"Watan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-16, 38-61-17, 38-61-07
Email: watan@sanly.tm

Habarlar

Möhüm ugurlara garaldy

13-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Ahal we Daşoguz welaýatlarynyň häkimleriniň hem-de ýurdumyzyň bilim ministriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen baglanyşykly wezipelere hem-de döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere garaldy. Mejlisde Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow we Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow öz gözegçilik edýän sebitlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ak ekinlere agrotehniki kadalara laýyk derejede ideg edilişi, şol bir wagtyň özünde ýerleri we oba hojalyk tehnikalaryny ýaz ekişine taýýarlamak boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler, şeýle hem milli Liderimiziň Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada giňişleýin hasabat berdiler.

Dost-doganlyk hyzmatdaşlygynyň şanly sahypasy

14-nji ýanwarda Türkmenabatda Akina — Andhoý (Owganystan Yslam Respublikasy) menzilleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýoluň ulanmaga berilmegi, Kerki (Türkmenistan) — Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamyň, şeýle hem ýurtlarymyzyň arasyndaky Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan) hem-de Serhetabat (Türkmenistan) — Turgundy (Owganystan) optiki-süýümli halkara ulgamyň işe girizilmegi mynasybetli dabaralar boldy. Dabaralara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani gatnaşdylar.

Garaşsyzlyk — baky bagtyň gözbaşy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda agzybir halkymyz 2021-nji ýyly ýokary ruhubelentlige besläp garşy almagyň hem-de «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip atlandyrylan şanly ýylymyza belent maksatlar, nesiller aşyp gelen ynsanperwer ýörelgeler, hoşniýetli ak arzuwlar, bedew batly okgunly ösüşler bilen gadam basmagyň badalgasy bagtyýar halkymyz tarapyndan gyzgyn garşylandy. Bu taryhy waka mynasybetli 2021-nji ýylyň 11-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýurdumyzyň medeniýet toplumynyň ýolbaşçylarynyň, hünärmenleriniň we döredijilik, medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda dabaraly hoşallyk maslahaty geçirildi. Maslahatyň barşynda Arkadag Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýlip yglan edilmegi, dünýä jemgyýetçiligine halkara parahatçylyk we ynanyşmak paýhasyny eçilen, döwrümize şöhraty-şany, halkymyza baky bagtyýarlygy peşgeş beren, milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň has-da ösdürilmegi ugrundaky çäksiz goldaw-hemaýatlary edýän milli Liderimize alkyşlar aýdyldy. Tutuş adamzat nesliniň bagtyýar durmuşynyň bähbidine beýik tagallalary bagyş edýän hormatly Prezidentimiz 2020-nji ýylyň 23-nji dekabrynda wideoaragatnaşyk arkaly ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny ösdürmäge, habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmäge bagyş

Döwrebap ösüşe tarap

Gahryman Arkadagymyzyň tassyklan «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» hem-de «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy belleniler. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyz ähli ugurlarda iňňän uly ösüşleri gazandy.

Unaşyň dermanlyk häsiýeti

Unaş, bedenden bölünip çykýan der arkaly, kesel dörediji bölejikleri, alyş-çalyş hadysasy netijesinde emele gelen, beden üçin zerur bolmadyk galyndylary ep-esli derejede daşary çykarýan, ganaýlanyşygy çaltlandyrýan, damarlary giňeldýän tagamdyr. Unaşyň irki döwürlerden sökelliklerde dermanlyk hökmünde ulanylandygy mälimdir. Unaşyň düzümine girýän önümleriň ähmiýeti barada hormatly Prezidentimiziň «Bereketli türkmen saçagy» atly ajaýyp kitabynda: «Elde taýýarlanan unaş hem berhiz naharlara degişlidir. Ony sowuklamada we dümewlemede iýýärler. Işdäniň ýok wagty gyzylburç goşulan unaş iýilýär. Bu nahar hem derlediji serişde hasaplanýar» diýlip bellenilýär.

Ilçi kabul edildi

12-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçeni kabul etdi. Ilçi döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, ynanç hatyny gowşurdy hem-de pursatdan peýdalanyp, HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň mähirli salamyny hem-de Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy esasynda, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen täze — 2021-nji ýyl baradaky iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Buýsanja beslenen dabara

11-nji ýanwarda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygarynyň hormatyna dabaraly maslahat geçirildi. Dabara hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, medeniýet ulgamynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynyň we A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň artistleriniň bilelikdäki «Parahatçylygy we ynanyşmagy dünýä ýaýan Gahryman Arkadag!» atly edebi-sazly çykyşy bu dabaranyň özboluşly başlangyjyna öwrülip, tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylandy. Bu kompozisiýa halkymyzyň Gahryman Arkadagymyzyň adyna bolan çuňňur söýgüsiniň we beýik hormatynyň aýdyň beýany bolup ýaňlandy.

Milli Liderimiziň amala aşyrýan «Açyk gapylar» syýasatynyň ugry bilen

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk 12-nji ýanwarda Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) wekilleri bilen geçirilen wideoduşuşygyň gün tertibine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek we onuň geljegi bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Duşuşyga Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri, ÝTÖB-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy gatnaşdylar.

Özgerişler ýörelgesi

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň giňden belleniljek ýyly bolan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda halkymyz mähriban Arkadagymyzyň daşyna jebisleşip, geçen ýyllaryň dowamynda gazanylan belent netijeleri has-da ösdürmekde yhlasly işlemegini dowam etdirýär. Geçen «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda mukaddes Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýy dabaraly bellenilip geçildi. Şeýle hem bolçulygyň we zähmet ýeňişleriniň görkezijisi bolan Hasyl toýy uludan tutuldy. Şeýle bol hasyly ýetişdirmekde berýän ýardamlary, döredip berýän şertleri, aýratyn-da, halal zähmetiň rehnedini görüp ýaşalýan parahat, asuda durmuş üçin mähriban Arkadagymyzyň adyna aýdylan hoşallyk sözleri bu toýa uly zähmet ýeňişleri bilen gelen babadaýhanlarymyzyň diliniň senasy boldy.

Ulag-logistika düzüminiň gazananlary

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda, döwletimizde sebit we yklymüsti ulag ulgamyny döretmek boýunça taslamalaryň amala aşyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. Şol bir wagtda, ýurdumyzyň ulag-logistiki mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, häzirki zaman awtomobil we demir ýol köprülerini, ulag-logistiki babatda wajyp desgalary gurmak boýunça taslamalar, maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz ýurduň ykdysady we durmuş taýdan ösüşiniň möhüm şerti hökmünde ulag infrastrukturasynyň gazananlaryna uly üns berýär. Şeýle hem döwletimizde demir ýol, awtomobil, howa we suw ulag ýollarynyň çekilmegi amatly we howpsuz halkara geçelgeleriniň döredilmegini, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyny üpjün edýär.

Kalplardan çykýan arzuwlar

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda, taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylan, tamamlanan «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly uly üstünliklere, şanly senelere beslendi. Tamamlanan ýylda mähriban Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy esasynda amala aşyrylan içeri we daşary syýasatda gazanylan ýeňişleri, ýurdumyzda eýe bolnan şanly ösüşleri, beýik üstünlikleri, ýetilen belent sepgitleri ýurdumyzyň ähli pudaklarynda, ugurlarynda görmek bolýar. Beýik maksatlaryň amala aşyrylýan zamanasynda islendik ulgamda zähmet çekýän, okaýan, döredijilikli işleýän ildeşlerimiziň kalplary buýsançdan doly: Gülşat DAŇATAROWA,Balkan welaýatynyň Serdar şäherindäki 3-nji orta mekdebiň mugallymy:

Ylahy ylhamyň nurly mähri dünýäni çoýýar

Ylham Ylahy bolan ýagdaýynda misli belent-belent daglaryň göwsünden joşup çykan bol hem tereň suwly çeşme mysaly. Her kimiň ondan ruhy teşneligini gandyrasy, bedenini kuwwatlandyrasy, has-da manyly, joşgunly, ruhubelent, gözel ýaşamaga bolan höwesini artdyrasy, kalbynda niçeme ýyllardyr jogapsyz galan sowallaryň birin-birin çözgüdini tapasy gelýär. Ylahy ylhamyň ynsan kalbyna edýän oňaýly täsiri onuň gündelik hereketlerinde kemal tapýar. Ynsanperwerlik diýen mukaddes kelam onuň kalbynda ömürlik orun tutýar. Ylahy ylhamyň nurly hem-de yssy mährinden ruhy teşneligini gandyran ynsan kämillige tarap ýene bir ädim gadam basýar. Akyldarlaryň biri kitaby akylly ynsanlaryň döreden bagy-bossanyna deňäpdir. Ol bagyň şirin miwesinden bir dadan adam hemişe şol bagyň arzuwynda gezýär. Ol miwe şirin kelama öwrülip, halklardan halklara, kalplardan kalplara ýol salyp gidip otyr. Ol kelam bolsa göwünleriň isleginden, nesilleriň arzuwyndan gana-gana suw içip, ullakan bir daragta öwrülýär. Ol daragtyň pür-pudagy bolsa dünýä halklarynyň ýaşaýan menzil — mekanyna sary uzap gidip otyr. «Ýürekden çykan söz ýürege ýeter» diýilmeýärmi eýsem?! Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Kimde-kim alymlaryň sözüni diňläp, olara hormat edýän bolsa, ol adamyň ýoly açyk bolýar, oňa köp haýyrly işler miýesser edýär» diýip, heniz ýaş wagtlarymyzda ýaşulularyň gürrüň berýändigini

Döwrüň beýik nusgasydyr bu binalar, bu binalar

Sähel wagtyň dowamynda täze bir şäheriň döremegi akylyňy haýrana goýýan hakykat! Bu hakykatyň durmuş ýüzünde dabaralanmasynyň aňyrsynda neneňsi aladadyr zähmetiň ýatandygy dogrusynda oýlanan pursadyňda, dogrudan-da, dünýäňi haýran galmak duýgusy gurşap alýar. Bu babatda, bu taslamada — Aşgabat şäherini ösdürmegiň nobatdaky 16-njy tapgyrynda gije diýmän, gündiz diýmän zähmet çekilendigini görmek bolýar. Şonuň ýaly-da, ol ýurdumyzyň ykdysady taýdan kuwwatlydygyndan we özümizde-de täze ösen tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenleriň, gurluşykçylaryň kemala gelendiginden habar berýär. Eliňdäki eliň aýasy ýaly dolandyryş enjamyny basýaň welin, ol seniň özüňe derek ähli zadyňy edip berip dur. Onsoň, muňa nädip haýran galmajak?! Ýadyňyza salyp görüň! «Gapyny ýapdymmykam, yşyklary öçürdimmikäm, telewizor öçürildimikä?..» diýen ýaly pikirler bilen uzakly günümizi aladaly ýagdaýda geçirmeli bolýan wagtymyz az bolmaýardy. Has gowy ýeri, öýdäki ähli enjamlaryň sanly ulgama birikdirilendigi şol aladalaryň ählisini aradan aýyrýar. Şeýle öýleriň birinde bolanymyzda öý eýesiniň şeýle enjamyň üsti bilen diňe penjiräniň perdelerini açyp-ýapyp görkezmeginiň özem ähli zady aýyl-saýyl etdi. Şeýdip ähli amatlyklary bolan öýüň içindäki tehnikalary sanly ulgamyň hyzmatyndan peýdalanyp ulanmagyň wagtyňy tygşytlamaga hem uly ýardam berjekdigi görnüp dur. Bu zatlaryň ählisi ýüregiňde buýsanç duýgusyny

Täsin sowgat

Eýsem-de, asuda, parahat ýurtda agzybir maşgalaň bilen rahatja öýüňde naz-nygmatdan bol saçakly Täze ýyly garşy almakdan uly bagt barmyka?! Täze ýylyň ilkinji günlerinde «ikinji öýüň» hasaplanýan iş ýeriňe gelip, dogan saýýan kärdeşleriň bilen Täze ýyl gutlagyny aýdyşmagyňam aýratyn lezzeti bar. Elbetde, her ýylyň başynda bolşy ýaly, bu ýyl hem ýolbaşçymyz işgärleriň arasynda maslahat geçirip, täze başlanan ýylda ýerine ýetirilmeli işleriň sanawyny berdi. Şeýdibem, täze ýylyň süýji hysyrdylary başlandy. Kimsi öz ýerine ýetirmeli işiniň täze maksatnamasyny düzýär, kimsi döwrebap teklipleri paýlaşýar. Garaz, täze ýylyň ilkinji iş güni-dä!.. Menem iş otagymdaky kompýuteriň başyna geçenimden, el telefonyma jaň geldi. Jaň edýän kärdeşim Esendi.

Täze ýeňişlere täze gadamlar

Hormatly Prezidentimiziň Täze ýyl Gutlagyndan ruhlanan türkmen halkymyz uly şatlyk, dabara bilen ýene bir ajaýyp ýyly — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny garşy aldy. Mähriban türkmen halkymyz bu ýyl mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny uly buýsanç we söýgi bilen täze-täze zähmet ýeňişlerine beslär. Biz geçen, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip atlandyrylan 2020-nji ýylda örän guwandyryjy taryhy wakalaryň, ösüşleriň şaýady bolduk. Geçen ýyl baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk toýuny toýladyk. Ýurdumyzda halkara derejesinde birnäçe maslahatlar geçirildi, sergiler guraldy. Halk hojalygynyň dürli pudaklaryndaky görkezijiler hem guwandyryjy boldy. Ykdysadyýetimize sanly ulgamy ornaşdyrmakda hem köp işler edildi. Oba hojalygy, senagat we beýleki pudaklar uly ösüşlere eýe boldy. Aziýanyň merjeni hasaplanýan gözel Aşgabadymyzda ajaýyp binalar, başy asman bilen sepleşýän gat-gat ýaşaýyş jaýlary guruldy. Ýurdumyzyň ykdysadyýeti bilen deň derejede ösýän milli medeniýetimiz we sungatymyz bu gün dünýä doldy.

Örtük dakyn, hem özüňi, hem töweregiňdäkileri gora!

Gyşda ýüze çykyp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen, pasla görä gün tertibini dogry alyp barmak, howanyň derejesine laýyklykda geýinmek zerur bolup durýar. Lukmanlaryň bellemegine görä, ýokanç keselleriň ýokuşmagynyň howatozan ýoly hem bar. Howadaky tozan bölejikleriniň mukdarynyň kadadan artmagy, şeýlede howanyň sowamagy adam bedenine täsirini ýetirýär. Tozanly we sowuk howanyň täsiri bilen käbir adamyň elleriniň deri örtüginde gyzarma, awuşama ýaly allergik ýagdaýlar we deri örtüginiň sowuklamasy ýüze çykýar. Häzirki döwürde howadaky tozan bölejikleriniň kadadan artmagy hemde howanyň derejesiniň peselmegi netijesinde, adamlaryň ýokary dem alyş beden agzalarynyň nemli bardasynda hem edil şol görnüşdäki üýtgeşmeler ýüze çykyp bilýär. Netijede, adaty ýiti respirator keseliň has agyr geçmegine getirýär. Dürli gaýraüzülmelere sebäp bolýar. Şonuň üçin hem her birimiziň agyzburun örtüklerini doly we dogry dakynmagymyz zerurdyr. Örtügi dogry ulanyň, nädogry ulanylanda, dem alyş ýollaryna howadaky tozan bölejikleri düşýär! Agyzburun örtügi ýokanja garşy netijeli böwetdir.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

8-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen täze, 2021-nji ýylda sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň ilkinji mejlisini geçirdi. Oňa Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleri hem gatnaşdy. Mejlisde döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Pudaklary ösdürmegiň netijeleri, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmegiň meýilnamalary, şeýle hem şanly senäniň — döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy we şu ýylyň şygary mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilen çäreleriň maksatnamalary üns merkezinde boldy.

Hoşniýetli hyzmatdaşlygyň hatyrasyna sebit gatnaşyklary

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mähriban Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary, bimöçber aladalary, oýlanyşykly başlangyçlary bilen, ýurdumyzyň abraýy has-da belende galar. Türkmenistan daşary syýasatyň esasy ugurlary bolan ulag-aragatnaşykda, medeni-ynsanperwer ugurda, saglygy goraýyş ulgamynda, ekologiýada uly üstünlikleri gazanýar. Gahryman Arkadagymyzyň dünýäniň abraýly guramalarynyň derejesinde öňe süren başlangyçlary dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Häzirki wagtda Türkmenistan sebitde ylalaşdyryjy merkez bolmak bilen, dünýäde howpsuzlygy we parahatçylygy üpjün etmek meselesine aýratyn üns berip, bar bolan howplara we wehimlere garşy netijeli göreşmegiň ýollaryny işläp düzmäge goňşy döwletleriň hem-de halkara bileleşiginiň giňden gatnaşmagy ugrunda yzygiderli çykyş edýär. Ýurdumyz parahatçylygy we howpsuzlygy goldamagyň, täze wehimlere hem-de howplara garşy göreşmegiň wezipelerini durmuşa geçirmekde öňüni alyş diplomatiýasyna uly ähmiýet berýär. 2007-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Aşgabat şäherinde BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi açyldy. Türkmenistan sebit meseleleriniň dürli jähetlerine bu düzümiň has işjeň çekilmegine ýykgyn edýär, şeýle hem halkara terrorçylygy, adam söwdasy, neşe serişdeleriniň we ýaraglaryň bikanun dolanyşygy ýaly derwaýys meseleleriň çözgüdini tapmaga

Garaşsyzlyk mukamy

Eziz halkymyz hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçen ýyly durmuşyň ähli ulgamlarynda ýokary netijeler bilen tamamlap, 2021-nji ýyl — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyna ýokary ruhubelentlikde gadam basdy. Şeýle hem bütin adamzat üçin düýpli synaga öwrülen 2020-nji ýylda döwletimiz ählumumy howplara garşy durmakda uly tejribe toplap, dünýäniň beýleki ýurtlaryna görelde bolmagyň nusgasyny görkezdi. Türkmenistan gyzyklanma bildirýän ähli döwletler bilen netijeli gatnaşyklaryny täze görnüşde — göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen gepleşikler, duşuşyklar we beýleki çäreler arkaly dowam etdi. Munuň özi ýurdumyzyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn, şeýle hem BMG-niň we beýleki abraýly halkara düzümleriniň çäklerinde ýola goýulýan gatnaşyklary has-da ösdürýändigini äşgär edýär.

Möhüm pudakdaky belent sepgitler

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde senagat pudagyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalary we döwrebap enjamlary bilen enjamlaşdyrylan senagat kärhanalarynyň kuwwatyny artdyrmak, öndürilýän senagat we gurluşyk önümleriniň görnüşlerini köpeltmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň 2020-nji ýylyň 30-njy dekabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde belleýşi ýaly, ýurdumyzda häzirki döwürde umumy şertnama bahasy 37 milliard amerikan dollaryndan hem köp bolan önümçilik we durmuş maksatly iki ýarym müňe golaý desganyň gurluşygy alnyp barylýar. Bu gurluşyklar durmuşa geçirilýän taslamalaryň örän giň gerimlidigi bilen tapawutlanýar. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde ajaýyp binalar gurulýar, iri ýaşaýyş toplumlary döredilýär. Müňlerçe kilometre uzaýan tizlikli awtomobildir polat ýollary gurlup, halkara ähmiýetli ulag üpjünçilik ulgamlary emele getirilýär. Gurulýan şol desgalarydyr ýollary gurluşyk önümleri bilen üpjün etmek möhüm wezipeleriň hatarynda durýar.