Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň maddy hem ruhy gymmatlyklaryna, medeni mirasyna uly sarpa goýulýar. Döwlet Baştutanymyzyň tagallalary bilen türkmen medeniýetiniň gymmatlyklaryna aýawly göz bilen garalýar, olar içgin öwrenilip, geljekki nesillere ýetirmekde nusgalyk işler alnyp barylýar.
Şu günki günde ýurdumyzyň ösen dokma senagatynyň taryhy döwürlerde geçen ýoluna aýdyň göz ýetirmekde, şöhraty äleme dolan türkmen zenanlary tarapyndan kämilleşdirilip sungat derejesine ýetirilen haly senediniň gymmatyna düşünmekde bize Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi», «Türkmen medeniýeti», «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» ýaly ençeme eserleri uly gollanma bolýar.