Beýik ösüşleriň röwşen menzilleri

4 Noýabr 2024
300

Ähli ugurlar boýunça gülläp ösýän, raýatlary bagtyýar durmuşda ýaşaýan, dünýäde abadançylygyň rowaçlanmagy ugrunda uly tagallalary edýän berkarar döwletimizde gazanylýan üstünlikler ata-babalarymyzyň arzyly arzuwlarynyň hasyl bolandygyny äşgär edýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň asylly ýoluny, döwletli ýörelgelerini has-da rowaçlandyrýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bu günki gün taryhy ösüşleri nazarlaýar. Şeýle ajaýyp hakykata «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly wakalarynyň mysalynda has hem aýdyň göz ýetirýäris.

Halkymyzyň bagtyýarlygynyň nyşany bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda — 24-nji sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy ähmiýetli mejlisinde ähli ulgamlarda gazanylan üstünliklere baha berlip, belent maksatlara ýetmek üçin täze wezipeleriň kesgitlenilmegi il-ulsumyzy has-da jebisleşdirip, ýurt binamyzyň binýadyny berkitdi. Merdana pederlerimiziň döwleti we jemgyýeti dolandyrmakda toplan baý tejribesine esaslanyp, Esasy Kanunymyzda halk häkimiýetliliginiň ýokary wekilçilikli edarasy hökmünde ykrar edilen Türkmenistanyň Halk Maslahaty döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk gözbaşy hasaplanýan halkyň öz häkimiýetini amala aşyrmaga bolan konstitusion hukuklarynyň ýurdumyzda nusgalyk derejede üpjün edilýändigini ýene bir ýola aýdyň tassyklady.

Saparmyrat OWGANOW,
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty.