Hususyýetçi daýhanlaryň üstünlikleri

8 Noýabr 2024
256

Halkymyzyň baýlygyna deňelýän pagtany ösdürip ýetişdirmek we gaýtadan işlemek milli ykdysadyýetiň ösüşinde möhüm orun eýeleýär. Bereketli güýz paslynda eziz Diýarymyzyň çar ýanynda ýaýylyp ýatan gowaçaly meýdanlarda pagta ýygymy möwsümi gyzgalaňly dowam edýär. Güneşli ülkämizde pagta ösdürip ýetişdirmekde we ony gaýtadan işläp, ýokary hilli önümleri taýýarlamakda hususyýetçi daýhanlaryňdyr telekeçileriň hem mynasyp paýy bar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda şu ýylyň hasylyndan başlap, pagtanyň, bugdaýyň döwlet satyn alnyş nyrhlarynyň ýokarlandyrylmagy edermen daýhanlary has-da öndürijilikli zähmet çekmäge ruhlandyrýar.

Ykdysadyýetiň dürli ugurlary bilen bir hatarda, oba hojalygynda-da netijeli zähmet çekýän hususyýetçileriň hatarynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Ajaýyp bina» we «Ak ýüpek» hojalyk jemgyýetleriniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda gazanýan üstünlikleri hem bellenilmäge mynasypdyr.

Ahmet GELDIÝEW,
«Watan».