"Watan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-16, 38-61-17, 38-61-07
Email: watan@sanly.tm

Habarlar

Ýaşlara ekologik bilim bermegiň esaslary

Ekologik düşünje we tebigata söýgi adamda çagalyk döwründe kemala gelýär. Ýaş nesilleri tebigaty goramak, onuň baýlyklaryna aýawly çemeleşmek we hormat goýmak ýörelgelerinde terbiýelemek, olaryň ekologik medeniýetini ýokarlandyrmak möhüm wezipedir. Ekologik bilim adamlaryň özüni alyp barmagynyň ahlak kadalaryny emele getirmäge gönükdirilen, şahsyýetiň üznüksiz terbiýe, okuw we ösüş ýagdaýydyr. Ekologik bilim — ekologik düşünjeleri, ukyplary we endikleri öwretmek üçin guralýan, meýilnamaly we ulgamlaýyn amala aşyrylýan iş. Ekologik bilim ýöriteleşdirilmedik görnüşde gadymy döwürlerden bäri alnyp barylýar. Gadymy filosoflar Konfusiý, Lao-Szy, Demokrit, Aristotel öz ylmy işlerinde ekologiýa meseleleri bilen bagly umumy düşünjeleri beýan edipdirler. Köp sanly ylmy işlerde tebigat bilen ylalaşykly ýörelgelere uly ähmiýet berlipdir. Şunda tebigat bilimde we terbiýede esasy şert bolup çykyş edýär. Magtymguly Pyragynyň eserlerinde hem adamy ruhy taýdan kämilleşdirmek, erbet gylyk-häsiýetlerden el çekmek, sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmak, tebigata söýgi döretmek ýaly ahlak ýörelgelere orun berilýär.

Zamça

Andreý NOWIKOW,Russiýa Federasiýasynyň Ýazyjylar birleşiginiň Lipesk oblast jemgyýetiniň başlygy. Gyzgyn sähraň gursagyndan öwsen ýel,Rahatlanýar çygly tep-ter bakjada.Onça zamça bişýär — sen iýunda gel,Ol bir altyn şöhle söýüp bakjaga.

Hususyýetçi daýhanlaryň üstünlikleri

Halkymyzyň baýlygyna deňelýän pagtany ösdürip ýetişdirmek we gaýtadan işlemek milli ykdysadyýetiň ösüşinde möhüm orun eýeleýär. Bereketli güýz paslynda eziz Diýarymyzyň çar ýanynda ýaýylyp ýatan gowaçaly meýdanlarda pagta ýygymy möwsümi gyzgalaňly dowam edýär. Güneşli ülkämizde pagta ösdürip ýetişdirmekde we ony gaýtadan işläp, ýokary hilli önümleri taýýarlamakda hususyýetçi daýhanlaryňdyr telekeçileriň hem mynasyp paýy bar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda şu ýylyň hasylyndan başlap, pagtanyň, bugdaýyň döwlet satyn alnyş nyrhlarynyň ýokarlandyrylmagy edermen daýhanlary has-da öndürijilikli zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Ykdysadyýetiň dürli ugurlary bilen bir hatarda, oba hojalygynda-da netijeli zähmet çekýän hususyýetçileriň hatarynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Ajaýyp bina» we «Ak ýüpek» hojalyk jemgyýetleriniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda gazanýan üstünlikleri hem bellenilmäge mynasypdyr.

Sazyň saglyga täsiri

Aslynda, saz diňlemäge göwnüňi açmagyň we dynç almagyň serişdesi hökmünde garalýar. Ýöne geçirilen ylmy barlaglaryň netijelerine ser salanyňda, olaryň ynsan saglygyna hem örän uly täsiriniň bardygyny aýdyp bolar. Saz lezzet almagyň çeşmesi, şol bir wagtyň özünde onuň birnäçe psihologik täsirleri hem bar. Saz beýniniň rahatlanmagyna, bedeni gurplandyrmaga, hat-da adamlaryň yzasynyň hem azalmagyna öz täsirini ýetirýär. Saz diňledilýän restoranlarda saz goýberilmeýän restoranlara garanyňda, iýmitiň az iýilýändigini geçirilen barlaglar görkezýär. Edil şonuň ýaly hem, operasiýa geçiren näsaglaryň saz diňlänleri çekilýän yzalarynda saz diňledilmedik näsaglara garanyňda, özlerini çalt ele alýandygy barada maglumatlarda bellenilýär. Saz terapiýasy saglygyňy berkitmäge, näsaglaryň özlerini gowy duýmagyna oňaýly täsirini ýetirýär. Saz diňlemegiň peýdaly taraplary hakynda şulary görkezip bolar:

Iş maslahaty geçirildi

4-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerinde we oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işlere, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Maslahatda, ilki bilen, welaýat häkimleri özlerine degişli sebitlerde oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.

Oba hojalyk pudagynda halkara tejribesi ulanylýar

6-njy noýabrda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde sanly ulgam arkaly «Agrosenagat toplumynyň durnukly ösüşi» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň, Russiýanyň, Özbegistanyň, Belarusuň ugurdaş ylym-bilim edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri gatnaşdy. Maslahatyň dowamynda oba hojalyk pudagynda tejribe alyşmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahatda çykyş edenler şu gezekki duşuşygyň özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmaga, täze hyzmatdaşlygy ýola goýmaga, öňde durýan wezipeleri üstünlikli çözmäge itergi berjekdigine ynam bildirdiler. Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda Türkmenistan häzirki zaman oba hojalyk tehnologiýalarynyň, şol sanda takyk ekerançylyk ulgamlarynyň giňden ornaşdyrylmagyna we degişli amallaryň awtomatlaşdyrylmagyna aýratyn üns berýär. Bu bolsa önüm öndürijilere serişdeleri has netijeli dolandyrmaga, çykdajylary azaltmaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň netijesinde, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň kanunçylyk binýadynyň, önümçilik gatnaşyklarynyň yzygiderli kämilleşdirilýändigi bellenildi. Oba hojalyk önümlerini öndürijileriň maliýe-ykdysady taýdan höweslendirilmegi olary täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Döwletimiz tarapyndan dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň oba hojalyk tehnikalaryny we e

Okuw maslahaty geçirildi

Ýakynda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň mejlisler zalynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň işini kämilleşdirmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň talabydyr» atly okuw maslahaty geçirildi. Ol dokma senagaty işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň geňeşiniň Aşgabat şäheriniň we Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşýän dokma pudagyna degişli edara-kärhanalaryň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň, gaznaçylarynyň, tehniki gözegçileriniň, derňew toparynyň hem-de kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzalarynyň gatnaşmagynda geçirildi. Okuw maslahatynda döwletimiziň syýasy, ykdysady we medeni-durmuş taýdan ösüşine Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň goşýan goşandyny has-da artdyrmak, guramanyň işini kämilleşdirmek, döwrebaplaşdyrmak, agzalary döredijilikli zähmete ugrukdyrmak babatynda strategiki meýilnamalary taýýarlamak we olaryň ýerine ýetirilişini guramak boýunça täze usullary işe ornaşdyrmak, TKA-nyň tertipnamalaýyn wezipelerini ýerine ýetirmek, ýurdumyzyň ösüşlerini wagyz etmek bilen bagly çykyşlar edildi.

Reňkleri gürledýän ynsan

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň medeniýetini we sungatyny çuňňur öwrenmäge giň ýollar açylýar. Bagtyýar zamanamyzda milli dizaýn, nakgaşlyk we grafika sungatlarynyň utgaşykly ösüşine, şeýle-de halkymyzyň taryhyny, medeniýetini, arheologiýa we muzeý işini düýpli öwrenmäge saldamly goşant goşan şahsyýetleriň biri hem Türkmenistanyň halk suratkeşi, Türkmenistanyň Dizaýnerler birleşiginiň başlygy, taryh ylymlarynyň kandidaty, «Watana bolan söýgüsi üçin», «Gaýrat» we «Magtymguly Pyragy» medallarynyň eýesi Öwezmuhammet Mämmetnurowdyr. Ö. Mämmetnurowyň ady eýýäm ýarym asyrdan gowrak wagt bäri tanalýar. Halypanyň Watanymyzyň öňünde bitiren işleri oňa meşhurlyk getirdi. Mälim bolşy ýaly, halypanyň giň gerimli döredijiligi onuň köptaraply zehinini açyp görkezýän täze pikir-düşünjeleriň özboluşly beýanydyr. Ussat dürli žanrlar we akymlar boýunça ençeme eserleri kemala getirip, öz döredijiliginde birnäçe sungatlary özara utgaşdyrmagy başardy.

Hasyl toýy ― rysgal-berekediň toýy

6-njy noýabrda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda «Hasyl toýy ― berekediň gözbaşy» atly dabara geçirildi. Adyndan hem belli bolşy ýaly, ol her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde ýurdumyzda uludan bellenilýän Hasyl toýy baýramçylygyna bagyşlandy. Ony Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi geňeşi bilelikde gurady. Dabaranyň dowamynda edilen çykyşlarda Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň oba hojalygyndaky öňegidişlikler, önümçilikde öňdebaryjylaryň gazanýan ýokary zähmet üstünlikleri barada giňişleýin durlup geçildi. Ykbalyny daýhançylyga baglan zähmetkeşleri baýramçylyk bilen gutlap, saçaklarymyzda bereket bolçulygyny döredýän babadaýhanlaryň hormatyna ussat aýdymçydyr-sazandalarymyzyň ýerine ýetiren aýdym-sazlarynda berkarar döwletimize, bagtyýar zamanamyza buýsançly owazlar joşgunly ýaňlandy.

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdunda

2-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň Saglyk ýolunda köpçülikleýin ýöriş geçirildi. Bu çäre jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmeginde, aýratyn-da, ýaşlaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagynda möhüm ähmiýete eýe boldy. 25-nji oktýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilendigini aýdyp, bu möhüm ähmiýetli Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli 2-nji noýabrda sport çäresini geçirmegi, hemmeleriň bilelikde sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, Saglyk ýolundan geçmegi, bu çärede ýylyň dowamynda halkara ýaryşlarda gowy netije gazanyp, ýaşyl tugumyzy belentde parladan türgenlerimizi gazanan sport üstünlikleri bilen gutlamagy, mynasyp bolan sylaglaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmagy teklip etdi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisi

1-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, döwrüň talaplaryna laýyklykda, milli hukuk ulgamyny kämilleşdirmek babatda degişli çäreler görülýär, ýurdumyzyň häzirki we geljekki ösüşini kesgitleýän täze kanunlar işlenip taýýarlanylýar. Hereket edýän kanunçylyk namalaryny halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna, döwrüň talaplaryna laýyk getirmek maksady bilen, olara üýtgetmeler we goşmaçalar girizilýär.

Beýik ösüşleriň röwşen menzilleri

Ähli ugurlar boýunça gülläp ösýän, raýatlary bagtyýar durmuşda ýaşaýan, dünýäde abadançylygyň rowaçlanmagy ugrunda uly tagallalary edýän berkarar döwletimizde gazanylýan üstünlikler ata-babalarymyzyň arzyly arzuwlarynyň hasyl bolandygyny äşgär edýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň asylly ýoluny, döwletli ýörelgelerini has-da rowaçlandyrýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bu günki gün taryhy ösüşleri nazarlaýar. Şeýle ajaýyp hakykata «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly wakalarynyň mysalynda has hem aýdyň göz ýetirýäris. Halkymyzyň bagtyýarlygynyň nyşany bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda — 24-nji sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy ähmiýetli mejlisinde ähli ulgamlarda gazanylan üstünliklere baha berlip, belent maksatlara ýetmek üçin täze wezipeleriň kesgitlenilmegi il-ulsumyzy has-da jebisleşdirip, ýurt binamyzyň binýadyny berkitdi. Merdana pederlerimiziň döwleti we jemgyýeti dolandyrmakda toplan baý tejribesine esaslanyp, Esasy Kanunymyzda halk häkimiýetliliginiň ýokary wekilçilikli edarasy hökmünde ykrar edilen Türkmenistanyň Halk Maslahaty döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk gözbaşy hasaplanýan halkyň öz häkimiýetini amala aşyrmaga bolan konstitusion hukuklarynyň ýurdumyzda nusgalyk derejede üpjün edilýändigini ýene bir

Oba hojalygynda möhüm wezipeler

Düýn — 4-nji noýabrda paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň IV gurultaýy geçirildi. Gurultaýa ýurdumyzyň ähli sebitlerinden partiýanyň köp sanly agzalary, şeýle hem ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy. Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynyň eýwanynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumyndaky üstünlikleri şöhlelendirýän haly önümleriniň, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň, dokma senagatynyň harytlarynyň sergisi guraldy. Bu ýerde bagşy-sazandalar topary joşgunly aýdym-sazlary ýerine ýetirdi.

Ýeňişleriň ýalkymly ýoly

Sport — sagdynlygyň gözbaşy, dost-doganlygyň ilçisi, ýaşlygyň we ýeňişleriň ýoly. Biz bu hakykata 2-nji noýabrda Köpetdagyň etegindäki ajaýyp mekanda geçirilen köpçülikleýin çäreleriň mysalynda ýene bir gezek aýdyň göz ýetirdik. Şol gün ir säher bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýan ildeşlerimize nusgalyk görelde görkezip, Saglyk ýolundan geçmegi, şeýle hem halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň agzalarynyň dabaraly ýagdaýda sylaglanmagy ýatdan çykmajak wakalara öwrüldi. Jahanyň çar ýanyndaky üstünlikler

Mümkinçilikleriň giňişligi

Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli 3-nji noýabrda Aşgabatda «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty we energetikasy—2024» atly halkara sergi hem-de «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly maslahat öz işine başlady. Paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen halkara sergide ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumynda, energetika pudagynda gazanylan üstünlikler we ýetilen sepgitler görkezildi. Forumyň açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, halkara guramalaryň, daşary ýurtlaryň ýurdumyzda işleýän wekilhanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, şeýle hem köp sanly işewürler gatnaşdy. Dabara hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty we energetikasy — 2024» atly halkara sergä hem-de «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagynyň okalmagy bilen başlady. Gutlagda nobatdaky forumyň türkmen hünärmenleri bilen daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleriniň özara tejribe alyşmagynda, geljekde giň gerimli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda, iki tarapa hem bähbitli taslamalary ara alyp maslahatlaşmakda uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynam bildirilýär.

Hünär baýramçylygyna ajaýyp sowgat

Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň hünär baýramynyň ählihalk tarapyndan giňden toýlanýan gününde Etrek etrabynda güýjenmesi 220/110/10 kilowoltlyk täze gurlan «Etrek» elektrik bekediniň dabaraly ýagdaýda işe girizilmegi balkanly energetikleriň buýsanjyny artdyrdy. Daşary ýurtlaryň iň bir ygtybarly elektrik enjamlary bilen enjamlaşdyrylan, umumy tutýan meýdany 130 müň inedördül metre golaýlaýan täze bekediň gurluşygyny «Balkanenergo» önümçilik birleşiginiň buýurmasy esasynda ýurdumyzyň elektrik energetikasy toplumynyň kärhanalarynyň öz güýçleri bilen ýerine ýetirendigi aýratyn nygtalmaga mynasypdyr. Täze beketde amala aşyrylýan işleriň ählisi sanly ulgam arkaly dolandyrylýar. Berkarar döwletimiziň ykdysadyýetiniň möhüm pudaklarynyň biri bolan energetika senagatynda ýylsaýyn belent sepgitlere ýetilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly çözgütleriniň netijesinde, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak babatda döwrebap işler amala aşyrylýar. Iki ýyl mundan öň Watanymyzyň paýtagty Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda gurlan Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň dabaraly ýagdaýda işe girizilmegi hem munuň aýdyň güwäsidir. Bu ulgamdaky uly ösüşler Balkan welaýaty bilen hem gönüden-göni baglanyşyklydyr. Diňe soňky 15 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda Hazar deňziniň kenarynda dünýäniň ösen ýurtlarynyň önüm öndürijileriniň iň bir kämil enjamlary bil

Dil bilen dünýä açylýar

Aslynda, daşary ýurt dilini öwrenmäge her kime bir zat sebäp bolýar. Ýöne daşary ýurt dilini hünär hökmünde saýlaýan ýaşlarda bu höwesiň çagalykdan başlanýandygyna ynanasyň gelýär. Çaga dünýä inen gününden daş-töweregindäki adamlaryň ählisiniň şol bir heňde, şol bir owazda gürleşmegine uýgunlaşýar. Onuň gulagynda ene diliniň sözleri zol-zol ýaňlanýar. Emma soňra teleýaýlymlarda ýa-da kompýuterlerde multfilmlere, kinofilmlere ýa-da çagalara niýetlenen beýleki gepleşiklere daşary ýurt dillerinde tomaşa etmegi çaganyň ünsüni çekýär. Eşidýän sözleriniň öz gepleýän dilindäkiden üýtgeşik bolmagy onda gyzyklanma döredýär. Bilesigeliji çaga haýsydyr bir diliň del owazy täsir edýär. Diýmek, onuň gepleýän dilinden başga hem nätanyş dil bar eken. Hemme adamlar özi ýaly gepleýändir öýdüp ýören çaganyň dünýäsinde täze gapy açylýar. Öz gepleýän dilinden başga diliň bolmagy, şol bir düşünjeleriň başga sözler bilen ýaňlanýandygy onda şol dili öwrenmäge bolan höwesi oýarýar. Öňler ýaşlar daşary ýurt dili hökmünde galapyn rus dilinde gürlemäge ýykgyn edýän bolsa, indi iňlis we beýleki dillerde erkin gürleýänleri görmek geň däl. Döwrüň özgermegi hem-de aragatnaşyk tehnologiýalarynyň kämilleşmegi bilen teleýaýlymlar arkaly ýa-da habar beriş serişdeleriniň beýleki görnüşleriniň ýiti täsiri bilen, ýaşlar bu gün rusça we iňlisçe bilen bir hatarda, fransuz, hytaý, ispan, italýan, arap, pars we beýlek

Magtymguly Pyragy we saz medeniýeti

Gündogaryň akyldary, türkmen edebiýatynyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň asyrlar aşyp gelen dürdäne goşgulary dürli ýyllarda dünýä dilleriniň ençemesine terjime edildi. Akyldar şahyryň ýürek aýdymy bolup ýaňlanan goşgularynyň ençemesi dünýäniň belli kompozitorlarynyň saz eserleriniň söz bezegi bolmak bilen, ajaýyp aýdymlar hökmünde alyslarda-da belentden ýaňlanýar. Magtymguly Pyragynyň goşgularyna dürli görnüşli saz eserlerini döretmegiň hem özboluşly taryhy bar. Şahyryň umman ýaly çuňňur döredijiligi hemişe daşary ýurtly kompozitorlarynyň üns merkezinde bolup gelýär. Bu günki günde şol kompozitorlaryň akyldaryň çuň many-mazmunly döredijiligini saz medeniýeti arkaly dünýä halklarynyň arasynda wagyz edendikleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Şöhratly döwlete degişli tapyndy

Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly eserinde VI-VII asyrlarda höküm süren Göktürkmenleriň döwleti barada gyzykly maglumatlar getirilýär. Bu gymmatly eseriň bir ýerinde: «Gök Taňra uýýanlara tä yslama çenli «göktürkmenler», «gökoguzlar» diýlipdir» diýen setirler beýan edilýän bolsa, ýene bir ýerinde Oguz handan miras galan söweş däpleriniň, berk düzgün-nyzamlylygyň, ynanç-ygtykatlaryň göktürkmenlerde hem dowam edendigi barada aýratyn bellenilip geçilýär. Şöhratly taryhymyzdaky iň beýik döwletleriň biri bolan Göktürkmenleriň döwleti Bumyn han tarapyndan esaslandyrylypdyr. Häzirki wagtda Mongoliýanyň çäklerinde gorag astynda saklanylýan türkmen diliniň iň gadymy ýadygärligi bolan Oguz-Orhon daş ýazgylarynyň hem Göktürkmenler döwrüne degişlidigini bellemek gerek. Göktürkmenleriň şine haty görnüşindäki elipbiýinde biziň günlerimize çenli gelip ýeten daşyň ýüzüne ýazylan ýazgylar ösen heýkeltaraşlyk sungatynyň bolandygyndan habar berýär. Bu döwleti berkitmekde uly işleri bitiren serkerdeler Külteginiň, Bilge hanyň, Tonýukukyň gahrymançylyklary Oguz-Orhon daş ýazgylarynda öz beýanyny tapypdyr. Bu daş ýazgylarynda 33 ýaşynda Göktürkmen döwletiniň beýik hany bolan Bilge hanyň meşhur: «Eý, oguz-türkmen begleri, millet, eşidiň; ýokarda Gök çökmese, aşakda ýer dilinmese, türkmen milletiňi, iliňi, kanunyňy kim bozup biler?!» diýen sözleri asyrlar aşyp, häzirki döwre çenli gelip ýe

Miwe we gök önüm şireleri

Miwe şireleri süýjä we witaminlere, gök önüm şireleri bolsa mineral duzlara baý bolýar. Şireleri naharlanmazdan 30 — 40 minut öň ýa-da 2-3 sagat soň içmeli. Olaryň hersiniň özüne mahsus içmek düzgüni bar.