"Watan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-16, 38-61-17, 38-61-07
Email: watan@sanly.tm

Habarlar

«Halkbank»: döwrebap özgertmeleriň miwesi

Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda bank hyzmatlary barha döwrebaplaşýar. Ýurdumyzyň banklarynyň işiniň tapgyrlaýyn sanly ulgama geçirilmegi müşderiler üçin hem giň mümkinçilikleri döredýär. Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky hem döwrebap bank hyzmatlary bilen gazanylýan üstünliklere özüniň saldamly goşandyny goşup gelýär. 2020-nji ýyl bankymyz üçin taryhy ähmiýetli ýyl boldy. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» we «Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek we ýurdumyzyň gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň «Halkbank» döwlet täjirçilik bankynyň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgedip, ony açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bolan Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankyna öwürmek baradaky Karara gol çekdi.

Daşky gurşaw bilen bagly wezipeler

XX asyryň ikinji ýarymyndan başlap bütin dünýäde daşky gurşaw bilen baglanyşykly meseleleriň ýitileşmegi milli hem-de halkara derejesindäki çözgütleri talap edip, bu meseleleriň çözülmeginde döwletleriň tagallalaryny birleşdirmek zerurlygyny ýüze çykardy. Geçen on ýyllyklaryň dowamynda geçirilen ylmy barlaglaryň netijeleri biziň häzirki we geljek nesillerimiziň ilatyň çendenaşa köpelmegi, ekişe ýaramly ekin meýdanlaryň ýagdaýynyň ýaramazlaşmagy, arassa agyz suwunyň we azyk önümleriniň ýetmezçiligi, tebigy baýlyklaryň aşa köp ulanylmagy, howanyň ählumumy üýtgemegi we beýleki meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolup biljekdigini görkezdi. 1972-nji ýylyň 5-nji iýunynda Şwesiýanyň paýtagty Stokgolmda taryhda ilkinji gezek daşky gurşawyň meselelerine bagyşlanan ählumumy maslahat geçirildi. Bu maslahat daşky gurşawyň meselelerine dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekdi we olaryň oňyn çözülmeginiň diňe ysnyşykly halkara hyzmatdaşlygy arkaly mümkin boljakdygyny subut etdi. Daşky gurşaw boýunça birinji ählumumy maslahatda döwletler daşky gurşaw bilen baglanyşykly meseleleriň ählumumy meselelerdigi babatda ylalaşdylar. Şunlukda, 1972-nji ýyldan başlap ekologiýa diplomatiýasy diýen düşünje peýda boldy. Häzir ekologiýa meseleleri milli we halkara jemgyýetçiliginiň gün tertibiniň iň esasy meseleleriniň birine öwrüldi. BMG-niň daşky gurşaw boýunça ählumumy maslahaty ekologiýa diplomatiýasynyň kemala ge

Ýokary hilli lukmançylyk serişdeleri

Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen gurlup, ulanylmaga berlen «Türkmendermansenagat» birleşiginiň Daşoguz welaýatynda ýerleşýän Zyýansyzlandyrylan sargy serişdelerini öndürýän kärhanasynda zyýansyzlandyrylan, ýokary hilli sargy önümleriniň dürli görnüşleri öndürilýär. Kärhananyň öndürýän önümleri ýurdumyzyň saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda giňden peýdalanylýar. Biz öndürilýän önümleriň ähmiýeti, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli öňde durýan möhüm wezipeler barada kärhananyň käbir hünärmenleri bilen söhbetdeş bolanymyzda, olar şeýle gürrüň berdiler. Guwançmyrat HALMEREDOW, kärhananyň gipsleýji bölüminiň başlygy:

Sanly ykdysadyýet — döwrüň talaby

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda Türkmenistan döwletimizde ykdysadyýetiň sanly ulgamyny ösdürmäge gönükdirilen möhüm maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Sanly ykdysadyýetiň döwrebap kämilleşdirilmegi, ylmyň iň täze gazananlaryna daýanýan sanly tehnologiýalaryň ulanylmagy bilen ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň hili we elýeterliligi ýokarlanýar. Daşary ýurtly alymlaryň bellemegine görä, sanly ykdysadyýetde bazarlaryň netijeli ösmegi ýokary tehnologiýalaryň bolmagy bilen esaslandyrylýar. Şunda ilki bilen sanly ykdysadyýeti ösdürmekde amatly gurşawy döretmek üçin guramalaryň üýtgedilmegi we döwrebaplaşdyrylmagy (sanly bazarlaryň we sanly önümçiligiň hukuk taýdan kadalaşdyrylmagy, sanly ulgamda degişli ukyp-başarnyklara eýe bolan hünärmenleriň taýýarlanmagy we beýlekiler) hem-de degişli tehniki infrastrukturanyň döredilmegi (maglumat geçiriji ulgamlar, maglumat işleýji merkezler, programma hyzmatlary we beýlekiler) zerur bolup durýar.

Parahatçylygyň mekany

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň baýram ediljek «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygynyň bellenilmeginiň meýilleşdirilmegi ähmiýetli wakadyr. Aşgabat şäher derejesini eýe bolan gününden bäri Türkmenistanyň syýasy, ykdysady we medeni merkezine öwrüldi. Ol häzirki döwürde Türkmenistanyň paýtagty bolmak bilen, sebitiň ylalaşdyryjy merkezine öwrülip, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk ýol-ýörelgesini durmuşa geçirýän döwrebap syýasy, ykdysady we medeni merkezleriň biridir.

Wagyz-nesihat dabaralary

Wagyz-nesihat çäresi Ahal welaýat Polisiýa müdirliginiň, Ak bugdaý etrap häkimliginiň, Ak bugdaý etrap Bilim bölüminiň we Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ak bugdaý etrap komitetiniň bilelikde guramagynda gyş paslynyň sowuk howasy bilen bagly döräp biläýjek keselleriň öňüni almak, zyýansyzlandyryş serişdelerini ulanmak, arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmek barada degişli maslahatlary yzygiderli wagyz-nesihat etmek üçin çäreler geçirilýär.

Rysgal-bereketli ajaýyp Diýar

Ýurdumyzda mähriban Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda 2020-nji «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly ýokary zähmet üstünliklerine, taryhy wakalara baý ýyllaryň biri boldy. Ýurdumyzyň ähli pudaklarynda ýokary zähmet üstünlikleri gazanyldy. Hormatly Prezidentimiziň parasatly, oýlanyşykly içeri we daşary syýasaty netijesinde, häzirki döwürde dünýäde dowam edýän çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli ugurlary boýunça gowy netijeler gazanyldy. Gahryman Arkadagymyz adam hakynda aladany ilkinji nobatda goýmak bilen, halkymyzyň hal-ýagdaýyny, ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokary götermekde yzygiderli alada edýär. Şeýle-de raýatlarymyzyň durmuş goraglylygyny üpjün etmek maksady bilen, her ýylyň 1-nji ýanwaryndan aýlyk zähmet haklary, talyp haklary, kömek pullary 10 göterim ýokarlandyrylýar. Halkyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň we beýleki harytlaryň üpjünçiligi hemişe gözegçilikde saklanylýar.

Tebigaty goramak hemmeleriň borjudyr

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe tebigaty goramak, gözelleşdirmek milli Liderimiziň döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň ekologiýa syýasaty ýurdumyzyň daşky gurşawyny, ösümlik dünýäsini gorap saklamak ýaly ugurlara gönükdirilendir. Ýurdumyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň bitewüligini, durnuklylygyny we ýokary öndürijiligini gorap saklamak, olary netijeli peýdalanmak möhüm wezipeleriň hatarynda durýar. Bu ugurda ýurdumyzyň ösümlik dünýäsiniň bir bölegi bolan dag tokaýlarynyň daşky gurşawyň ýagdaýyny gowulaşdyrmakda we durnuklaşdyrmakda ähmiýeti barha artýar.

Gündogaryň meşhur alymy

Hormatly Prezidentimiz gadymy we baý taryhymyzy, medeniýetimizi çuňňur öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredýär. Paýtagtymyzdaky “Ylham» seýilgähinde halkymyzyň taryhy, medeni durmuşynda öçmejek yz galdyran şahsyýetleriň ýadygärlikleriniň ýerleşdirilmegi hem muňa mysaldyr. Olaryň hatarynda geçmiş taryhymyzda mähriban Watanynyň we halkynyň öňünde uly hyzmatlary bitiren meşhur şahsyýetler bar. Şolaryň biri hem orta asyrlarda ýaşap geçen Burhaneddin Ahmetdir. Ol diňe bir türkmen halkynyň taryhynda, edebiýatynda däl, eýsem, beýleki halklaryň taryhynda, medeniýetinde öçmejek yz galdyran şahsyýetleriň biridir. Şeýle şahsyýetlerimiziň durmuş ýoly we döredijiligi bize gymmatly miras bolup durýar. Bar bolan maglumatlara görä, Burhaneddin Ahmediň asly oguzlaryň salyr boýundan bolupdyr. Onuň nebereleri XIII asyryň başlarynda mongol ýörişleri döwründe Horezmden Anadolydaky Kastamonynyň töwereklerine ýerleşipdirler. Şol asyryň ortalarynda bolsa Kastamonydan Kaýsara göçüpdirler.

Miweleriň peýdasy

Miweleri iýmek saglyga oňyn täsirini ýetirýär. Olaryň ter görnüşi bilen birlikde kakadylan kak, kişde, kişmiş görnüşleri hem saglyga örän peýdalydyr. Üzüm kişmişiniň düzüminde kaliý örän köpdür. Ol ýürek-damar ulgamyny pugtalandyrýar. Häzirki zaman barlaglarynyň netijesinde, kişmişiň nerw öýjüklerini ýadawlykdan goraýandygy anyklanyldy.

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutyna okuwa çagyrýarys!

1. 2021 — 2022-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynda okamaga isleg bildirýän orta bilimli, çagyryş boýunça harby gullugy geçen, harby gulluga meýletin girmäge isleg bildirýän, ýaşy 24-den geçmedik ýa-da Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň ýöriteleşdirilen harby mekdeplerini tamamlan, ýaşy 25-den geçmedik erkek raýatlaryň giriş synaglarynyň netijeleri boýunça okuwa kabul edilýändigini habar berýäris. 2. Dalaşgärleriň ýaş derejeleri 2021-nji ýylyň 1-nji sentýabryna çenli hasaplanylýar.

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebine okuwa çagyrýarys!

1. 2021 — 2022-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebinde okamaga isleg bildirýän, 2021-nji ýylda Türkmenistanyň orta mekdepleriniň 12 ýyllyk okuw maksatnamasy boýunça 8-nji synpy tamamlan ýylynda 14-15 ýaşyny doldurýan, sagdyn pikirli, beden taýdan sagdyn ýetginjek erkek raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça okuwa kabul edýändigimizi habar berýäris. 2. Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebine okamaga isleg bildiren dalaşgärlerden Türkmenistanyň orta mekdepleriniň 12 ýyllyk okuw maksatnamasynyň 8-nji synpyna çenli okuw maksatnamasynyň çäginde matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy dersleri boýunça test ýumuşlaryny ýerine ýetirmek hem-de türkmen dili dersi boýunça diktant kabul edilýär. Giriş synaglary türkmen dilinde geçirilýär.

Möhüm ugurlarda derwaýys maksatlar

7-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow käbir Hökümet agzalarynyň, medeniýet ulgamynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, pudaklaýyn düzümleriniň ýolbaşçylarynyň, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda medeniýet ulgamyny ösdürmek we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy hem-de öňde durýan wezipeler kesgitlenildi. Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny açyp, ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň möhüm ugry we durnukly durmuş-ykdysady ösüşiniň netijeli guraly bolan medeniýet ulgamyna möhüm ornuň degişlidigini belledi.

Söwda ulgamyndaky netijeler

5-nji fewralda hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda geçen ýyl ýurdumyzyň söwda toplumyny ösdürmek ugrunda alnyp barlan işleriň netijelerine garaldy. Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary G.Müşşikowyň we E.Orazgeldiýewiň hem çagyrylandygyny aýtdy. E.Orazgeldiýewiň gözegçilik edýän oba hojalyk toplumy Ç.Gylyjowyň gözegçilik edýän söwda toplumynyň işi bilen ýakyndan baglanyşyklydyr.

Ulag-aragatnaşyk toplumyndaky wezipeler

6-njy fewralda hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, şeýle hem ugurdaş ýokary okuw mekdepleriň rektorlarynyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň hem-de ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk toplumyna degişli düzümleriň ýolbaşçylarynyň öz gözegçilik edýän ugurlarynda geçen ýylyň dowamynda alnyp barlan işleriň jemleri hem-de şu ýyl üçin meýilnamalar barada hasabatlary diňlenildi.

Bitaraplyk — baky bagtymyz

Arkadag Prezidentimiziň her bir eserinde döwrüň beýik ruhy galkynyşy örboýuna galýar. Baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygynyň öňüsyrasynda ýyl bilen adybir «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly täze kitabyny giň okyjylar köpçüligine peşgeş berdi. Täze kitapda döwrüň aýratynlygy, milletiň pähim-paýhas hazynasy, ruhy gaýduwsyzlygy çeper beýanyny tapýar. Bilşimiz ýaly, döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy umumadamzadyň geljegi hakyndaky wezipeleriň maksadalaýyk çözgütleriniň üpjün edilmeginde möhüm orna eýedir. Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan ynsanperwerlik, parahatçylyksöýüjilik, ynsan mertebesini dabaralandyrmak ýaly ajaýyp häsiýetleri bilen taryha şan beren milletimiziň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründäki gazananlary, hemişelik Bitaraplygymyzyň milli kökleri, taryhy ähmiýeti, döwletimiziň bu halkara-hukuk derejesiniň häzirki zamanyň derwaýys meseleleriniň netijeli çözülmegindäki mynasyp orny düýpli teswirlenilýär hem-de dünýäniň ählumumy wezipelerini amala aşyrmagyň mümkinçilikleri içgin seljerilýär.

Ýurdum — mertebäm

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy syýasy, ykdysady hem-de medeni taýdan ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini barha ýokarlandyrmak babatda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Esasan-da, ylym-bilim ulgamyny ösdürmek, sowatly hem-de bilimli ýaşlary kemala getirmek babatda belent sepgitlere ýetilýär. Ajaýyp üstünliklere hem-de ösüşlere beslenen Diýarymyz hormatly Prezidentimiziň rowaç alýan beýik işleriniň esasynda gül açýar. Halkymyz şatlykly günleri başdan geçirýär. Türkmeniň mertebesini arşa göteren paýtagtymyz Aşgabatda we welaýatlarymyzda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günlerinde gurlan ak mermerli binalar, goňşy Owganystanda durmuş şertlerini gowulandyrmak üçin Akina — Andhoý demir ýolunyň, Kerki — Şibirgan elektrik geçiriji ulgamynyň, Ymamnazar — Akina hem-de Serhetabat — Turgundy optiki-süýümli halkara ulgamynyň işe girizilmegi beýik ösüşlerimiziň görkezijisidir.

Gender deňligi: demokratik ösüşiň hukuk binýady

Jemgyýetiň demokratiýa ýoly bilen has-da ilerlemegi birnäçe görkezijiler bilen ölçelýär. Zenanlar we erkekler üçin deň hukuklaryň we mümkinçilikleriň üpjün edilmegi şolaryň biridir. Zenanlaryň hukuklarynyň goraglylygy, deňhukuklylygy, her bir maşgalanyň abadançylygy, sagdyn nesilleriň dowamaty hem-de jemgyýet üçin sagdyn ruhly, berk bedenli, kämil şahsyýetleriň kemala gelmegi nukdaýnazaryndan wajyp şertleriň biridir. Ýurdumyz Garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllaryndan başlap zenanlaryň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda alnyp barylýan işlere deňhukukly gatnaşmagyna ýardam berýän işjeň gender syýasatyny alyp barýar.

Bedew batly öňe barýar Garaşsyz Türkmenistan

Garaşsyz hem baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz Garaşsyzlygyny gazanan ilkinji gününden özüniň parahatçylyksöýüjilikli, ynsanperwer syýasaty bilen halkara derejesinde belent abraý-mertebä eýe boldy. Gahryman Arkadagymyzyň parasatlylyk bilen alyp barýan içeri we daşary syýasaty halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna we umumadamzat ähmiýetli meseleleriň oňyn çözülmegine gönükdirilendir. Mähriban Prezidentimiziň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «2021-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hakyndaky Kararnamanyň kabul edilmegi hem Türkmenistanyň abraý-mertebesiniň belent derejededigini tassyklaýar. Bu barada Gahryman Arkadagymyz «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly eserinde: «Türkmen halky Garaşsyzlyk ýyllarynda özüniň asyl häsiýetlerini hem-de parahatçylygy hemmeleriň deň tagalla etmegi bilen saklap bolýandygyna bolan berk ynamyny täzeden dikeltdi» diýip belleýär. Taryhyň ähli döwürlerinde halkymyz dünýä halklary bilen dostlukly gatnaşyklara uly hormat goýupdyr. Milli Liderimiziň baştutanlygynda bu günki gün Beýik Ýüpek ýoly täzeden dikeldilýär we dost-doganlyk ýollary dünýä uzaýar. Bu barada Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eseriniň birinji kitabynda: «Görnüşi ýaly, taryhyň ähli döwürlerinde Beýik Ýüpek ýolunyň şahalary, ak ýollary, b

Nurly geljegiň röwşen taglymaty

Gahryman Arkadagymyzyň peşgeş beren eşretli zamanasynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli giň gerimli halkara dabaralaryna beslenen 2021-nji — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, ösüp gelýän ýaş nesillerimiz döwlet tarapyndan üns-aladalar, hemaýat-goldawlar bilen gurşalýar. Ýaşlarymyzyň okamagy, döretmegi, halal zähmet çekip, eziz Watanymyza hyzmat etmegi üçin ähli zerur mümkinçilikler döredilýär. Şonuň üçinem, eziz Watanymyz şadyýan çagalygyň, bagtyýar ýaşlygyň mekanyna öwrüldi. Munuň özi, ilkinji nobatda, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň bagtyýar halkymyza eçilýän miweleridir. Bitaraplyk biziň parahatçylygymyzyň, asudalygymyzyň, bagtyýarlygymyzyň özenini özünde jemleýär.