy iňňän buýsançly ýagdaýdyr. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy bolsa ýurdumyzyň öňdebaryjy ýaşlaryny özünde jemleýän birleşikdir. Mälim bolşy ýaly, 1991-nji ýylyň 16-njy noýabrynda ýurdumyzyň öňdebaryjy ýaşlarynyň gatnaşmagynda döredijilik Gurultaýy geçirilip, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy döredildi we onuň Tertipnamasy kabul edildi. Ol ýurdumyzyň 14 ýaşdan 37 ýaşa çenli aralykdaky ýaşlaryny özünde jemleýän, olaryň erk-isleginiň we hak-hukugynyň goragynda durýan, özbaşdak, meýletin jemgyýetçilik guramasydyr.

«Gorkut ata» halkara kinofestiwaly geçirildi

Ýer ýüzünde ählumumy parahatçylygy, halklaryň arasynda dost-doganlygy pugtalandyrmakda ýurdumyzda halkara derejede geçirilýän maslahatlaryň, festiwallaryň, sergileriň, konsertleriň hem beýleki medeni çäreleriň ähmiýeti örän uludyr. Halkymyzyň baý medeni mirasyny, gadymy gymmatlyklaryny, milli sungatyny, medeniýetde we sungatda gazanylýan üstünlikleri dünýäde wagyz etmekde guralýan döredijilik çärelerine möhüm orun degişlidir. 13 — 15-nji noýabr aralygynda Aşgabatda geçirilen «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwal munuň aýdyň mysalydyr. Ol 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly», gadymy Änew şäheriniň bolsa şu ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli meýilleşdirildi. Bu döredijilik çäresiniň esasy maksady kino sungatynda halkara hyzmatdaşlygy ýygjamlaşdyrmakdan hem-de has-da ösdürmekden, şeýle-de dünýä jemgyýetçiligini türki halklarynyň medeniýeti bilen tanyşdyrmakdan ybaratdyr. Oňa gatnaşmak üçin paýtagtymyza türki dilli ýurtlardan, ýagny Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan, Russiýa Federasiýasynyň Başgyrdystan, Tywa, Çuwaş Respublikalaryndan, Moldowadan, şeýle-de Türkiýeden myhmanlar geldi. Birnäçe gün dowam eden bu halkara festiwaly Türkmenistanyň Medeniýet hem-de Daşary işler ministrlikleri doganlyk döwletler bilen hyzmatdaşlykda guradylar.

Ylham ýaýlasy

Atamyrat ATABAÝEW,Türkmenistanyň halk ýazyjysy. Arkalaşyk

Berkarar döwletdir arzuw eýläni

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalarynyň netijesinde, milli mirasymyzyň gymmatlyklaryny öwrenmek, gorap saklamak we dünýä ýaýmak boýunça yzygiderli durmuşa ornaşdyrylýan özgertmeler medeni gymmatlyklary, taryhy, edebiýaty, sungaty, ylym-bilimi ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredýär. Şeýle gymmatlyklar ata Watana bolan söýgini, buýsanjy artdyrmakda, ynsanperwer duýgulary kemala getirmekde, aňyýeti, aň-düşünje hem akyl-paýhas goruny baýlaşdyrmakda bahasyz baýlykdyr. Şu nukdaýnazardan, türkmen edebiýaty hem giňişleýin öwrenilip, halkymyza ýetirilýär. Bu işlerde, esasan, geçmiş mirasymyza daýanylýar, nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň eserleri öwrenilýär, halka ýetirilýär. Şeýle şahyrlaryň biri-de türkmeniň beýik şahyry Magtymguly Pyragydyr. Dana Pyragy halkymyzyň buýsanjy hem guwanjy bolmak bilen, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusynda: «Barymyzy şärik edýär ägirt şöhrat-şanyna» diýip beýan edişi ýaly, halkymyzyň, bedew batly ösüşler bilen ynamly öňe barýan berkarar döwletimiziň at-abraýyny dünýä doldurýar.

Döredijilik duşuşygy

Düýn — 14-nji noýabrda «Esger»  gazetiniň redaksiýasynyň guramagynda  «Parahatlyk geljege iň mukaddes mirasdyr» atly döredijilik duşuşygy geçirildi.  Ol paýtagtymyz Aşgabatdaky  Erkin döredijilik mekanynda guralyp,  oňa Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň wekilleri,  halypa ýazyjylar, žurnalistler we talyp ýaşlar gatnaşdy. Duşuşykda çykyş edenler milli Liderimiz  Gahryman Arkadagymyzyň adyl ýoluny dowam etdirýän  hormatly Prezidentimiz  Serdar Berdimuhamedowyň  sebitde we dünýäde  parahatçylygy, agzybirligi,  hoşniýetliligi, birek-birek bilen  ynanyşmagy  gazanmak barada alyp barýan syýasaty, onuň adamzat jemgyýetine ýetirýän oňyn täsirleri dogrusynda gürrüň edildi.