Aslynda, daşary ýurt dilini öwrenmäge her kime bir zat sebäp bolýar. Ýöne daşary ýurt dilini hünär hökmünde saýlaýan ýaşlarda bu höwesiň çagalykdan başlanýandygyna ynanasyň gelýär. Çaga dünýä inen gününden daş-töweregindäki adamlaryň ählisiniň şol bir heňde, şol bir owazda gürleşmegine uýgunlaşýar. Onuň gulagynda ene diliniň sözleri zol-zol ýaňlanýar. Emma soňra teleýaýlymlarda ýa-da kompýuterlerde multfilmlere, kinofilmlere ýa-da çagalara niýetlenen beýleki gepleşiklere daşary ýurt dillerinde tomaşa etmegi çaganyň ünsüni çekýär. Eşidýän sözleriniň öz gepleýän dilindäkiden üýtgeşik bolmagy onda gyzyklanma döredýär. Bilesigeliji çaga haýsydyr bir diliň del owazy täsir edýär. Diýmek, onuň gepleýän dilinden başga hem nätanyş dil bar eken. Hemme adamlar özi ýaly gepleýändir öýdüp ýören çaganyň dünýäsinde täze gapy açylýar. Öz gepleýän dilinden başga diliň bolmagy, şol bir düşünjeleriň başga sözler bilen ýaňlanýandygy onda şol dili öwrenmäge bolan höwesi oýarýar.
Öňler ýaşlar daşary ýurt dili hökmünde galapyn rus dilinde gürlemäge ýykgyn edýän bolsa, indi iňlis we beýleki dillerde erkin gürleýänleri görmek geň däl. Döwrüň özgermegi hem-de aragatnaşyk tehnologiýalarynyň kämilleşmegi bilen teleýaýlymlar arkaly ýa-da habar beriş serişdeleriniň beýleki görnüşleriniň ýiti täsiri bilen, ýaşlar bu gün rusça we iňlisçe bilen bir hatarda, fransuz, hytaý, ispan, italýan, arap, pars we beýleki dilleri öwrenmäge hem ýykgyn edýärler. Elbetde, bu ýagdaý döwlet tarapyndan ýaşlaryň daşary ýurt dillerini öwrenmegine berilýän ähmiýetden hem gözbaş alýar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde daşary ýurt dillerini okatmagyň ýola goýulmagy, şol ýurtlardan pedagoglaryň we beýleki hünärmenleriň getirilmegi, halkara guramalaryň ýörite maksatnamalary esasynda ýaşlarymyzyň daşary ýurtlarda okuw sapaklaryny geçmegi, garaz, degişli ugurda halkara hyzmatdaşlygyň geriminiň giňemegi dürli dilleri öwrenýän ýaşlaryň sanynyň artmagyna getirýär. Şeýle-de belli bir daşary ýurt diline ýöriteleşen orta we ýokary okuw mekdepleriň açylmagy, degişli ugurlar boýunça täze hünärleriň ýola goýulmagy, öwrenýän dilleri boýunça çeper terjimede güýjüni synamak isleýänler üçin «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň döredilmegi ýaşlar üçin uly mekdep boldy.