Okuw maslahaty geçirildi

8 Noýabr 2024
314

Ýakynda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň mejlisler zalynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň işini kämilleşdirmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň talabydyr» atly okuw maslahaty geçirildi. Ol dokma senagaty işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň geňeşiniň Aşgabat şäheriniň we Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşýän dokma pudagyna degişli edara-kärhanalaryň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň, gaznaçylarynyň, tehniki gözegçileriniň, derňew toparynyň hem-de kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzalarynyň gatnaşmagynda geçirildi.

Okuw maslahatynda döwletimiziň syýasy, ykdysady we medeni-durmuş taýdan ösüşine Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň goşýan goşandyny has-da artdyrmak, guramanyň işini kämilleşdirmek, döwrebaplaşdyrmak, agzalary döredijilikli zähmete ugrukdyrmak babatynda strategiki meýilnamalary taýýarlamak we olaryň ýerine ýetirilişini guramak boýunça täze usullary işe ornaşdyrmak, TKA-nyň tertipnamalaýyn wezipelerini ýerine ýetirmek, ýurdumyzyň ösüşlerini wagyz etmek bilen bagly çykyşlar edildi.

Jennetgül ORAZOWA,
Ýörite habarçymyz.