"Watan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-16, 38-61-17, 38-61-07
Email: watan@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna täze ýyl gutlagy

Mähriban halkym!Eziz watandaşlar! «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen 2020-nji ýyl tamamlanyp barýar. Biz az salymdan üstünliklere beslenen bu ýyl bilen hoşlaşyp, Täze – 2021-nji ýyly uly şatlyk bilen garşylarys.

Beýik ynam we belent maksatlar bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyna gadam basyldy

Täze ýyl baýramy bütin ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen işlere, ýetilen sepgitlere, gazanylan üstünliklere ser salyp, onuň netijelerine baha bermegiň we täze maksatlary kesgitläp, hoşniýetli umytlar, ajaýyp arzuwlar, nurana geljege bolan egsilmez ynam bilen ömür kitabynyň täze sahypasyna başlamagyň wagtydyr. Milli Liderimiziň daşyna mäkäm jebisleşen bagtyýar halkymyz hem «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylyny uly üstünliklere besläp, ajaýyp arzuwlar we belent maksatlar bilen Täze ýyly garşy aldy. Täze — 2021-nji ýyl eziz Diýarymyzda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçer. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjyndan hem-de halkymyzdan, döwlet edaralaryndan, iri jemgyýetçilik birleşiklerinden we syýasy partiýalardan gelip gowşan köp sanly tekliplerden ugur alnyp öňe sürlen bu şygarda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň parahatçylygy, abadançylygy, hoşniýetli gatnaşyklary pugtalandyrmakda alyp barýan syýasaty şöhlelenýär.

Anyk işler we aýdyň wezipeler

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler, durmuşa geçirilýän iri taslamalar oňyn netijelerini berip, döwletimiziň berkararlygynyň we halkymyzyň bagtyýarlygynyň girewine öwrülýär. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda belent sepgitlere we uly üstünliklere beslenip geçen 2020-nji ýylyň 30-njy dekabrynda hormatly Prezidentimiziň Täze ýylyň öňüsyrasynda Ruhyýet köşgünde geçiren Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi hem munuň aýdyň subutnamasy boldy. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasarlarynyň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda geçirilen mejlisiň başynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa döwlet Baştutanymyzyň 2021-nji ýylyň şygaryny we nyşanyny kesgitlemek boýunça öňde goýan wezipeleriniň ýerine ýetirilişi barada maglumat berdi. Täze ýyly «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip yglan etmek hakyndaky teklip öňe sürüldi hem-de ýylyň nyşanynyň taslamasy milli Liderimiziň garamagyna hödürlenildi. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ykrar edilen bu şygar halkymyzdan, döwlet edaralaryndan, iri jemgyýetçilik guramalaryndan we syýasy partiýalardan gelip gowşan köp sanly teklipler nazara alnyp öňe sürüldi.

Lukmanyň maslahaty

Lukmanlaryň maslahat berşi ýaly, ak gardan don geýnen gyşyň şu günki günleri howanyň sowuklygy ýa-da howada döreýän dürli ýokançlaryň, tozan bölejikleriniň mukdarynyň artmagy sebäpli, dürli sökellikleriň köpelmek mümkinçiligi artýar. Şunda dürli ýokançlyklardan we zyýanly tozan bölejikleriniň ýetirýän täsirinden goranmak üçin:

Täze ýyla

Garşylan ýylymyz ajap ýyly bor,Parahatçylygyň, ynanyşmagyň.Türkmen Lideriniň başlangyjy sen,Dünýäde giň goldaw tapansyň bu gün! Parahatlyk baýdagynda türkmeniň,Ynanyşmak aýdymynda türkmeniň.Agzybirlik, hormat birek-birege,Ata-baba ädiminde türkmeniň.

Hoş geldiň, Täze ýyl!

Gojaman dünýäniň ýaşlygy bolup, Hoş geldiň, Täze ýyl, eziz Diýara!Beýik ýeňişleriň buşlugy bolup,Hoş geldiň, Täze ýyl, eziz Diýara! Eziz Arkadagyň altyn ýollary,Gülgüzar eýleýär sagysollary,Bagtyýar eýleýip ulusilleri,Hoş geldiň, Täze ýyl, eziz Diýara!