"Watan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-16, 38-61-17, 38-61-07
Email: watan@sanly.tm

Habarlar

Dostlukly gatnaşyklar berkeýär

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, hormatly Prezidentimiziň tagallasy esasynda, Türkmenistan bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda dost-doganlykly gatnaşyklar barha giň gerime eýe bolýar. Türkmen gurluşykçylarynyň tagallalary bilen, Owganystanda durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda lukmançylyk we bilim edaralarynyň gurulmagy, Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa benzin öndürýän zawodyň önüminiň ilkinji tapgyrynyň bu ýurda ugradylmagy hemişelik Bitarap ýurdumyzyň hoşniýetli goňşuçylyk we ynsanperwer döwlet syýasatynyň aýdyň beýanydyr. Hormatly Prezidentimiz Birleşen Milletler Gurmasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde çykyş edip, Owganystanyň hakyky hyzmatdaş hökmünde iri energetika, ulag we kommunikasiýa taslamalaryny amala aşyrmaga çekilmegi Merkezi Aziýada howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmegiň möhüm şertidir diýip belleýär.

Jemgyýetçilik guramalarynda

Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň edara binasynda «Parahatçylyk we ynanyşmak türkmeniň döwletlilik ýörelgesidir» diýen at bilen maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň hünärmenleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle-de ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary gatnaşdylar.

Ata-babalaryň wesýeti — merdanalyk mekdebi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň giň halkara hyzmatdaşlyk, ynanyşmak we dostluk ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasaty üstünliklere beslenýär. Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi guwandyryjydyr, çünki taryhy taýdan gysga möhletiň içinde Garaşsyz döwletimiz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolup, dünýäniň köp döwletleri, abraýly iri halkara guramalary bilen parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna dostlukly hyzmatdaşlygyň köprüsini guran döwlet hökmünde özüni tanatdy. Türkmenistanyň teklibi bilen, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýen Kararnamanyň kabul edilmegi ýurdumyzyň parahatçylyksöýüjilikli syýasatynyň dabaralanýandygynyň ýene-de bir aýdyň mysalydyr.

Durnukly ösüşleriň ýolunda

Bedew bady bilen okgunly öňe barýan ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda, gün-günden beýik ösüşler gazanylýar. Abadançylygyň we rowaçlygyň bähbidine gönükdirilen işler ýurdumyzyň abraýynyň yzygiderli artmagyny şertlendirýär. Birleşen Milletler Guramasy bilen alnyp barylýan işjeň gatnaşyklaryň netijeleri munuň aýdyň beýanydyr. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan her bir işleri we halkymyza sowgat berýän ajaýyp eserleri biz üçin uly görelde mekdebidir. Döwlet Baştutanymyz «Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda» atly kitabynda ýurdumyzyň häzirki alyp barýan syýasatynyň halkyň ynsanperwer taglymatlaryna, paýhasly däp-dessurlaryna, baý taryhy tejribesine esaslanýandygyny, bu ynsanperwer syýasatyň tutuşlygyna umumadamzat gymmatlyklaryna laýyk gelýändigini belleýär. Gahryman Arkadagymyzyň bu gymmatly ylmy-publisistik kitabynda ýurduň depginli ösüşi, durmuş maksatnamalaryny ýerine ýetirmekde iri durmuş-ykdysady taslamalary amala aşyrmak üçin alnyp barylýan işler öz beýanyny tapýar.

Şygryýet älemi

Arkadag! Bitaraplyk taglymatyň çuňdandyr,Hoş niýetiň ýürekdendir, Arkadag!Danalygyň pederlerden gaýdandyr,Sahawatyň aňyrdandyr, Arkadag!

Nepis sungatyň ussady

Milli gymmatlyklarymyz müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşip, täzeden-täze öwüşginlere beslenip, ata-babalarymyzyň ruhuna ýakynlaşdyrýan dürdäneleri, milli pelsepäni we ynançlary özünde jemleýän kerem-gudrat görnüşinde biziň günlerimize gelip ýetipdir. Halkymyzyň baý mirasynda aýratyn orun eýeleýän ugurlaryň biri-de şekillendiriş sungatydyr. Şekillendiriş sungatynyň iň nepis ugurlarynyň biri bolan suratkeşlik hem türkmen halkynyň durmuşynda görnükli orun tutýar. Türkmen suratkeşlik sungatyndan söz açylanda, ilki bilen, belli suratkeşler Nazar Ýomudskiniň we Bäşim Nuralynyň döreden ajaýyp surat eserleri göz öňüňde janlanýar. XIX asyryň ikinji ýarymynda — XX asyryň birinji ýarymynda naýbaşy eserleri döreden sungat ussatlarynyň çeken suratlary milli suratkeşlik mekdebimiziň döreýiş we ösüş ýolunda nusgalyk eserler hökmünde hemişelik orun aldy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe alnyp barylýan düýpli ylmy-barlag işleri türkmen suratkeşlik mekdebiniň köklerini has alyslardan — XV asyrdan alyp gaýdýandygyny anyklamaga mümkinçilik berdi. XVI — XVII asyrlaryň sepgidinde Töwrizde ýaşap geçen meşhur türkmen suratkeşi Sadyk beg Awşaryň döredijiligi munuň aýdyň mysalydyr.

Her birimiziň borjumyz

Taryhy we ylmy maglumatlara nazar aýlanymyzda, adamzat tarapyndan oduň hojalykdadyr önümçilikde giňden peýdalanylmagy jemgyýetiň ösmegine hem-de ylmyň kämilleşmegine, durmuşda öňegidişlikleriň gazanylmagyna giň ýol açandygyna göz ýetirýäris. Ýöne oduň gözegçiliksiz galdyrylan ýa-da oňa eýeçilik gözi bilen çemeleşilmedik halatlarynda, adamyň janyna, daşky gurşawa, döwlet, hususy we jemgyýetçilik emläklerine düýpli zeper ýetmegine getirýändigini hem unutmaly däldiris. Bagtyýarlyk döwrümiziň abadan binalarynyň ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek her birimiziň borjumyzdygy öz-özünden düşnüklidir. Çünki bu häzirki zaman ülňülerine laýyk gelýän ýaşaýyş, önümçilik we beýleki maksatly binalardyr desgalar hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda, döwletimiziň halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen, ägirt uly býujet we maýa goýum serişdeleriniň miwesidir.

Hurma

Gadym wagtlardan bäri subtropik miweli agaçlaryň biri hasaplanylýan hurma agajynyň miwesi käbir ýurtlarda iýmitlenişde-de uly ähmiýete eýedir. Hurma agajy tropiki, käbir görnüşleri bolsa subtropik sebitlerinde duş gelýär. Hurmalaryň iň gadymy we belli görnüşi Kawkaz hurmasydyr. Bu görnüşli hurma agajyny ýurdumyzda ösdürip ýetişdirmek has amatly. Häzirki döwürde ähli welaýatda ösdürilip ýetişdirilýän hurma agaçlarynyň miwesi giç bişip ýetişýändigine garamazdan, ir hasyla durýar we bol hasyl getirýär. Hurma maý aýynyň başynda gülleýär, güýzde-de hasyl berýär.

Täze gaz gysyjy desganyň açylyş dabarasy

15-nji ýanwarda Lebap welaýatyna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Çärjew etrabynyň «Malaý» gaz känindäki täze gaz gysyjy desganyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu waka Türkmenistanyň energetika strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýolunda ýene-de bir möhüm ädim boldy. 14-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de OYR-niň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň gatnaşmagynda Akina — Andhoý demir ýolunyň, Kerki (Türkmenistan) — Şibirgan (Owganystan) elektrik geçiriji ulgamyň hem-de Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň dabaraly ýagdaýda ulanmaga berilmegi munuň aýdyň beýanydyr.

Beýik işlere çuňňur alkyşlar

14-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen Akina — Andhoý menzilleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýoluň ulanmaga berilmegi, Kerki — Şibirgan ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamyň, şeýle hem Ymamnazar — Akina hem-de Serhetabat — Turgundy optiki-süýümli halkara ulgamyň işe girizilmegi mynasybetli dabaralar boldy. Gysga möhletde amala aşyrylan bu üç taslama Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň uzak möhletleýin ösüşine kuwwatly itergi berip, türkmen we owgan halklarynyň gülläp ösmegine we abadan durmuşda ýaşamagyna ýardam eder. Häzirki wagtda goňşy döwletiň parahatçylykly ösüşine goldaw bermek maksady bilen Türkmenistan tarapyndan Owganystan Yslam Respublikasyna 2020 — 2022-nji ýyllarda ynsanperwerlik kömegini bermek boýunça Maksatnamanyň hem işjeň durmuşa geçirilýändigini bellemek gerek. Sebitde ulag-logistika, energetika we kommunikasiýa düzümleriniň kämilleşmegine hem-de giň halkara hyzmatdaşlyga, özara düşünişmäge, syýasy we durmuş taýdan durnukly ösüşe ýardam etjek taslamalaryň işe girizilmegi «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň oňyn halkara başlangyçlarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň özboluşly nyşanyna öwrüldi. Biz hem dostlukly halklary has-da ýakynlaşdyran taslamalaryň ulanmaga berilmeginiň şaýady bolan ild

Ynanyşmak ýoly bilen

Dünýä giňişliginde mynasyp orny eýeläp, BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän Türkmenistan Watanymyzyň parahatçylyk dörediji syýasaty uly üstünliklere beslenýär. 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary bilen dabaralandyrylmagy saýlap alan milli ösüş ýolumyzyň döredijilikli dowam etdirilýändiginiň aýdyň görkezijisine öwrüldi. Bu gün Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda mähriban Watanymyz dünýä giňişliginde halkara jemgyýetçiligi tarapyndan oňyn Bitaraplygyň, parahatçylygyň, abadançylygyň, jemgyýetde özara ynanyşmagyň we agzybirligiň dabaralanýan mekany hökmünde tanalýar. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2021-nji ýyl BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Türkmenistanyň oňyn başlangyçlarynyň halkara kararnamalar derejesinde öz beýanyny tapmagy adamzat ösüşiniň möhüm şerti bolan parahatçylygyň, hoşniýetli gatnaşyklaryň has-da giňden dabaralanmagyna goşýan mynasyp goşandydygyny şöhlelendirýär. Parahatçylyk we durnukly ösüş, halkara ynanyşmak ýagdaýynda döwletiň öz ykdysady ösüşini üpjün etmek mümkinçiliginiň ýokary bolýandygyny bu günki gün Türkmenistanyň tejribesi bütin dünýä äşgär edýär. Halkara hyzmatdaşlygyň düýbünden täze nusgasyny kemala getirmek bilen, XXI asyrda häzirki zaman dünýäsiniň möhüm meselelerine täzeçe çemeleşmek ýörelgesini ugur edinen ýurdum

Parahatçylygy döretmegiň türkmen nusgasy

Garaşsyz Türkmenistanyň at-abraýy dünýä ýaň salýar. Ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasynyň nusgasy halkymyzyň özboluşlylygyna, onuň gadymdan gelýän parasatly däplerine laýyk gelýär. Eziz Watanymyz Aziýanyň we Ýewropanyň möhüm çatrygynda ýerleşmek bilen, bütin dünýä dostluk goluny uzadýan döwlet parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek ugrunda dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen sazlaşykly gatnaşyklary ýola goýmakda, halkara hyzmatdaşlygyň täze, netijeli gurallaryny kemala getirmekde gymmatly tejribäni toplady. Geçilen ýola ser salanyňda, Garaşsyzlygyň ýurdumyz üçin içeri we daşary syýasatda, ykdysady we söwda hyzmatdaşlygynda, beýleki döwletler bilen medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ýola goýmakda örän oňaýly mümkinçilikleri döredendigine göz ýetirmek bolýar.

Talyp türgenimiziň üstünligi

Ýakynda Halkara agyr atletika federasiýasyndan gelip gowşan hoş habar mynasybetli Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň we Jemgyýetçilik guramalarynyň guramagynda «Talyp türgenlerimiziň ýeňişleri — Arkadagly Watanymyzyň buýsanjy» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzda ýaşlara okamaga, zähmet çekmäge, şol sanda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp, öz ukyp-başarnyklaryny görkezmäge uly mümkinçilikler döredilýär. Dabaranyň dowamynda çykyş edenler ýaşlygyna garamazdan, özüni ussat agyr atletikaçy hökmünde ykrar etdirmegi başaran Ýulduz Jumabaýewanyň türkmen sportuny ösdürmäge goşýan şahsy goşantlary barada gürrüň etdiler. Biz dabaranyň dowamynda dünýä çempiony diýen hormatly ada mynasyp bolan ussat türgen Ýulduz Jumabaýewa bilen gürrüňdeş bolduk. Şonda ol:

Dost-doganlyk hyzmatdaşlygy dabaralanýar

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli we parasatly baştutanlygynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlar beýik işlere beslenip, halklaryň, ýurtlaryň ykbalyna täsir edýän ösüş-özgertmeler bilen dabaralanýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günlerinde — 14-nji ýanwarda Türkmenabatda Akina — Andhoý menzilleriniň arasynda 30 kilometrlik demir ýoluň ulanylmaga berilmegi, Kerki — Şibirgan ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamyň, şeýle hem ýurtlarymyzyň arasyndaky Ymamnazar — Akina hem-de Serhetabat — Turgundy optiki-süýümli halkara ulgamlarynyň işe girizilmegi mynasybetli dabaralar boldy. Mähriban Arkadagymyz: «Bu üç taslama gysga möhletlerde amala aşyryldy. Olar umumy maksada — biziň ýurtlarymyzyň uzakmöhletleýin ösüşine kuwwatly itergi bermäge we bu ösüşi üpjün etmäge niýetlenendir. Türkmen we owgan halklarynyň gülläp ösmegine we abadançylygyna gönükdirilendir. Giň halkara hyzmatdaşlygyna, özara düşünişmäge, syýasy we durmuş taýdan durnukly ösüşe ýardam etmäge niýetlenendir» diýip belleýär.

Bagtyýar günleriň bagtly ýaşlary

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesle uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynda ýaş nesil babatdaky aladanyň möhüm orun eýeleýändigi bizi ýokary ruhubelentlikde döwrebap ylym-bilim almaga borçlandyrýar. Ýurdumyzyň ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy wezipesi adamyň we jemgyýetiň ösmegine ýardam etmekden, onuň intellektual hem-de zähmet mümkinçiliklerini kemala getirmekden, ýaşlara döwrebap bilim bermekden ybaratdyr. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günlerinde Arkadag Prezidentimiz «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» tassyklamak hakynda Karara gol çekdi. Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýaşlar barada döwlet derejesinde maksatnamanyň kabul edilmegi we ony üstünlikli durmuşa geçirmek üçin Diýarymyzyň ähli ulgamlary bilen agzybirlikde işleriň alnyp barylmagy hem bizi — ýaşlary guwandyrýar.

Dillerde dessandyr Watanyň waspy

Bütin halkymyzyň, ýurdumyzyň her bir raýatynyň, her bir maşgalanyň abadançylygy, bagtyýarlygy barada ählitaraplaýyn edilýän aladalar, gurlup ulanylmaga berilýän durmuş maksatly binalar hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda, döwletimizde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň ajaýyp miweleridir. Ýurdumyzyň ähli künjeginde döreýän täze obalar, şäherçeler halkymyzyň bagtyýar durmuşyny, döredijilikli zähmet çekmegini, asuda ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň döredijilikli syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň beýanydyr. Şol syýasatyň esasy many-mazmuny «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarda jemlenýär.

Gapymyz sygyrly, ýüregimiz şygyrly bolsun!

Ýaşaýan ýerimiz Garagumuň jümmüşindäki kiçijik obady. Ondaky bakylýan mal-a goýun-geçi, sagylýan malam düýedi. Şonuň üçinem, Berdinazar aganyň «Gumlular» atly kitabyny eý görüp, ondaky bolup geçýän wakalary obamyza hem degişli saýardym. Has dogrusyny aýtsam, kitaby ýanymdan aýyrmazdym. Ýazyjynyň goşgularyndaky tarypyny edýän gyrkylyk yzly çägeleri hut biziň obamyzda-da bardy. Men hem edil ýazyjymyz ýaly «Bu çägeleri bir ýere üýşürseň uly dagy hem döredip bolardy. Çägeden dag! Ol diýseň üýtgeşik «dag» bolar!..» diýip, süýji arzuwlary ederdim. «Suw ýaly akyp duran ürgün çägelikde edýän arzuwlarym amala aşýar» diýip düşünerdim. Olary: Ýetiberensoň ýugrumy, Çagam deý söýýän şygrymy, Oýkaplar ýere bagrymy ýatdygym, guba çägeler! —

«Ylham» seýilgähi — ylham eçilýär

Agşamara gyzym bilen paýtagtymyzyň ajaýyp we çeper keşpde bina edilen «Ylham» seýilgähine gezelenje çykypdyk. Howanyň ýakymlylygy, töwerek-daşyň gözellikleri täsin sazlaşygy emele getirip, ruhuňy galkyndyrýardy. Çaganyň bilesigelijiliginiň artyp berýän sowallarynyň we gyzyklanmalarynyň has ýiti duýulýan döwri hasaplanýan çagyna ýaňy aýak basan bäş ýaşlaryndaky gyzym bu ajaýyp seýilgähe bir göz aýlady-da, ep-esli oýlanyp durdy. Esli ädim ädensoň, bilesigelijilik bilen:

Ysmanagyň saglyga peýdasy

Ýurdumyzda ösýän dermanlyk ösümlikler bedende witaminleriň, minerallaryň ýetmezçiliginiň öwezini dolmaga ýardam edýär. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik işi bu ugurda möhüm çeşmedir. Ýurdumyzda dermanlyk ösümlikleriň iň köp duş gelýän görnüşleriniň biri hem ysmanakdyr. Ol bir ýyllyk otjumak ösümlikdir. Onuň ýabany we bakja görnüşi bar. Ýabany ysmanak ýaz paslynda tebigy ýagdaýda gögerýär. Bakja görnüşi ýörite ekilýär. Ondan dürli görnüşli milli tagamlar we işdäaçarlar taýýarlanylýar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi

14-nji ýanwarda Lebap welaýatyna iş sapary bilen gelen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Ruhyýet» köşgünde Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy, döwlet durmuşynyň käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli Liderimiz mejlisi açyp, şu gün türkmen-owgan dost-doganlyk nyşany hökmünde amala aşyrylan iri üç sany taslamanyň — Akina — Andhoý beketleriniň arasyndaky demir ýol böleginiň, Kerki — Şibirgan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň hem-de Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk we üstaşyr ulgamlaryň gurluşygynyň tamamlanmagy mynasybetli dabaralaryň geçirilýändigini aýtdy.