Ata-babalaryň wesýeti — merdanalyk mekdebi

20 Ýanwar 2021
1670

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň giň halkara hyzmatdaşlyk, ynanyşmak we dostluk ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasaty üstünliklere beslenýär.

Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi guwandyryjydyr, çünki taryhy taýdan gysga möhletiň içinde Garaşsyz döwletimiz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolup, dünýäniň köp döwletleri, abraýly iri halkara guramalary bilen parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna dostlukly hyzmatdaşlygyň köprüsini guran döwlet hökmünde özüni tanatdy. Türkmenistanyň teklibi bilen, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýen Kararnamanyň kabul edilmegi ýurdumyzyň parahatçylyksöýüjilikli syýasatynyň dabaralanýandygynyň ýene-de bir aýdyň mysalydyr.

Aýgözel NURLYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň uly ylmy işgäri.