"Watan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-16, 38-61-17, 38-61-07
Email: watan@sanly.tm

Habarlar

Ak mermerden gurulýan bagt şäheri aşgabat

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günleri şowly ädimler bilen başlanyp, tutuş ýylyň dowamynda uly üstünlikleriň gazanyljakdygyndan habar berýär. Munuň şeýledigini Gahryman Arkadagymyzyň Lebap welaýatyna bolan iş saparynyň üstünlikli tamamlanyp, ýurdumyza hem halkymyza, galyberse-de, goňşy döwletlere bähbitli işlere badalga berilmegi tassyklaýar. Golaýda bolsa ýurt Baştutanymyz paýtagtymyz boýunça iş saparlaryny amala aşyryp, baş şäherimizde gurulýan binalardyr desgalarda gurluşyk işleriniň barşy bilen ýakyndan tanyşdy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň giňden belleniljek ýylynda ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň hatarynda durýan gurluşyklara baryp, gözel paýtagtymyzyň binagärligi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirjek täze binadyr desgalaryň döwrüň ösen isleglerine kybap gelmegi ugrunda alnyp barylýan işleri ýakyndan synlady hem-de baha berdi. Häzirki wagtda ýurdumyzyň sebitleri bilen bir hatarda gözel Aşgabatda hem şähergurluşyk maksatnamasynyň çäklerinde giň möçberli özgertmeler ýaýbaňlandyrylyp, üstünlikli alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen gurulýan binalaryň her biri derwaýyslygy, göze gelüwliligi, milli özboluşlylygymyza kybap gelýänligi bilen tapawutlanyp, paýtagtymyzdaky bar bolan binalar bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirýär. Ak mermere beslenen ak şäherimiziň haýsy künjegine barsaň, göz

Lukmanyň maslahaty

Dürli ýokançlardan we zyýanly tozan bölejikleriniň ýetirýän täsirinden goranmak üçin: — agyz-burun örtüklerini dakynmak;

Bäsleşik geçirildi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda, ähli ulgamlary döwrebaplaşdyrmak, kämilleşdirmek babatda başlangyçlar esasynda ýurdumyzda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda halypa-şägirtlik ýoly, dost-doganlyk gatnaşyklary, däp-dessurlarymyzyň milli özboluşlylygy hakynda ýatlamalar, taryhy gürrüňler, rowaýatlar, durmuş wakalary çeper beýan edilipdir.

Aşgabadyň gözel keşbi — okgunly ösüşleriň nyşany

26-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, köpugurly işewürlik merkezli kaşaň «Garagum» myhmanhanasynyň we onuň golaýynda ýerleşen seýilgähiň hem-de Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz ilki bilen paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde, A.Nyýazow we Hoja Ahmet Ýasawy köçeleriniň ugrunda gurulýan desgalaryň gurluşyk meýdançasyna gelip, bu ýerde seýilgähiň hem-de ýerasty geçelgeleriň gurluşyk işleriniň barşyny synlady. Döwlet Baştutanymyz Söwda-dynç alyş merkeziniň, seýilgähiň we «Garagum» myhmanhanasynyň bir toplumda ýerleşmeginiň uly ähmiýetiniň bardygyny, täze, döwrebap seýilgähiň uly ýaşly adamlaryň we çagalaryň dynç almagynyň hem-de gezelenç etmeginiň iň söýgüli ýerine öwrüljekdigini belledi.

Durmuş düzümleri döwrebaplaşýar

25-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz paýtagtymyz, onuň töweregi boýunça iş saparyny amala aşyryp, birnäçe möhüm desgalaryň gurluşygy we onuň durmuş düzüminiň toplumlaýyn esasda döwrebaplaşdyrylmagy boýunça taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz halkymyzyň milli buýsanjy hasaplanylýan alabaý itleri we olary ösdürip ýetişdirmegiň dünýä nusgalyk ýörelgeleriniň döwrebap derejede dowam etdirilişi bilen gyzyklandy. Şol gün irden hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň gözel ýerleriniň biri bolan Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekleriň birine geldi. Ol ýerde döwlet Baştutanymyz milli itşynaslyk düzümini ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

Milli Liderimiziň amala aşyrýan “Açyk gapylar” syýasatynyň ugry bilen

AŞGABAT, 26-njy ýanwar (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen-belarus geňeşmeleri geçirildi. Oňa Belarus Respublikasynyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Wladimir Makeý gatnaşdy. Wideomaslahat görnüşinde geçirilen duşuşygyň gün tertibine syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp meseleleri girizildi. Şunda däbe öwrülen dostlukly döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmakda ýokary derejedäki özara gatnaşyklaryň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Parahatçylygyň we asudalygyň binýady

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda ýurdumyzyň şanly Garaşsyzlygyna 30 ýyl dolýar. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan döwletimiz özara düşünişmek, hoşniýetli goňşuçylyk, beýleki ýurtlaryň içerki işlerine goşulmazlyk ýaly ata-babalarymyzdan miras galan asylly ýörelgeleri halkara giňişliginde dabaralandyrmak arkaly sebitde we dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy wagyz edýär. Garaşsyz döwletimiz öz garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny goramak maksady bilen 1992-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini döretdi. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 1-nji maddasynda: «Döwlet Türkmenistanyň garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny goraýar, kanunylygy we hukuk tertibini üpjün edýär» diýlip berkidilendir. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Harby doktrinasy parahatçylyk söýüji daşary syýasaty ýöredýän Türkmenistanyň harby howpsuzlygyny we çäkleriniň bitewüligini üpjün etmegiň harby-syýasy, harby-ykdysady we harby-strategik esaslaryny kesgitleýän ýörelgeleriň, maksatlaryň we wezipeleriň döwlet derejesinde resmi taýdan kabul edilen ulgamy bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan oýlanyşykly döwlet syýasatynyň döwrüň ýüze çykarýan köp meselelerini parahatçylykly, ylalaşykly ýol bilen çözmäge gönükdirilýändigi diňe bir bi

Täze mümkinçilikler açylýar

Baky Bitarap Watanymyz «Açyk gapylar» syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen dünýäniň ençeme ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýdy. Iri halkara maliýe edaralary hem-de uly tejribä, dürli ulgamlarda öňdebaryjy tehnologiýalara eýe bolan iri daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek arkaly halkara söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin täze mümkinçiliklere eýe boldy. Türkmenistan döwletimize Bütindünýä söwda guramasynda synçy derejesiniň berilmegi ýurdumyzyň halkara abraýynyň artýandygynyň we hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylan maksatnamalaýyn işleriň oňyn netijeleriniň aýdyň subutnamasydyr. Halkara söwdany ýönekeýleşdirmek we bu ulgamda agza döwletleriň gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek maksady bilen, 1995-nji ýylda döredilen Bütindünýä söwda guramasy (BSG) täze söwda ylalaşyklarynyň işlenip taýýarlanylmagyna hem-de ornaşdyrylmagyna jogap berýär. Şeýle hem bu gurama dünýäniň köp ýurtlary tarapyndan gol çekilen we olaryň parlamentleri tarapyndan tassyklanylan şertnamalaryň bu guramanyň agzalary tarapyndan berjaý edilişine gözegçilik edýär.

Möhüm ugurlaryň biri

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, mähriban Arkadagymyzyň baştutanlygynda, amala aşyrylýan şanly wakalar ýurdumyzyň at-abraýyny belentliklere çykarýar. Beýik işleriň, beýik maksatnamalaryň durmuşa geçirilýän ajaýyp döwrümizde ýurdumyzyň ähli pudagyna uly üns berilýär. Şeýle-de döwletimiziň geljegi hasaplanylýan bilimli, ahlakly ýaş nesilleri kemala getirmek barada alada döwletimiziň möhüm ugurlarynyň biri bolup, milli ruhda terbiýeli, berk bedenli, belent ruhly, edepli-ekramly, bilimli ýaş nesli kemala getirmek onuň esasy wezipesidir.

Garaşsyzlyk — buýsanjymyz, bagtymyz

2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagy mähriban halkymyzyň eziz Diýarymyza bolan buýsanjyna buýsanç goşdy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy belleniljek ýylda ýurdumyz döretmegiň we gurmagyň ýoly bilen öňe gidip, bedew batly ösüşleriň has-da belent sepgitlerine eýe bolar. Özygtyýarlylyk, erkinlik, asudalyk, parahatçylyk ýaly jümleleriň ählisi hem «Garaşsyzlyk» diýen nurana sözden gözbaş alýar. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygy hem hut şol ýörelgelerden binýat bolandyr. Ata Watanymyzyň Garaşsyzlygyna merdana ata-babalarymyzyň abadan, parahat durmuşda ýaşamak baradaky arzuw-islegleri siňendir. Arzuwlar belent maksatlara öwrülende beýik işler amala aşýar hem-de dünýäni haýrana goýýar.

Maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Daşoguz şäher komitetiniň hem-de welaýat kitaphanasynyň guramaklarynda «Parahatçylyk we ynanyşmak ýoly — durnukly ösüş ýoly» diýen at bilen tegelek stoluň başynda maslahat geçirildi. Maslahata TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň, Daşoguz welaýat saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynyň, «Ene mähri» merkeziniň işgärleri we Daşoguzyň B. Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymlary gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler Gahryman Arkadagly Watanymyzyň içeri we daşary syýasatda alyp barýan ynsanperwer ýörelgeleri, ýurdumyzda ähli ugurlarda gazanylýan ösüşleriň belent sepgitleri barada buýsanç bilen gürrüň berdiler. Şeýle hem mähriban Prezidentimiziň tagallasy bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan 2021-nji ýylda ýerine ýetirilmeli anyk işler, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny mynasyp garşylamak barada birin-birin durup geçdiler.

Üns be­riň, bäs­le­şik!

Türk­me­nis­tan döw­le­ti­mi­ziň mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­nyň şan­ly 30 ýyl­ly­gy­ny has-da da­ba­ra­lan­dyr­mak, ata Wa­ta­ny­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň mun­dan beý­läk-de ro­waç­lan­ma­gy­na, ber­ke­me­gi­ne, ýur­du­my­zyň äh­li ugur­lar­da ösüş­le­riň be­lent sep­git­le­ri­ne ýet­me­gi­ne ön­jeý­li go­şant goş­mak, eziz Di­ýa­ry­my­zyň şan-şöh­ra­ty­ny has-da art­dyr­mak, mu­kad­des top­ra­gy­my­za hem-de gö­zel te­bi­ga­ty­my­za gu­wan­mak, hal­ky­my­zyň me­de­ni mi­ra­sy­ny, ru­hy-ah­lak ýö­rel­ge­le­ri­ni gi­ňiş­le­ýin wa­gyz-ne­si­hat et­mek, ýur­du­my­zyň Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da hal­ka­ra de­re­je­sin­de ga­za­nan be­lent ab­raý-mer­te­be­si­niň kök­le­ri­ni açyp gör­kez­mek, äh­mi­ýe­ti­ni, ma­ny-maz­mu­ny­ny halk köp­çü­li­gi­ne ýe­tir­mek, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­tu­tan­ly­gyn­da ga­za­ny­lan ta­ry­hy öz­gert­me­le­ri wasp et­mek we dün­ýä ýaý­mak, şeý­le-de 2021-nji — «Türk­me­nis­tan — pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Wa­ta­ny» ýy­ly­ny da­ba­ra­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len Türk­me­nis­ta­nyň De­mok­ra­tik par­ti­ýa­sy­nyň Sy­ýa­sy Ge­ňe­şi­niň hem-de «Wa­tan» ga­ze­ti­niň re­dak­si­ýa­sy­nyň bi­le­lik­dä­ki mej­li­si­niň ka­ra­ry bi­len oky­jy­la­ryň ara­syn­da «Pa­ra­hat­lyk — ýü­rek baý­da­gy, Türk­me­nis­tan — pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Wa­ta­ny» diýen ugur boýunça ma­ka­la­la­ryň, oçerk­le­ri

Fotosuratçylaryň bäsleşigi

Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer baş ýörelgesi esasynda Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe bagtyýar ýaşaýan, gurýan, döredýän türkmen halkymyz 2021-nji — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny uly dabaralara besleýär. Berkarar türkmen döwleti geçen otuz ýylyň içinde asyrlara barabar ösüşleri gazanyp, ýurdumyzyň ähli ugurlarynda dünýäni haýrana goýýan üstünlikleriň belent sepgitlerine eýe boldy we tutanýerli, halal zähmet bilen ösen döwletleriň hataryna goşulyp bilendigini dünýä äşgär etdi. 2021-nji ýylyň «Tükmenistan — parahatçylygyň we yanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagy we mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň fotosuratçylaryny Watanymyzda bolup geçýän özgerişleri, türkmen ykdysadyýetiniň, syýasatynyň, medeniýetiniň, sungatynyň ösüşlerini teswirleýän, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny döredijilikli çeper beýan edýän ýokary hilli surat eserlerini döretmäge höweslendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň hem-de «Watan» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikdäki mejlisiniň karary bilen fotosuratçylaryň arasynda «Garaşsyz Türkmenistan fotosuratlarda» ugur boýunça fotosuratlaryň bäsleşigi yglan edildi.

Zeminiň dostluk damary

«Garaşsyzlyk gadyry» çeper-publisistik toplumdan Bu ýazgylaryň kagyza geçmegine 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» adynyň ýüreklere has ýakyndygy hakdaky duýgular sebäp boldy. Ine, şol duýgy-pikirler okalan, ýatda galan zatlary sere sepläp goýberdi.

Watan, seniň gudratyňa döneýin!

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen gözel ada eýe bolan ýylymyzda elmydama uly harplar bilen ýazyp, gursagymyzda göterýän Watan sözüniň bolmagy dünýämizde iň bir ýakymly duýgulary oýardy. Şu sözlerem şeýle buýsançly duýgularyň esasynda beýan tapdy. Hormatly Prezidentimiz: «...Adamyň ömürboýy gazanan baýlygy — tälim-terbiýesi, akyl-paýhasy, ukyp-başarnygy, hünäri onuň Watan gymmatlygy babatdaky garaýyşlarynda ýüze çykýar...» diýip belleýär. Munda çuň many bar. Çünki haýsydyr bir adam bilen söhbetdeş bolýarkaň, onuň Watan bilen baglanyşykly aýdyp berýän gürrüňleri hoş ýakýar. Hut şol gürrüňlerden hem onuň Watanyna nähili sarpa goýýandygyny, ony nädip ezizleýändigini duýmak bolýar. Ol döredijilik babatda-da şeýle. Watan hakynda ýazýarkaň, ähli ukyp-başarnygyň ýüze çykyp, zehiniň açylyp, ol iň bir ýürekden ýazylan eserleriň biri bolup çykýar.

Mil­li gym­mat­lyk­la­ry­my­za sar­pa

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­tutanly­gyn­da «Türk­me­nis­tan — pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Wa­ta­ny» diý­lip yg­lan edi­len bu ýyl­da mu­zeý işi­niň bar­ha ro­waç­lan­ma­gy­na we kä­mil­leş­me­gi­ne tä­ze ba­dal­ga be­ril­di. Hal­ky­my­zyň baý ta­ry­hy­ny, me­de­ni mi­ra­sy­ny di­kelt­mek, aýaw­ly sak­la­mak, ne­sil­le­re ýe­tir­mek we şol gym­mat­lyk­la­ryň üs­ti bi­len Wa­ta­na, hormatly Prezidentimize hal­ka söý­gi dö­ret­mek bo­ýun­ça ýur­du­my­zyň mu­zeý­le­ri uly iş­le­ri alyp bar­ýar­lar. Bu ugur­da Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let me­de­ni­ýet mer­ke­zi­niň Döw­let mu­ze­ýi 2021-nji — «Türk­me­nis­tan — pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Wa­ta­ny» ýy­lyn­da hem bir­nä­çe iş­le­ri ama­la aşyr­ma­gy mak­sat edin­ýär.

Buýan — melhem ösümlik

Gahryman Arkadagymyz geçen ýylyň 25-nji dekabrynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde buýan köküniň dermanlyk häsiýetleri hakynda giňden durup geçmek bilen, özüniň bu işlere saglygy goraýyş ministri bolup işleýärkä başlandygyny belledi. «Şol döwürde biz buýan köküni gaýtadan işleýän zawody gurduk, oňa ýer hem berdik. Bu kärhana süýji buýany ösdürip ýetişdirýärdi. Halk dermançylygy esasynda, häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, şondan bejeriş-öňüni alyş serişdesini taýýarlaýan önümçiligi hem döretdik. II arasynda «süýji buýan» ady bilen belli bolan bu dermanlyk ösümligiň ýurdumyzda 4 görnüşi, dünýäde bolsa 15 görnüşi duş gelýär» diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Gahryman Arkadagymyz mundan başga-da, buýanyň ýurdumyzyň derman senagatynda dünýä halklarynyň we watandaşlarymyzyň saglygyny goramakda hem-de birnäçe derman önümlerini taýýarlamakda iň gymmatly baýlyklarymyzyň biridigini hem-de bu ugurda uly işleriň durmuşa geçirilmelidigini nygtady. Buýanyň köki himiýa senagatynda hem Lukmançylykda iç kesellerine, üsgülewige, böwrek, ýokarky dem alyş ýollarynyň we onkibarmak içege kesellerini bejermekde hem-de keselleriň öňüni almakda hem giňden peýdalanylýar.

Möhüm ugurlarda oňyn çözgütler

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda her bir günümiz täze üstünliklere, belent sepgitlere beslenýär. Döwletimiz tarapyndan ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine, halkymyzyň bagtyýar durmuşyna gönükdirilen möhüm taslamalar yzygiderli durmuşa geçirilýär. Milli Liderimiziň 22-nji ýanwarda geçiren sanly wideoaragatnaşyk arkaly Hökümet mejlisinde döwlet durmuşynyň möhüm ugurlaryna degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşylyp, olar boýunça oňyn çözgütler kabul edildi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen saglygy goraýyş ulgamyndaky gatnaşyklar, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, ýurdumyzyň gurluşyk meýdançalaryndaky işleriň ýagdaýy, durmuş-ykdysady özgertmeleriň hukuk binýadyny kämilleşdirmek, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görmek, döredijilik bäsleşiklerini, şol sanda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň hormatyna halkara çäreleri guramak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýaşasyn Türkmenistan — Azerbaýjan dostlugy!

Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň halklaryny umumy taryhy hem-de köpasyrlyk doganlyk gatnaşyklary birleşdirýär. Häzirki wagtda Türkmenistan we Azerbaýjan iki Garaşsyz döwlet hökmünde üstünlikli ösýär. Türkmen-azerbaýjan gatnaşyklary täze tapgyra çykdy hem-de syýasy ulgamda we ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Türkmenistan hem, Azerbaýjan hem ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durnuklylygy we rowaçlygy üpjün etmek boýunça halkara bileleşiginiň tagallalaryna saldamly goşant goşýar. Şu maksat bilen biziň ýurtlarymyz BMG, ÝHHG, YHG ýaly abraýly halkara guramalaryň we beýlekileriň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edip, birek-birege kömek berýärler. Häzirki wagtda iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlyk täze derejä çykyp, syýasy, ykdysady, energetika we maýa goýum ulgamlarynda özara gatnaşyklar üstünlikli ösdürilýär. Ikitaraplaýyn esasda hem-de halkara we sebit derejesinde biziň döwletlerimiz gatnaşyklaryň oňyn mysalyny görkezýärler. Medeni-ynsanperwer ulgam ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Munuň özi türkmen hem-de azerbaýjan halklaryny birleşdirýän taryhyň, medeni däpleriň we ruhy gymmatlyklaryň umumylygy bilen şertlendirilendir. Häzirki döwürde sport ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek üçin hem giň mümkinçilikler açylýar.

Kanunçylyk özgertmeleri dabaralanýar

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler eziz Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge we türkmen jemgyýetiniň demokratik hem-de hukuk esaslaryny pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Häzirki döwürde döwletimiziň kanun çykaryjylyk ulgamy hem düýpli özgerişlere eýe bolup, kanunçykaryjylyk işinde we umumymilli hukuk ulgamynda täze usullar ornaşdyrylýar. Türkmenistanyň kanunlary milli aýratynlyklary, dünýä tejribesini hem-de häzirki zamanyň talaplary nazara alnyp, ylmy esasda kämilleşdirilýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kadalaryna laýyklykda, kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak we kabul etmek milli parlamentiň öňünde durýan möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Türkmenistanyň Mejlisi özüniň esasy wezipesini ýurdumyzyň mundan beýläk-de öňe gitmegini üpjün edýän durmuş-ykdysady özgertmeleri milli kanunçylykda berkitmekde, syýasy, ykdysady we hukuk ulgamlaryň ösüş ugurlaryny Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de dünýä tejribesine laýyk getirmekde görýär we kanunçykaryjylyk işini şol talaplardan ugur alyp kesgitleýär. Hormatly Prezidentimiz 2020-nji ýylyň 11-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň VI çagyrylyşynyň deputatlary bilen geçiren taryhy duşuşygynda deputatlaryň öňünde anyk wezipeleri goýdy. Şunuň bilen baglylykda, şol ýylyň 24-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň VI çagyrylyşynyň nobatdaky on ikinji