Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwrebap hünärmenleri, şol sanda daşary ýurt dillerini suwara bilýän dürli ugurlardan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak döwletimiziň täze bilim syýasatynyň öňde goýan esasy wezipeleriniň biridir. Hormatly Prezidentimiziň: «Biziň amala aşyrýan ylym we tehnika babatdaky döwlet syýasatymyz täze tehnologiýalary we innowasiýalary ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna ornaşdyrmaga, öz ylmy-tehniki ideýalarymyzy ösdürmäge, halkara ölçeglerine laýyk gelýän, berk binýatly, häzirki zaman ylym ulgamyny döretmäge gönükdirilmelidir» diýen parasatly sözlerinden ugur alyp, häzirki döwürde ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmekde täze maglumat tehnologiýalaryny ulanmak zerurdyr. Sanly bilim ulgamyny durmuşa ornaşdyrmak bilen bilimiň hilini ýokarlandyrmaga, dürli ylmy-amaly maslahatlary geçirmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» üstünlikli amala aşyrmak, şeýle hem, ylymly-bilimli, watansöýüji, ynsanperwer, ýurduň ösüşine mynasyp goşant goşýan kämil nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek hem-de ýaşlarda ruhy-ahlak gymmatlyklaryny kemala getirmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýeti, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen bilelikde sanly ulgam arkaly «Ýaşlar watanymyzyň güýji, kuwwaty, abraý-mertebesi we beýik geljegidir» atly okuw maslahatyny yzygider geçirýär. Bu okuw maslahatyna ýokary okuw mekdeplerinden saýlanyp alnan meýletinçi talyplar gatnaşýar. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetiniň we beýleki ministrlikleriň wekilleriniň adatdan daşary ýagdaýlarda özüňi alyp barmagyň düzgünleri, lukmandan öň ilkinji kömegi bermegiň kadalary boýunça maglumat beriş we tälim-türgenleşik okuwlarynyň, wagyz-nesihat işleriniň ýaşlar syýasatynda tutýan orny barada berýän sapaklary meýletinçi ýaşlarda uly täsir galdyrýar.
Bulardan başga-da, ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýuna goşant goşmak maksady bilen, ýaşlarymyzy ylmy işlere çekmek bilen ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça ýaş alymlary taýýarlamagyň, sagdyn jemgyýeti döretmekde sagdyn durmuş ýörelgesiniň ähmiýeti, halkyň taryhy gymmatlyklaryna gadyr goýýan hem-de ata-babalarymyzyň ýokary medeniýetlilik we adamkärçilik, ynsanperwerlik ýaly ajaýyp häsiýetlerini özünde jemleýän kämil nesilleri terbiýelemekde kitaphanalaryň, muzeýleriň, taryhy ýadygärlikleriň tutýan orny ýaly temalardan okuwlary geçirmek meýilleşdirilýär.