"Watan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-16, 38-61-17, 38-61-07
Email: watan@sanly.tm

Habarlar

Ýaşlar Watanymyzyň geljegidir

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwrebap hünärmenleri, şol sanda daşary ýurt dillerini suwara bilýän dürli ugurlardan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak döwletimiziň täze bilim syýasatynyň öňde goýan esasy wezipeleriniň biridir. Hormatly Prezidentimiziň: «Biziň amala aşyrýan ylym we tehnika babatdaky döwlet syýasatymyz täze tehnologiýalary we innowasiýalary ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna ornaşdyrmaga, öz ylmy-tehniki ideýalarymyzy ösdürmäge, halkara ölçeglerine laýyk gelýän, berk binýatly, häzirki zaman ylym ulgamyny döretmäge gönükdirilmelidir» diýen parasatly sözlerinden ugur alyp, häzirki döwürde ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmekde täze maglumat tehnologiýalaryny ulanmak zerurdyr. Sanly bilim ulgamyny durmuşa ornaşdyrmak bilen bilimiň hilini ýokarlandyrmaga, dürli ylmy-amaly maslahatlary geçirmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» üstünlikli amala aşyrmak, şeýle hem, ylymly-bilimli, watansöýüji, ynsanperwer, ýurduň ösüşine mynasyp goşant goşýan kämil nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek hem-de ýaşlarda ruhy-ahlak gymmatlyklaryny kemala getirmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýeti, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar

Medeni çäreler

Hasabat-saýlaw ýygnaklary Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Gökdepe etrap birleşmesiniň düzümine degişli ilkinji guramalarda geçirilen hasabat-saýlaw ýygnaklarynda döwletimiziň ajaýyp üstünlikleri barada söhbetler, jemgyýetçilik guramalarynda geçen hasabat döwründe bitirilen işler, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň ähmiýeti, olary ilat arasynda wagyz-nesihat etmekdäki wezipeler barada pikir alyşmalar boldy.

Alabaýyň täze tapylan heýkeli

Hormatly Prezidentimiz Türkmen alabaýynyň baýramyny döretmek hem-de ony her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bilelikde bellemek hakyndaky Permany watandaşlarymyzyň ýürek buýsançlaryny pürepürledi. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň parasatly öňdengörüjiligi bilen Türkmen alabaýynyň sap ganly gadymy tohumyny saklap galmak hem-de onuň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak boýunça alnyp barylýan şeýle toplumlaýyn işler asyrlar aşyp gelen milli baýlyklarymyzy barha baýlaşdyrmakda, giňden wagyz etmekde, ýaş nesli eziz Watanymyza wepalylyk, zähmetsöýerlik we belent ahlaklylyk ruhunda terbiýelemekde aýratyn ähmiýetlidir. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Türkmen alabaýy» atly eserinde «Halkyň milli gymmatyna, Kemal türkmen alabaýy» diýip belleýşi ýaly, bagtyýarlyk döwrümizde köp müňýyllyk taryhly milletimiziň durmuşynda alabaýlaryň ornuny we geçmiş yzlaryny öwrenmek, milli itşynaslyk tejribelerini dikeltmek boýunça asyrlara ýaň saljak işler durmuşa geçirilýär.

Saglygyň sakasy

Her gün miwelerdir gök önümleriň (käşir, turp, alma, pyrtykal, nar, armyt) dört-bäş görnüşini iýmäge çalyşmalydyr. Sitrus miwelerinde witaminler uzak wagtlap saklanýar. Käşirde, kädide A witamini köp mukdarda saklanýar. Bu witamin diňe ýag bilen bilelikde ulanylanda doly özleşýär. Şol sebäpli bu önümlerden taýýarlanan işdäaçarlara maýonez däl-de, ösümlik ýagyny goşmak maslahat berilýär.

Halkara hyzmatdaşlygynda täze tapgyr

4-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň çakylygy boýunça Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (EKO) göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen XIV sammitiniň işine gatnaşdy. Sammite Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhani, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Imran Han we EKO-nyň Baş sekretary doktor Hadi Süleýmanpur gatnaşdylar. Şeýle hem ýokary derejedäki duşuşyga gatnaşmak üçin Türksoý Geňeşiniň Baş sekretary Bagdad Amreýew, Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary Urban Rusnak we beýlekiler çagyryldy.

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

3-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň geçen iki aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine garaldy. Ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň hatarynda Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy hem-de parahatçylygy üpjün etmäge, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, olaryň işini has-da kämilleşdirmäge, döwlet emlägine, şol sanda maliýe serişdelerine gözegçilik etmäge hem-de sanly ulgamy ornaşdyrmaga degişli meseleleriň birnäçesi hem-de beýleki ugurlar boldy.

Şygryýet älemi

Garaşsyz Türkmenistanda Köňle ylham bahar-ýazy,Toýda joşar aýdym-sazy,Buýsanjymyz — kalp owazy,Garaşsyz Türkmenistanda.

Dabaraly maslahat

Ýakynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň guramagynda maslahat geçirildi. «Bagtyýar zenanlar — Watan buýsanjy» diýen at bilen geçirilen bu dabara Halkara zenanlar gününe bagyşlandy. Maslahatda TDP-niň Aşgabat şäher komitetiniň partiýa guramaçysy Gülnar Akjigitowa, TDP-niň Aşgabat şäher komitetiniň başlygy Soltanmyrat Ýazmyradow, Aşgabat şäheriniň 13-nji Saglyk öýüniň maşgala lukmany Maýa Öküzowa, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy Güljahan Röwşenowa, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Merkezi ylmy kitaphanasynyň bölüm müdiri Hurmagözel Röwşenowa, Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň esasy hünärmeni Bagtygül Amannepesowa dagy çykyş etdi.

Zenan –zeminiň zynaty

Zenan — ene, zenan — durmuş hemrasy, zenan — ýaşaýşyň dowamaty. Bu gün zenanlar dürli kärlerde zähmet çekip, her bir maşgalanyň we tutuş jemgyýetiň durmuşynda möhüm orny eýeleýär, ýurdumyzyň ähli ulgamlarda gazanýan üstünliklerine mynasyp goşant goşýar. Gahryman Arkadagymyz «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly eserinde: «Türkmenistanda zenanlaryň jemgyýetde eýeleýän orny demokratiýanyň ählumumy ýörelgeleriniň halkymyzyň milli ruhy däpleri bilen sazlaşykly ösüşinde kemala gelýär» diýip belleýär. Dogrudan-da, bu gün eziz Diýarymyzda zenanlar belent hormata eýe bolup, gelin-gyzlar milletimiziň asylly däplerine laýyklykda, maşgala abadançylygynyň binýadynda duran wezipelerden başlap, döwleti dolandyryş işine gatnaşmak ýaly örän jogapkärli wezipeleri ýerine ýetirmekde mynasyp orun eýeleýär.

Ykdysadyýetiň sarsmaz binýady

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenilen wezipelere laýyklykda, ýurdumyzda zamanabap maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryna daýanýan sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak işleri alnyp barylýar. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak boýunça giň gerimli çäreleri öz içine alýar. Sanly ykdysadyýete tapgyrlaýyn geçmek işi, ozaly bilen, ýurdumyzda dürli ulgamlarda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmagyň binýady bolan kompýuter, multimedia we beýleki enjamlar bilen enjamlaşdyrylan binalardyr desgalary gurmakdan, şeýle hem öňden bar bolanlaryny bu enjamlaryň täze görnüşleri bilen enjamlaşdyrmakdan başlanýar. Bilşimiz ýaly, mähriban Arkadagymyzyň baştutanlygynda, paýtagtymyzda, etraplarda, obadyr şäherlerde täze guruljak binalardyr desgalaryň gurluşyk taslamalarynda zamanabap kompýuter, multimedia we beýleki aragatnaşyk tehnologiýalary bilen üpjünçilik tarapy hökmany göz öňünde tutulýar.

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahaty

1-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň we paýtagtymyzyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda paýtagtymyzy hem-de welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk görmek meselelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna hem-de şanly senelere taýýarlyk görlüşine garaldy. Döwlet Baştutanymyz gün tertibindäki meselelere geçip, Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowy hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewi göni aragatnaşyga çagyrdy. Olar ýurdumyzyň baş şäheriniň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklaryna laýyklykda alnyp barylýan işler, Aşgabadyň binagärlik keşbini gözelleşdirmäge gönükdirilip bina edilýän iri, täze desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdiler.

Milli mirasymyza belent sarpa

2-nji martda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Sport myhmanhanasynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň başlygy S.Berdimuhamedowyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda dabara geçirildi. Maslahatyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar bu ýerde guralan sergi bilen tanyşdylar. Onda hormatly Prezidentimiziň kitaplary we beýleki çeper eserler görkezildi. Alabaý hormatly Prezidentimiziň edebi döredijiliginiň aýratyn mowzugy bolup durýar. Milli Liderimiziň şahyrana zehini netijesinde, milletiň buýsanjy bolan ahalteke bedewleri bilen birlikde alabaýlaryň gaýduwsyzlygynyň, wepadarlygynyň waspy ýetirilýär.

Ýokary derejeli hyzmatdaşlyk

2-nji martda Daşary işler ministrliginde ýurdumyzyň BMG-niň agzalygyna kabul edilmeginiň 29 ýyllygyna bagyşlanyp, “Türkmenistan we Birleşen Milletler Guramasy: parahatçylygy we ynanyşmagy gazanmagyň ugrunda hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahaty geçirildi. Maslahatyň barşynda ikitaraplaýyn resminamalara onlaýn tertipde gol çekmek dabarasy boldy. Hususan-da, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (ÝUNFPA) arasynda bilelikde maliýeleşdirmek hakynda Ylalaşyga, şeýle hem Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň we ÝUNFPA arasynda 2021-nji ýyl üçin “Ýaşlaryň milli ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmäge hem-de gender deňligini ilerletmäge gatnaşmagynyň gurallaryny pugtalandyrmak” taslamasynyň çäklerinde Iş meýilnamasyna gol çekildi.

Hormata mynasyp gözeller

Ýakynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi tarapyndan yglan edilen «Ýylyň zenany — 2021» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda Aşgabat şäherinden we welaýatlardan ýeňiji bolan zenanlar gatnaşdy. Halkara zenanlar güni mynasybetli yglan edilýän bu bäsleşik zenanlaryň alyp barýan işine we jemgyýetde tutýan ornuna laýyklykda ýedi — «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe alyp barýan ýokary guramaçylyk ukyby üçin», «Berkarar döwletimizde el hünärini dikeldýändigi we kämilleşdirýändigi üçin», «Ruhy gymmatlyklarymyzy we milli medeni mirasymyzy dünýä ýaýmakdaky asylly işleri üçin», «Çaga terbiýelemekde görkezen yhlasy üçin», «Berkarar döwletimizde harby we hukuk goraýyş ulgamynda görkezen işjeňligi üçin», «Obany ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin» we «Ýurduň bazar ykdysadyýetiniň we telekeçiligiň ösmegine goşan goşandy üçin» diýen ugurlary öz içine aldy. Bäsleşigiň dowamynda bu ugurlar boýunça deslapky tapgyrlarda üstünlikli çykyş edip, Aşgabat şäherinden we welaýatlardan öňe saýlanan zenanlarymyz hem-de olaryň alyp barýan işleri hakynda wideorolikler görkezildi.

Paýtagtymyzy ösdürmegiň möhüm ugurlary

Mähriban Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda durmuşa ornaşdyrylýan her bir işiň aňyrsynda halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrundaky beýik maksatlaryň bardygyny görmek bolýar. Munuň şeýledigi Gahryman Arkadagymyzyň paýtagtymyz we paýtagtymyzyň töweregi boýunça amala aşyran iş saparlarynyň dowamynda hem-de birnäçe möhüm desgalaryň gurluşygy, durmuş düzüminiň toplumlaýyn esasda döwrebaplaşdyrylmagy boýunça taýýarlanan taslamalaryň beýanynda aýdyň görünýär. Paýtagtymyzyň özboluşly mermer keşbi Türkmenistanyň at gazanan arhitektory hormatly Prezidentimiziň binagärlik ukybynyň, döredijilik zehininiň miwesidir. Şäheriň ak mermere beslenen binalaryň iň köp jemlenen ýeri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi munuň beýanydyr. Gahryman Arkadagymyz Aşgabat şäherini ösdürmek boýunça gurluşyk taslama maksatnamasynyň durmuşa geçirilişini hemişe üns merkezinde saklaýar, gurluşygy alnyp barylýan desgalara yzygiderli iş saparlaryny amala aşyrýar. Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça öňde durýan wezipeleriň çözgüdine oýlanyşykly, toplumlaýyn hem-de uzakmöhletleýin esasda çemeleşmegiň wajypdygyny nygtaýar. Paýtagtymyzyň şeýle ýörelgelere esaslanylyp, bina edilen durmuş-medeni maksatly binalary, ýaşaýyş jaý toplumlary gurlup, paýtagtymyzdaky binalaryň sanawynyň üstüne goşulýar.

Milli kanunçylykda zenan sarpasy

Hormatly Prezidentimiziň belent tagallalary netijesinde ýurdumyzda zenanlaryň jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda erkekler bilen deňhukuklylygy milli kanunçylyk arkaly doly berkidilendir. Türkmen jemgyýetinde aýal-gyzlaryň işjeňligini artdyrmak maksady bilen, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli kanunçylygy kämilleşdirmek babatda hem wajyp ädimler ädildi. Muňa mysal hökmünde «Aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegini görkezmek bolar. Keramatly Käbä deňelýän enelerimiz, gelin-gyzlarymyz ýurdy goramakda merdana atalalarymyz bilen egin-egne durup, gözüň görejine deňelýän Watany gorap saklapdyrlar. Parahatçylykly döwürlerde il içinde we maşgalada agzybirligi, päk zähmet çekip ýaşamagy, halallygy ündäp, ýaşlaryň aňynda milli däp-dessurlarymyzy, ruhy gymmatlyklarymyzy terbiýeläp, ojaklaryň hemişe otly bolmagyny ündäp gelipdirler. Halkymyz ýürek yhlasynyň, çeper elleriniň gudratyndan inçe sungata öwrülen nepis halysy, keşdesi, egin-eşigi bilen dünýäde meşhurlyk gazanan zenanlarymyza çuňňur hormat goýup, olaryň mertebesini hemişe belent saklap gelipdir.

Garaşsyzlyk — döwrümiziň ganaty

Merdana halkymyzyň mizemez bagty, döwrümiziň goşa ganaty baky Bitaraplygymyzyň we mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şuglasy bu günki gün eziz Diýarymyza bagtyýarlyk nuruny çaýýar. Hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyçlary esasynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylymyzda Türkmenistan öz Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk toýuny toýlar. Özygtyýarly ösüş ýolunda geçilen 30 ýylyň içinde ýurdumyzda asyrlara barabar işler amala aşyryldy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň bize beren miweleri sanardan kän. Täze taryhyny, milli döwletini kemala getirmekde halkymyzyň öz ýoluny tapandygyna biziň asuda, parahat durmuşymyz, okgunly ösüşlerimiz, dünýäniň ähli ýurtlary bilen ýola goýlan dostlukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarymyz şaýatlyk edýär.

Mähribanlykdan döreýän gudrat

Her bir güni toýdur baýramlara, taryhy wakalara beslenýän eziz Diýarymyza bahar paslynyň gelmegi bilen daş-töweregimiz gülzarlyga beslendi. Şeýle owadan hem ýakymly pursatlarda Halkara zenanlar gününiň giňden bellenilmegi olara goýulýan sarpanyň uludygyny görkezýär. Bu günki gün bahar bägülleri ýaly owadan hem näzik zenanlarymyz dürli pudaklarda zähmet çekýärler. Olar erkek adamlar bilen bir hatarda ýurdumyzyň ösmegine saldamly goşant goşýarlar. Dünýäniň bezegi bolan mährem eneler barada söz açylanda bolsa olaryň mähir-mylakatlylyk bilen çaga terbiýesine uly üns berýändigi biygtyýar göz öňüňde janlanýar. Mährem enelerimiz, owadan zenanlarymyz ykdysadyýetde, medeniýetde gazanylýan üstünliklere-de mynasyp goşant goşmagy başarýarlar. Gahryman Arkadagymyzyň ýaşamak, işlemek, nesil terbiýelemek babatda döredip berýän giň mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanmagy başarýan zenanlarymyz durmuşymyzyň bezegi hem baýlygy. Sekiz we ondan köp çagany dünýä inderip, kemala getiren enelerimize «Ene mähri» diýen hormatly adyň dakylyp, ähli amatlyklary döredilen jaýlardan öýleriň berilmegi mährem enelerimiz barada edilýän aladanyň aýdyň nyşanydyr. Bahar baýramy mynasybetli çagalar bagyna gatnaýan gyzjagazlardan başlap, ýurdumyzyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän zenanlaryň ählisine Halkara zenanlar güni mynasybetli pul sylagynyň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy olaryň üns-alada bilen gurşalandygy

Asylly däpleriň aýdyň dowamaty

Ata-babalarymyz ene topraga, tebigata söýgi bilen çemeleşip, oňa aýawly garamak, goramak ýörelgelerini nesilden-nesle geçirip gelipdirler. Häzirki döwürde tebigata aýawly çemeleşmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Milli we ählumumy derejede ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň bähbidine ýurdumyzda şäherleriň hem-de obalaryň töwereginde ýaşyl zolaklaryň döredilmegini göz öňünde tutýan uzakmöhletleýin maksatnama üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz bu giň göwrümli maksatnamanyň durmuşa geçirilmegine halkymyzyň saglygyny goramak, bagtyýar durmuşyny hem-de medeniýetli dynç alşyny üpjün edýän möhüm şert hökmünde aýratyn üns berýär. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 12-nji fewralynda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işleri has-da ýaýbaňlandyrmak hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ekilýän bag nahallarynyň möçberini artdyrmak maksady bilen, «Ýurdumyzda 2021-nji ýylda bag ekmek hakynda» Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda 2021-nji ýylda ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, Aşgabat şäheriniň häkimligine 10 million düýp nahalyň, welaýatlaryň häkimliklerine 20 million düýp nahalyň ekilmegini üpjün etmek tabşyryldy. Ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň hem-de A

Asyrlary aşan nepis sungat

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň maddy hem ruhy gymmatlyklaryna, medeni mirasyna uly sarpa goýulýar. Döwlet Baştutanymyzyň tagallalary bilen türkmen medeniýetiniň gymmatlyklaryna aýawly göz bilen garalýar, olar içgin öwrenilip, geljekki nesillere ýetirmekde nusgalyk işler alnyp barylýar. Şu günki günde ýurdumyzyň ösen dokma senagatynyň taryhy döwürlerde geçen ýoluna aýdyň göz ýetirmekde, şöhraty äleme dolan türkmen zenanlary tarapyndan kämilleşdirilip sungat derejesine ýetirilen haly senediniň gymmatyna düşünmekde bize Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi», «Türkmen medeniýeti», «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» ýaly ençeme eserleri uly gollanma bolýar.