Hünär baýramçylygyna ajaýyp sowgat

4 Noýabr 2024
298

Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň hünär baýramynyň ählihalk tarapyndan giňden toýlanýan gününde Etrek etrabynda güýjenmesi 220/110/10 kilowoltlyk täze gurlan «Etrek» elektrik bekediniň dabaraly ýagdaýda işe girizilmegi balkanly energetikleriň buýsanjyny artdyrdy. Daşary ýurtlaryň iň bir ygtybarly elektrik enjamlary bilen enjamlaşdyrylan, umumy tutýan meýdany 130 müň inedördül metre golaýlaýan täze bekediň gurluşygyny «Balkanenergo» önümçilik birleşiginiň buýurmasy esasynda ýurdumyzyň elektrik energetikasy toplumynyň kärhanalarynyň öz güýçleri bilen ýerine ýetirendigi aýratyn nygtalmaga mynasypdyr. Täze beketde amala aşyrylýan işleriň ählisi sanly ulgam arkaly dolandyrylýar.

Berkarar döwletimiziň ykdysadyýetiniň möhüm pudaklarynyň biri bolan energetika senagatynda ýylsaýyn belent sepgitlere ýetilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly çözgütleriniň netijesinde, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak babatda döwrebap işler amala aşyrylýar. Iki ýyl mundan öň Watanymyzyň paýtagty Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda gurlan Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň dabaraly ýagdaýda işe girizilmegi hem munuň aýdyň güwäsidir. Bu ulgamdaky uly ösüşler Balkan welaýaty bilen hem gönüden-göni baglanyşyklydyr. Diňe soňky 15 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda Hazar deňziniň kenarynda dünýäniň ösen ýurtlarynyň önüm öndürijileriniň iň bir kämil enjamlary bilen üpjün edilen täze «Awaza» döwlet elektrik stansiýasy gurlup ulanmaga berildi, welaýat merkezindäki öňden hereket edýän «Balkanabat» döwlet elektrik stansiýasynyň düzüminde gurlan energobloklaryň hem birbada ikisi önümçilige ornaşdyryldy.

Çary TAÝLYÝEW,
«Balkanenergo» önümçilik birleşiginiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.