Her damjasy eşrepi
Bu goja Zemindäki ýaşaýşy suwsuz göz öňüne getirmek mümkin däl. Aslynda, Zemine jan beren, barça janly-jandaryň, ösümlikleriň döremegine sebäp bolan suw ahbetin! Ýigrimi birinji asyrda, adam aňynyň has ösen döwründe-de suw ezeli ähmiýetini — ýaşaýyş gymmatyny birjik-de peseldenok. Öz akyl-paýhasy bilen Arş gämisini ýasap, ýedi gat asmana çykmagy başaran, köp zatlary kompýuterler arkaly dolandyryp bilýän adam, suwuň öňünde hemişe-de baş egýär. Ençeme aýlap Arş gämisinde ylmy işleri alyp barýan kosmonawtlar üçin zerur bolan iýmiti kiçijik gapjagazdaky emeli goýaltma ýa-da kindiwanja gerdejik bilen çalşyp bilen, başga-da zerur hasaplanan köp zatlaryň oruntutarlaryny döredip bilen adamyň suwy hiç bir zat bilen çalyşmaga, onuň oruntutaryny döretmäge heniz-henizler-ä akyly çatanok. Bu geljekde-de başardar öýdemok. Çünki ähli zatlary döretmekde suw derwaýys bolsa-da, göräýmäge adaty zat hasaplanylýan bu gudratyň oruntutaryny döretmek welin, asla mümkin däl. Dogry, soňky döwürlerde internet saýtlarynda alymlaryň howadan suw almagy başarandyklary ýa-da suwuň külke görnüşini döredendikleri baradaky habarlar gabat gelýär. Ýöne howanyň düzüminde-de suwuň bardygyny ýatlasak, onda howadan suw almak onuň oruntutarynyň döredilendigini aňlatmaýar. Suwuň külke görnüşi hakynda aýdylanda bolsa, dünýä howasynyň maýlamagy bilen bagly meýilnamanyň çäklerinde Beýik Britaniýanyň alymlary suwy owuntyk g