"Watan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-16, 38-61-17, 38-61-07
Email: watan@sanly.tm

Habarlar

Ylma höwesli ýaşlar

Daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklardan aýawly peýdalanmak we ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda durup, diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, bütin dünýäde iňňän derwaýys meseleleriň biridir. Bu ugurda amala aşyrylýan işleriň hatarynda her ýyl ýurdumyzda millionlarça düýp agaç nahallarynyň oturdylyp, ýaşyl zolaklaryň döredilmegini, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini öwrenmek we durmuşa ornaşdyrmak boýunça taslamalaryň taýýarlanylmagyny aýratyn bellemek gerek. Ýurdumyzda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň mümkinçiliklerini düýpli öwrenmek, ylmy-tehniki barlaglary döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek, ylmyň, bilimiň we önümçiligiň arabaglanyşygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň Karary esasynda Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Gün energiýasy instituty Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň garamagyna berildi. Bu Karardan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkezi döredildi. Häzirki wagtda bu ylmy-önümçilik merkezinde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, olary önümçilige ornaşdyrmak boýunça ylmy-barlag işler alnyp barylýar.

Ýüregimiz buýsançdan doly

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda, döwletimizde ynsan mertebesi belentde tutulýar. Muny döwlet Baştutanymyzyň öňe sürýän «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň esasynda amala aşyrylýan işleriň beýanynda görmek bolýar. 2021-nji ýylyň ilkinji günlerinden başlap, halkymyz şatlykly habarlaryň birnäçesiniň şaýady boldy. 12-nji fewralda Gahryman Arkadagymyzyň geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde geçen 2020-nji — «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda hem-de şu ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriniň netijelerine seredildi. Onda halkymyzyň bähbidine gönükdirilen birnäçe oňyn başlangyçlara, degişli Kararlaryň taslamalaryna seredildi.

Wagyz-nesihat çäreleri

Sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip Şu günler Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Babadaýhan etrap komitetiniň iş meýilnamasy esasynda etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de saglygy goraýyş edaralarynyň işgärlerinden ybarat bolan wagyz-nesihat topary etrabyň edara-kärhanalarynda yzygiderli wagyz-nesihat duşuşyklaryny geçirýärler.

Garagumda doglanlar...

Mähriban Arkadagymyzyň geçen ýylda baharyň ilkinji günlerinde, ýagny guşlaryň saýrap başlap, ösümlikleriň gülleýän döwründe Garagum sährasynda bolup, onda ösýän ýüzlerçe görnüşli ösümlikdir otlardan we olaryň peýdaly taraplaryndan söz açmagy, olar barada gyzykly maglumatlary bermegi ýüregimizde ýakymly täsir bolup galdy. Ol ajaýyp görnüş şu güne çenli hyýalyňda bereketli Garagum sährasyna syýahat etmäge mümkinçilik berýär. Ösümlikler dünýäsine baý Garagum bolsa gözelliklere-de diýseň baý. «Garagumda doglanlar sähra ýaly giň bolýar» diýen söze okan çeper eserlerimde kän duşupdym. Onuň bir ujunyň özüme-de degişli bolaýmalydygy hakynda, dogrusy, oýlanmandyrynam. Dogrudan-da, şeýlemikä?! Bu sowalyma jogap tapmadyk wagtym, öz-özümden uýalyp gidýärin. Öz-özüme nesihat berip, «Eger şeýle dälem bolsa, Hydyr gören Garagumuň hatyrasyna sähranyň özi ýaly giň bolmaga çalyşmaly!» diýýärin. Sebäbi biziň başymyzy Garagumuň mahmal şemallary sypady. Garagumuň üstünden düşýän Gün şöhlesi çoýdy. Şonuň ýaly-da, Garagumuň giň ýaýlalarynda agyp-dönüp ýören goýun-guzularyň, düýeleriň sesini eşidip ulaldyk. Aňňat-aňňat gum depeleriniň üstüni, ak çägäni jana derman saýdyk...

Ösüşleriň aýdyň ýolunda

12-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda Hökümetiň 2020-nji ýylda hem-de şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Şeýle hem wise-premýerleriň, birnäçe ministrleriň, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi, şu ýyl üçin ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol gün döwlet Baştutanymyz ir bilen «Oguz han» köşkler toplumyndan Ruhyýet köşgüne tarap ugrady. Bu ýerde geçirilen mejlise milli parlamentiň ýolbaşçylary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň, etraplaryň we paýtagtymyzyň häkimleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary we beýleki ýolbaşçylar çagyryldy.

Döwrüň talaby

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ylym-bilim ulgamynyň binýadyny berkitmek hem-de döwrebaplaşdyrmak işleri bilen bir hatarda, ýaşlaryň daşary ýurt dillerini öwrenmäge bolan höwesini ýokarlandyrmak ugrunda tagallalar durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň orta we ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesinde daşary ýurt dilleriniň ýöriteleşdirilip öwredilmegi muňa aýdyň mysaldyr. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň dürli künjeklerinde okuw, ylym we bilim maksatly edaralaryň gurlup ulanylmaga berilmegi ýaş nesliň ylym-bilim öwrenmäge bolan isleglerini döwrebap mümkinçilikler esasynda düýpli ösdürmäge şert döredýär. Olaryň iň häzirki zaman tehnologiýa enjamlary bilen üpjün edilmegi ýaş öwrenijileriň kompýuter sowatlylygynyň, daşary ýurt dillerinde erkin gürlemek endikleriniň kämilleşmegine ýardam edýär.

Depämiz gök diredi

Geçen anna güni hormatly Prezidentimiz tarapyndan geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi biziň etrabymyzyň adamlary hem-de halkymyz üçin ýatdan çykmajak şanly wakalara beslendi. 2020-nji ýylyň jemine bagyşlanan bu mejlisde Gahryman Arkadagymyz ençeme taryhy resminamalara gol çekdi. Olaryň arasynda hormatly Prezidentimiziň Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabyny welaýatlaryň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň arasynda durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanyp, Türkmenistan boýunça ýeňiji bolan etrap diýip yglan etmek we etrap häkimligini 1 million amerikan dollary bilen sylaglamak hakynda Karar hem bar. Etrabymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe şanly ösüşleri başdan geçirýär. Etrabymyz diňe bir oba hojalyk pudagynda öňdebaryjy etraplaryň biri bolman, beýleki ulgamlarda hem uly ösüşleriň ýoluna düşdi. Onuň aýdyň mysalyny soňky birnäçe ýylyň dowamynda S.A.Nyýazow adyndaky etrabynda gurlan ykdysady, durmuş we medeni gurluşyklaryň mysalynda hem aýdyň görmek bolýar. Gurlan döwrebap ýyladyşhanalarda ýetişdirilýän gök önümler, ir-iýmişler halkymyza ýetirilýär. Etrabyň ussat daýhanlary ekerançylygyň ähli görnüşleri boýunça zähmet çekip, etrabymyzda her ýyl pagtanyň, bugdaýyň, gök-bakja, miwe önümleriniň bereketli hasylynyň kemala gelmegine goşant goşýarlar. Geçen ýylda hem etrabymyz e

Informasion tehnologiýalar

Soňky wagtlarda gündelik durmuşymyzda «IT» (aý-ti) adalgasyna köp duş gelýäris. Emma IT ulgamyň nämedigini soranyňda anyk jogap berip bilýänler az. Eger ýoldan geçip barýan adaty ötegçä ýa-da tanyş-bilişlerimize bu barada sowal bersek, onda «bu kompýuter bilen baglanyşykly bir zat» diýen jogaby eşitmek bolýar. Bu belli bir derejede dogry jogap, emma diňe belli derejede. IT ulgamda iş alyp barýan hünärmenler bilen gürrüňdeş bolsaň, bu ugur babatda has aýdyň düşünje edinip bolýar. Geliň, şu ýerde IT adalgasynyň mazmunyna we onuň ähmiýetine göz ýetirmäge synanyşalyň!

Ekologiýa diplomatiýasynyň möhüm ugurlary

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesini belleýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda ähli ugurlar bilen bir hatarda, ekologiýa abadançylygyny gorap saklamakda, suwy rejeli peýdalanmakda uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda durnukly ösüşi üpjün etmekde möhüm ugurlaryň biri bolan ekologiýa babatda alnyp barylýan işleriň kämilleşdirilmegine uly ähmiýet berilýär. Çünki ykdysady we ýaşaýyş-durmuş ulgamlarynda amala aşyrylýan iri möçberli özgertmeler ekologiýa meseleleri bilen aýrylmaz baglanyşykly bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda möhüm ähmiýetli ekologiýa meselelerini çözmekde, daşky gurşawy goramakda, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmakda ýurdumyzda alnyp barylýan işler dünýä nusgalykdyr hem-de bütin adamzadyň geljegine gönükdirilendir.

Haly — halkyň hakydasy

Pazyryk halysynyň müňlerçe ýyllyk taryhy halkymyz bu beýik sungatynyň adamzat durmuşyndaky ornunyň örän uludygyny aýan edýär. Halynyň taryhy bu senediň gymmatynyň ynsan durmuşy bilen baglydygyny görkezýär. Halynyň taryhy öwrenilende onuň diňe bir gelip çykyşy, nagyşlarynyň manysy, dokalyş tilsimleri bilen çäklenmek bolmaýar. Gadym döwürlerden bäri halyçylyk halkymyzyň maddy, ykdysady durmuşynyň bir pudagy bolup gelipdir. Halyçylyga önümçiligiň köp pudaklary gatnaşýar. Mysal üçin, saryja goýunlary ýetişdirýän çopanlaryň, ýüňi işläp, ýüp taýýarlaýanlaryň, boýagçylaryň, dokma senetlerini ýasaýan ussalaryň zähmeti bolmazdan, halyçylygy göz öňüne getirmek kyn. Haly taýýar önüm bolanyndan soň, onuň haryt hökmünde söwda dolanyşygyna çykarylmagynyň özi-de, halynyň maddy gymmatlyk hökmündäki ornunyň ýokarydygyny görkezýär. Gadym döwürlerde-de, häzirki wagtda-da el halysynyň maddy gymmatlyk hökmünde ykdysadyýetimizde, halkyň durmuşynda orny uludyr. Metbugat habarlaryna görä, diňe bir geçen ýylda «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň kärhanalarynda 28 müň 560 inedördül metr el halylary we haly önümleri dokalypdyr. Olaryň 2 müň 495 inedördül metri eksport edilipdir. Halyçylyk pudagy telekeçiler tarapyndan hem ösdürilýär. Şeýle hem halyçylyk türkmenleriň gadymy senetleriniň biri hökmünde gelin-gyzlaryň öý hojalygynda giňden dowam etdirýän el hünärleriniň biridir.

Alabaý — milli buýsanjymyz

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan 2021-nji ýylyň ilkinji aýynda, ýagny 25-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Aşgabat we paýtagtymyzyň töweregi boýunça iş saparyny amala aşyrdy. Şol gezekki saparynyň barşynda döwlet Baştutanymyz halkymyzyň milli baýlygy hasaplanýan alabaýlaryň ösdürilip ýetişdirilişiniň nusgalyk ýörelgeleriniň döwrebap derejede dowam etdirilişi bilen gyzyklanyp, Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birine bardy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň buýurmasy esasynda gurulýan desgalar toplumynda işleriň gidişi bilen tanyşdy hem-de alnyp barylýan işler bilen baglylykda jogapkär ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz şol saparynda Türkmen alabaý itleriniň baýramy Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen utgaşdyrylyp geçirilse maksadalaýyk boljakdygyny belläp, bu baýramçylyk mynasybetli meýilleşdirilýän çäreleriň guramaçylyk ýagdaýynyň ýokary derejede bolmalydygyny sargady.

Möwsümleýin döreýän keselleriň öňüni alyş çäreleri

Gyş paslynyň dowam edýän şu günlerinde möwsümleýin keselleriň öňüni alyş çäreleri ýokary netije berýär. Ýiti respirator keseli wirus arkaly ýüze çykýar. Keseliň öňüni almak üçin häzirki möwsümde köpçüligiň üýşen ýerlerine barmakdan saklanmak, adamlar bilen howpsuz 2 metr aralygy saklamak, agyzburun örtüklerini dakynmak, elleri ýygyýygydan sabynlap ýuwmak zerurdyr.

Möhüm meselelere seredildi

11-nji fewralda hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri çagyryldy. Döwlet Baştutanymyz ýakynda ähli pudaklaryň ýolbaşçylary bilen iş maslahatlarynyň geçirilendigini aýtdy. Şol maslahatlarda geçen ýylda edilen işleriň netijeleri düýpli we jikme-jik seljerildi hem-de ýol berlen kemçilikleri düzetmek boýunça guramaçylyk çäreleri bellenildi.

Milli ykdysadyýeti ösdürmekde aýdyň wezipeler

10-njy fewralda hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň ykdysadyýet, maliýe-bank toplumynda 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we geljek ýyl üçin kesgitlenen anyk wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysadyýet toplumyna gözegçilik edýän orunbasary, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, bank düzümleriniň ýolbaşçylary, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriň rektorlary gatnaşdylar. Döwlet Baştutanymyz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatynda maliýe we ykdysadyýet ministriniň, zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň, «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň başlygynyň, Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň, Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň baş direktorynyň, ýurdumyzyň Merkezi bankynyň başlygynyň we beýleki banklarynyň ýolbaşçylarynyň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Türkmen döwlet maliýe institutynyň rektorlarynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowyň hasabatlaryny diňläp, olara degişli ugurlarda anyk tabşyryklary berdi.

Maslahat geçirildi

Ýakynda Aşgabat şäher häkimliginiň, TDP-niň Aşgabat şäher komitetiniň, Aşgabat şäher Halk Maslahatynyň agzalary bilen bilelikde guramagynda maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Saýlawlar — milli demokratiýanyň kepili» ady bilen geçirilen maslahata jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň wekilleri, Saglyk öýüniň lukmanlary gatnaşdylar. Maslahatda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmakda, sagdyn nesli kemala getirmekde jemgyýetçilik guramalarynyň agzalarynyň wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda geçirilmeli işleriň iş meýilnamalary tassyklanyldy, beýik işleri alyp barýan hormatly Prezidentimiziň adyna alkyşly sözler beýan edildi.

Sebitara gatnaşyklar pugtalanýar

Milli Liderimiziň öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasaty netijesinde parahatçylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýän, halklar we sebitler bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ileri tutýan, ähli mümkinçiliklerini umumadamzat bähbitleriniň we durnukly ösüşiň hatyrasyna gönükdirýän eziz Watanymyzyň dünýä jemgyýetçiligindäki abraýy has-da pugtalanýar. Türkmenistan deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyk nukdaýnazaryndan çykyş edýär. Döwletimiz bu möhüm ulgamda däbe öwrülen gatnaşyklary saklamak arkaly daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen göni hyzmatdaşlygyň çäklerini ep-esli giňeltdi, dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary, abraýly maliýe düzümleri bilen ýakyn gatnaşyklary ýola goýdy. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda belent maksatlar bilen başlanan ýylymyzyň ilkinji günlerinde türkmen tarapynyň hasabyna gurluşyk işleri alnyp barlan üç iri desganyň — Akina — Andhoý (Owganystan Yslam Respublikasy) menzilleriniň arasyndaky demir ýol böleginiň, Kerki (Türkmenistan) — Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça elektik geçiriji ulgamyň hem-de Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan) we Serhetabat (Türkmenistan) — Turgundy (Owganystan) halkara optiki-süýümli aragatnaşyk we üstaşyr akymlary gurlup ulanylmaga berildi. Bu bolsa ýurdumyzyň alyp barýan giň halkara hyzmatdaşlygynyň aýdyň görkezijisine öwrüldi.

Belent sepgitlere ruhlandyrýar

Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 8-nji fewralynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly ýurdumyzyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ugurlarynda we jemgyýetçilik guramalarynda 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garamak we olaryň işini kämilleşdirmek bilen bagly iş maslahatyny geçirdi. Onda syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylaryna işlerini döwrüň talabyna görä, yzygiderli kämilleşdirip durmak hem-de öz jemgyýetdäki ornuny yzygiderli ýokarlandyrmak tabşyryldy. Şu maksatlar bilen täze tehnologiýalary, maglumatlary ýaýratmagyň ulgamlaryny, köpçülikleýin habar beriş serişdelerini giňden peýdalanyp, düşündiriş-wagyz işlerini güýçlendirmegiň zerurdygy bellenildi. Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzy senagat taýdan ösen ýurda öwürmek ugrunda alyp barýan parasatly syýasaty özüniň oňyn netijelerini dünýä äşgär edýär. Tutuş ýurdumyz bilen birlikde bedew batly ösüş-özgerişlere eýe bolýan Balkan welaýaty howa we tebigy aýratynlyklary, ulag-geografik ýerleşişi, gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň baý we köpugurly ýataklary, olary senagat taýdan özleşdirmäge bolan amatlyklary, şypahana dynç alşyny ösdürmegiň giň mümkinçilikleri bilen tapawutlanýar. Bu bolsa, öz gezeginde, welaýatyň senagat önümleriniň eksportyny ýylsaýyn artdyrmaga giň mümkinçilikleri döredýär. Türkmenbaşydaky Halkara deňiz porty, Türkmenbaşyny

Sagdyn iýmitlenmegiň peýdasy

Sagdyn iýmitlenmek bedende madda çalşygynyň dogry bolmagy üçin zerurdyr. Madda çalşygynda hökmany deňagramlylyk saklanmalydyr. Deňagramlylygyň bozulan ýagdaýynda, ilki bilen, agzalaryň işinde üýtgemeler ýüze çykyp, ol kesellere öwrülip biler. Bedeni sagdyn saklamak, goramak ateroskleroz keseliniň, nerw-psihiki bozulmalaryň we newroz ýaly keselleriň öňüni alyp we bedeniň ýokançlyklara durnuklylygyny ýokarlandyryp bolar.

Belent sepgitler we aýdyň maksatlar

9-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň daşary syýasat ugruny amala aşyrmak boýunça geçen 2020-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi hem-de şu ýyl üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi. Maslahata Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, degişli düzümleriň hem-de ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Döwlet Baştutanymyz gün tertibini yglan edip, Bitarap döwletimiziň Garaşsyzlygyny alanyna şu ýyl 30 ýyl dolýandygyny belledi. Geçen döwrüň dowamynda Türkmenistan parahatçylyk söýüji, ygtybarly hyzmatdaş döwletdigini bütin dünýä äşgär edip, özbaşdaklyk syýasatyny gyşarnyksyz ýöredip geldi.

Sagdyn we abadan durmuş ugrunda

8-nji fewralda hormatly Prezidentimiziň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda ýurdumyzyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ugurlarynda we jemgyýetçilik guramalarynda 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy hem-de olaryň işini kämilleşdirmek boýunça öňde durýan wezipeler kesgitlenildi. Iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, şeýle hem ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary çagyryldy. Döwlet Baştutanymyz iş maslahatynyň gün tertibini yglan edip, bu ulgamlaryň ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmekde esasy hereketlendiriji güýçdügini aýtdy. Halkymyzyň sagdyn we abadan durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek, ýaşlaryň ylymly-bilimli bolmagy köp babatda bu ulgamlaryň netijeli işine baglydygyny belledi.