"Watan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-16, 38-61-17, 38-61-07
Email: watan@sanly.tm

Habarlar

Halkara Nowruz gününiň dabaralary

ýagşy umytlaryň, tebigat bilen sazlaşygyň we gadymy däp-dessurlarymyzyň dabaralanmasy «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän ýylymyzyň 21-nji martynda halkymyz Halkara Nowruz gününi — Milli bahar baýramyny uly ruhubelentlikde dabaralandyrdy. Bahar paslynda tutuş ýurdumyz boýunça ýaýbaňlandyrylyp, aýdym-sazly çykyşlara we türkmen halkynyň oňyn däp-dessurlaryna beslenen baýramçylyk dabaralary keremli türkmen topragynyň gözelligine gözellik goşdy.

Aşgabat — abadan hem owadan şäher

Her bir toý-baýramy zähmet üstünlikleri bilen garşylamagy adat edinen halkymyz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda giňden belleniljek gözel paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyna ýokary derejede taýýarlyk görýär. Ösüşleriň belent sepgitlerini nazarlaýan Watanymyzyň ýüregi — gözel paýtagtymyz täsin keşbi bilen görenleri haýrana goýýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda gysga döwrüň içinde Aşgabatda şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasy üstünlikli amala aşyrylyp, paýtagtymyzyň keşbi düýpgöter özgerdi. Ajaýyp binalaryň, dürli maksatly desgalaryň ençemesi gurlup, ulanylmaga berildi. Häzirki wagtda gurulýan desgalaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmaga, binagärligiň ajaýyp sazlaşygyny döretmäge aýratyn üns berilýär. Şeýle ähmiýetli binalardyr desgalaryň birnäçesiniň gurluşygy bolsa ýokary depginde alnyp barylýar. Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyny hem-de Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyny has-da dabaralandyrmak maksady bilen, täze desgalaryň ençemesiniň açylyş dabaralary uly ruhubelentlige beslenip, halkymyza ajaýyp toý sowgady bolar.

Wysal tapan arzuwlar

Şu ýyl «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygyna eýe bolanyna 30 ýyl dolýar. Mähriban Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk her bir ynsanda watançylyk duýgusyny ösdürýän mukaddes düşünjedir. Bu söz özünde ägirt uly many-mazmuny jemlemek bilen, merdana ata-babalarymyzdan bize miras galan eziz Watanymyzyň şöhratly geçmişine, şu gününe we beýik geljegine düýpli düşünmäge mümkinçilik berýär.

Netijeli ykdysady hyzmatdaşlyk

Biziň ýurdumyz häzirki zamanyň derwaýys meselelerini çözmekde halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge aýratyn üns berýär we dünýä döwletleri hem-de iri halkara we sebit guramalary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. Bu ählumumy bähbitlere gönükdirilen netijeli hyzmatdaşlygy has-da ilerletmek Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik, oňyn bitaraplyk we gyzyklanma bildirilýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge ägirt uly goşant goşmak bilen Türkmenistan dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýar. Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy 1985-nji ýylda ykdysady we söwda ulgamlarynda has ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmek maksady bilen döredildi. Eýran Yslam Respublikasy, Pakistan hem-de Türkiýe Respublikasy guramany esaslandyryjy döwletlerdir. EKO-nyň düzümi 1992-nji ýylda Türkmenistan, Azerbaýjan, Owganystan Yslam Respublikasy, Gazagystan, Gyrgyz Respublikasy, Täjigistan, Özbegistan ýaly ýurtlaryň girmegi bilen giňedi we onuň alyp barýan işleri hil taýdan täze ösüşlere eýe boldy. 28-nji noýabr EKO-nyň güni hökmünde bellenilýär. 1995-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde EKO BMG-de synçy derejesini bermek hakynda Kararnama kabul edildi.

Ylham joşguny

Bedew Sallanyp, seýkin basanda gözüň eglär görkünde,Toýnagy tylladan nally, ýallary ýelli bedew.Gelin gylyk, gyz syratly kamaty bar durkunda,Arkadagyň yhlasyndan galkynyp, galdy bedew.

Medeni çäreler

Okuw maslahaty Ýakynda Kaka etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň hem-de Kaka etrap birleşmesiniň bilelikde guramagynda geçirilen okuw maslahaty şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna bagyşlandy. Oňa Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň jogapkär işgärleri, etrap birleşmesiniň ilkinji guramalarynyň ýolbaşçylary, işjeň agzalary hem-de degişli edara-kärhanalaryň wekilleri gatnaşdy.

Pasyllaryň soltany

Türkmen halky zeminiň dört paslynyň ähli gözelligine eýe bolan bereketli topragyň eýesidir. Ynsan kalbyna mähir paýlaýan bahar paslynyň gelmegi bilen türkmen tebigaty al-elwan güllere, daş-töwerek çagalaryň şadyýan gülki seslerine beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň hözirini görüp ýaşaýan ýurdumyzyň bagtyýar raýatlary bereketli türkmen topragyna her ýyl mübärek gadamyny goýýan Milli bahar baýramyny ýagşy arzuwlar, dilegler bilen mähirli garşy alýarlar. Ýer ýüzündäki halklary biri-birleri bilen has-da golaýlaşdyrýan, jebisleşdirýän baýramçylyklaryň iň naýbaşylarynyň biri hem Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz baýramydyr. Nowruz baýramy tebigatyň ähli gözelliklerini özünde jemleýän, pasyllaryň soltany baharda bellenilýär. Aslynda, bahar paslynyň gelmegi bilen gözellik bütin Äleme nur çaýyp, her bir adamyň kalbynda begenç we şatlyk duýgularyny oýarýar.

Bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda Türkmenistan dünýäde ekologiýanyň, daşky gurşawyň goralmagy ugrunda işjeň çykyş edip, nusgalyk işleri amala aşyrýar. Çöllük ýerlerde sazak, daglyk ýerlerde arça, derýa boýlarynda bolsa dürli agaçlaryň tokaýlyklary döredilýär. Olar oňaýly mikroklimaty emele getirýär, daşky gurşawy arassa saklaýar. Bag ekmek diňe howany arassalamak ýa-da adamlaryň jan saglygyna oňat täsir etmek bilen çäklenmän, eýsem, iň sogaply işleriň biri hasaplanýar. Halkymyzda örän irki döwürlerden bäri zeminiň baýlyklary we gözellikleri bolan suwa, ýere, bag-bakja we haýwanat dünýäsine aýawly garamak babatda nesilden-nesle geçip gelýän asylly ýörelgeler kemala gelipdir. Olar häzirki bagtyýar zamanamyzda-da özüniň ähmiýetini ýitirmän gelýär.

Görkli bahar goýnunda

Bu ýyl geldi bahar bolup üýtgeşik,Öz wagtyndan ir gülledi üljeler.Terlendi duýgular, eredi kalpdaýazyň hoştap howasyna ünjüler. Bu ýylky baharyň gelşi üýtgeşik,Ir geýdi meýdanlar ýaşyl begresi.Görüp ganylmajak görke gelipdirbile duman dolan daglaň degresi.

Barlyga bezegdir bu gözel baglar

Her ýylyň ýaz we güýz möwsüminde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda köpçülikleýin bag ekmek dabaralarynyň geçirilmegi asylly däbe öwrüldi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň gözel görke beslenip gelen ýazynda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda geçirilen bag ekmek dabarasy hem bütin halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy. Bu asylly ýörelge täze tokaý zolaklaryny döretmegiň, tebigata aýawly çemeleşip, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň bähbidine ýurdumyzda şäherleriň we obalaryň töwereklerini, awtomobil hem-de demir ýollarynyň ýakalaryny bagy-bossanlyga öwürmek wezipelerini öz içine alýan bag ekmek Milli tokaý maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine giň mümkinçilikleri açýar. Şu ýylda hem bag ekmek dabarasynyň Milli bahar baýramyna — Halkara Nowruz gününe gabatlanmagy özboluşly mana eýe boldy. Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň bellenilýän ýylynda ýurdumyzda 30 million düýp agaç nahalynyň ekilmegi hem ata-babalarymyzyň asylly ýörelgeleriniň dabaralanmasyna öwrüldi. Dogrudan-da, tebigat bilen ynsanyň arasynda täsin sazlaşyk bar. Adam olary eken gününden başlap, oňa ideg edip başlaýar, eýeçilik gözi bilen garap, wagtynda suwarýar, ideg edýär. Ýapraklary şemalyň ugruna saz ediberende oňa guwanýar. Onuň kemala gelşi hem şoňa görä bolýar. Suw berip, esewan bolan günüň ýapraklar

Sagdynlygyň ýurdunda

Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen Türkmenistanda täze stadionlar, sport merkezleridir mekdepler, saglyk öýleri, dünýä ülňülerine laýyk gelýän hassahanalar gurulýar. Paýtagtymyzda, welaýat we etrap merkezlerinde gurulýan döwrebap sport binalary sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän ildeşlerimiziň höwes bilen gelýän ýerine öwrüldi. Bu ýerlerde sport bilen meşgullanmak, saglygyňy berkitmek, ýokary sport görkezijilerini gazanmak üçin ähli şertler döredilendir. Bu desgalarda dürli sport gurnaklary işleýär, tejribeli tälimçileriň ýolbaşçylygynda netijeli sport türgenleşikleri yzygiderli geçirilýär. Umumy beden taýýarlygyny berkitmegi maksat edinýän ildeşlerimiz iň täze nusgadaky türgenleşdirijiler oturdylan türgenleşik zallaryny peýdalanyp bilýärler. Hemmetaraplaýyn türgenleşmäge niýetlenen türgenleşdirijiler bedeniňi berkitmäge, onuň çeýeligini artdyrmaga, beden hem ruhy sagdynlygyňy goramaga ýardam edýär.

Belent maksatlar bilen täze sepgitlere

19-njy martda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň welaýatlarynda gowaça hasylynyň düýbüni tutmak hem-de ekiş möwsüminiň bellenen agrotehniki möhletlerde geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen, gowaça ekişine başlamaga görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Wise-premýer ussat daýhanlaryň, tejribeli hünärmenleriň, alymlaryň we mehanizatorlaryň gatnaşmagynda ýurdumyzyň welaýatlarynda tejribe maslahatlaryny geçirmegiň hem-de gowaça ekişine başlamagyň senesini belläp, oňa ak pata bermegi hormatly Prezidentimizden haýyş etdi.

Milli demokratiýanyň dabaralanmasy

Türkmen jemgyýetiniň il-gün bilen sala salşyp, ýurt ösüşlerine mynasyp goşant goşmak ýaly süňňüne ornan, döwürleriň talabynda taplanan demokratik däpleri Garaşsyz döwletimiziň jemgyýetçilik-syýasy gurluşynda döwrebap dowam etdirilýär. Ähli ugurlar boýunça şahsyýetiň, jemgyýetiň we döwletiň sazlaşykly ösüşini gazanmak üçin öňde goýlan maksatlar demokratik täzelenişi, ösen raýat jemgyýetini kemala getirmäge gönükdirilen wezipelerde orun alýar. Şu jähetden, ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasynyň özgerdilmegi Milli Parlamente jemgyýetimiziň ähli gatlaklaryna wekilçilik etmäge, häzirki döwrüň derwaýys meselelerini netijeli çözmäge, kanunlary taýýarlamagyň we ulanmagyň ýagdaýyny düýpli gowulandyrmaga hem-de milli maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi güýçlendirmäge oňaýly şertleri döredýär. Netijede, ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasynyň işiniň şeýle röwüşde kämilleşdirilmegi döwlet we jemgyýetçilik durmuşyny mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmakda hem-de ýurdumyzda durmuş adalatlylygynyň kadalaryny doly ykrar etmekde uly ähmiýete eýe bolar.

Ylmy-amaly maslahat

Ýakynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň hem-de Daşary işler ministrliginiň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. «Binagärlik sungatynyň taryhy we medeniýeti» diýen at bilen geçirilen wideoaragatnaşyk arkaly ylmy-amaly maslahatda Russiýa Federasiýasy, Gazagystan Respublikasy, Gyrgyz Respublikasy, Azerbaýjan Respublikasy, Täjigistan Respublikasy, Özbegistan Respublikasy, Ukraina ýaly döwletlerden gelen myhmanlar hem-de türkmen hünärmenleri çykyş etdiler. Çykyşlarda umumadamzat siwilizasiýasynyň binagärlik sungatynyň taryhy, dürli ýurtlaryň milli binagärlik mekdepleriniň özboluşlylygy, häzirki zaman binagärliginiň aýratynlyklary hem-de paýtagtymyz Aşgabadyň ajaýyp binagärlik keşbi, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan şähergurluşyk maksatnamasy barada gyzykly maglumatlar beýan edildi.

Döwrebap çözgütler

Döwrümiziň hem-de geljegiň möhüm wezipelerini berjaý etmäge gönükdirilen aýdyň çözgütleriň bir bölegi sanly ulgamyň mümkinçiliklerinde jemlenýär. Häzirki döwürde diňe bir ählitaraplaýyn ösüş-özgerişleri däl, eýsem, bütin durmuşymyzy hem sanly ulgamsyz göz öňüne getirmek kyn. Bu gün ýurdumyzda maglumat tehnologiýalaryna daýanyp, ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Sanly ykdysadyýet ýurdumyzyň şu günki we geljekki ösüşleri üçin wajyp şertleriň biridir. Hut şonuň üçinem, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyna mynasyp goşant goşjak döwrebap sanly tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmaga uly ähmiýet berilýär. Eziz Watanymyzyň taryhy ösüşlere beslenýän zamanasynda sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly ylmy-tehniki we innowasion işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, ylmy-barlag işleriniň ykdysady bähbitliligini artdyrmak işjeň häsiýete eýe bolýar. Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň sanlylaşdyrylmagy bilim we ylym edaralarynyň özara hem-de halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda esasy köpri bolup hyzmat edýär. Bilim we ylym edaralarynyň ählisi ýokary tizlikli, giň zolakly tor aragatnaşygy bilen üpjün edilýär. Talyp ýaşlar sanly tehnologiýalaryň kömegi bilen bilimiň ähli derejeleri üçin zerur bolan elektron maglumatlar gorundan işjeň peýdalanýarlar.

Hoş geldiň, nowruzym, biziň illere!

At çapdyryp, alyň uly baýragy,Bu bir tebigatyň uly baýramy!Täze günüň, täzelenişiň baýramy,Hoş geldiň, Nowruzym, biziň illere! Sen geldiň, eredi daglaryň gary,Gül açyp başlady ýüregmiň tary,Gülledi, gül açdy baglaryň bary,Hoş geldiň, Nowruzym, biziň illere!

Baýramçylygyň şanyna

Buýsanja beslenen dabara Ýakynda Esenguly çeper halyçylyk kärhanasy kärhananyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy bilen bilelikde Milli bahar baýramy mynasybetli «Bahar gözelligini göllerde jemlän» atly baýramçylyk dabarasyny geçirdi. Dabarada Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda gazanylýan üstünlikler hem-de hormatly Prezidentimiziň tutumly başlangyçlary wagyz edildi.

Ekologiýa abadançylygy — bagtyýarlygyň gözbaşy

Tebigata aýawly garamak, daşky gurşawy goramak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugrudyr. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga büremek, ýer-suw serişdeleriniň oýlanyşykly ulanylmagyna, çölleşmä garşy göreşmek, tebigatyň täsin künjeklerini gorap saklamak, deňiz gurşawyny we Hazar deňziniň biologiýa köpdürlüligini goramak, Araly guramakdan halas etmek ýaly ekologik meseleler şol ugruň çözülmesini talap edýän esasy şahalarydyr. Her bir türkmenistanlynyň muňa dogry akyl ýetirip, agzybirlikde göreş alyp barmagy bolsa bu babatda gazanjak iň uly ýeňşimizdir. Hut şu aýdylanlardan ugur alyp hem, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanyň ekologiýa syýasatynyň möhüm ugurlary bolan daşky gurşawy, tebigatyň biodürlüligini, gözelligini goramak bilen bagly düýpli işler durmuşa geçirilýär. Şol alnyp barylýan işler tutuş adamzadyň şu günki hem ertirki ýaşaýşynyň kadaly, durmuşynyň abadan, sagdyn bolmagyna gönükdirilendir. Bu babatda Türkmenistan halkara derejesinde çözülmegini talap edýän suw-energetika, ýer we biologik serişdeleri rejeli peýdalanmak, biologik köpdürlüligi, tebigaty goramak, çölleşmä we tokaýlaryň ýitmegine garşy göreşmek, howanyň üýtgemegi, ozon gatlagyny, ekologik biodürlüligi goramak, bütin adamzady agyz suwy bilen üpjün etmek, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak, ilata ekologiýa bilimini b

Ülkäme toý bolup gelen ýazlarym

Pasyllaryň soltany bahar paslynyň gelmegi bilen ýurdumyzyň dagy-düzi ýaşyl donuny ýapynyp, lälezarlyga bürenýär. Eziz Diýarymyzyň şäherdir obalary, gül tebigaty ýazyň ýalkymy bilen has-da ajaýyplaşýar. Dana pederlerimiz: «Ýyl görki bahar-ýazdyr, toý görki aýdym-sazdyr» diýen nakyly döredip, bu paslyň joşguna, şähdaçyklyga, dostluga we dostanalyga başlangyçdygyny belläpdirler. Göwünlere täzeleniş, süňňüňe ýeňillik berýän bahar paslynda halkymyzyň toýlary toýlara ulaşýar. Ýaz paslynyň goýnunda ulus-ilimiz Milli bahar baýramyny, Bütindünýä saglyk gününi, Türkmen bedewiniň we alabaýynyň baýramyny, Aşgabat şäheriniň gününi, Türkmen halysynyň we dokma senagatynyň işgärleriniň gününi giňden belläp geçýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan ýylda bu baýramlaryň we şanly seneleriň ähmiýeti has-da artýar.

Täzelenişiň baýramy

Nowruzyň gelmegi bilen Zeminde täzeleniş bolup geçýär. «Nowruz» pars sözi bolup, türkmençä terjime edilende «täze gün» diýen manyny aňladýar. Nowruz — ählumumy sazlaşygyň we täzelenişiň baýramçylygydyr. Çünki bu döwürde gije bilen gündiz deňleşip, gyş öz ornuny bahar paslyna berýär, baglar pyntyklap, güller açylýar. Bu sazlaşyga bagyşlap, Biruni, Ferdöwsi, Omar Haýýam ýaly beýik danalar ölmez-ýitmez eserleri döredipdirler.