"Watan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-16, 38-61-17, 38-61-07
Email: watan@sanly.tm

Habarlar

Dag obasynyň Nowgüli

(Hekaýa) Ýolagçy awtobusynyň aýnasyndan daşaryny synlap oturan ýaş ýigidiň gözleri daş-töwerekdäki gözelliklerdedi. Onuň bu bolup oturyşy göýä bahar paslynyň ajaýyp gözelligi bilen jadylanan ýalydy. Ine-de, ulag iki tarapy hem dagdyr baýyrlyk bilen gurşalan ýol boýunça ýokarlygyna galyp ugrady. Ýigit şondan soň tutuş göwresi bilen ulagyň aýnasyna tarap öwrülip, bu gözellikleri has uly höwes bilen synlamaga başlady. Baýyrlaryň ýüzünde reňbe-reň açylan çigildemler, gülälekdir jümjümeler jadylaýjy gözelligi bilen diňe bir kalby hyjuwdan doly ýaş ýigidi däl, eýsem, islendik adamyny hem özüne bendi edip biljekdi.

Lukmanyň maslahaty

Saglygymyzy gorap saklamagyň esasy ugry sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekdir. Ynsan ruhubelent bolup, sagdyn durmuş ýörelgesiniň binýadynda goýlan esasy kadalary berjaý eden ýagdaýynda, jany sag bolar, ömri uzar. Bu kadalar şulardan ybaratdyr: — ir turup, beden maşklaryny ýerine ýetirmeli;

Möhüm wezipeleri çözmekde ählumumy tagallalar

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde halkymyzyň saglygyny goramak, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, Diýarymyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek ugrunda gazanylýan üstünliklere ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary hem mynasyp goşant goşýarlar. Döwlet Baştutanymyz harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrmaga, ýaş esgerleriň söweşjeň taýýarlygy bilen birlikde, olaryň zähmete bolan söýgüsini ýokarlandyrmaga we degişli düzümleriň azyk howpsuzlygyny üpjün etmäge ýardam edýän kömekçi hojalyklaryň işini kämilleşdirmäge uly ähmiýet berýär. 18-nji martda hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralaryna degişli kömekçi hojalyklarda alnyp barylýan işler we köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine görülýän taýýarlygyň barşy bilen tanyşdy. Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjege gelen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow hasabat berdi.

Ýaýlalarňa ýazlar geldi, Arkadag!

Synlasaň nurana gözleriň bilen,Sazlaryňa salsaň, sözleriň bilen.Dolaýyplar alsaň, päk seriň bilen,Ýaýlalarňa ýazlar geldi,                                      Arkadag! Reýhanalyk ýada salýar köňlüňi,Asyr aşan ýyllardaky öwrümi.Döredensiň dürden dana döwrüňi,Ýaýlalarňa ýazlar geldi,                                           Arkadag!

Nowruz nagmalary

Bagtyýar il şatlyk-şowhuny bilen,Bir suprada jem bolupdyr Nowruzda.Tenekar howasy, gülleri bilen,Ýaz ýakymy em bolupdyr Nowruzda. Bu ajap pursatda gümmürdäp Gök-de,Arşdan nur paýraýyp, durmasyn çäkde.Ýag, ýagyş, ýagyber, Zemini päkle!Bu topraga nem bolupdyr Nowruzda.

Ülkäme bahar gelende...

Pasyllaryň soltany bolan bahar paslynda döwlet derejesinde il agzybirliginde we jebislikde toýlanylýan Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni bezeýän şanly seneleriň biridir. Nowruz baýramynyň kökleri milliligimizden, taryhymyzdan, özboluşly ruhy dünýämizden gözbaş alýar. Ata-babalarymyz gadymdan gelýän Nowruzy täzelenişiň, abadançylygyň baýramy hasaplapdyrlar. Gahryman Arkadagly ýurdumyzda milli däp-dessurlara hormat goýmak, pederleriň sarpasyny belentde saklamak, milli ruha kybapdaş baýramçylyklary döwlet derejesinde bellemek däbe öwrüldi. Garaşsyzlyk ýyllary täzeden dikeldilen Oraza, Gurban, Nowruz baýramlary ruhy galkynyşymyza ganat bekledi. Ýurdumyzda giňden bellenilýän Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni nesillerimizi watansöýüjilik, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemekde, şöhratly geçmişimize, ajaýyp şu günümize buýsanjy artdyrmakda, geljegimize berk ynamy oýarmakda uly ähmiýete eýedir.

Gazanlarda gaýnar durar semeni

Nowruz — bu täze günüň, täzelenişiň baýramy. Bahar paslynyň gelendigini alamatlandyrýan bu döwür adamlaryň kalbyna täzeleniş, mähir, nur paýlaýar. Gyş ukusyndan oýanan baglara jan girip, olar ap-ak güle bürenýän bolsa, sähralar ýaşyl don ýapynyp, jümjüme, gülälek, çigildem ýaly al-elwan güllere bürenýär. Babadaýhanlarymyz bolsa ekiş möwsümine girişýärler. Ýurdumyza baharyň gelşiniň üýtgeşik bolşy ýaly, Nowruzyň baýram edilip, bellenilişiniň hem öz aýratynlyklary bar. Nowruz golaýlaşdygyça, adamlar ýakymly aladalar bilen gurşalýar. Her kim bu ajaýyp baýramçylygy milli däp-dessurlara eýerip, mynasyp garşylamaga çalyşýar. Milli bahar baýramynda — Halkara Nowruz gününde dürli milli tagamlar taýýarlanylyp, goňşy-golamlara, myhmanlara hödür-kerem edilýär. Yryma görä, ol günde ýedi dürli tagam taýýarlanylypdyr. Bu däp-dessur häzirki günlerde hem dowam edip gelýär. Nowruz saçagyny bezeýän tagamlaryň naýbaşysy bolsa Äşe-Patmanyň aşy hasaplanylýan semenidir. Semeni kiçijik çagalardan başlap, uly ýaşly adamlaryň hem halaýan tagamy bolmak bilen, onuň taýýarlanylyşynyň öz aýratynlyklary bar. Çünki semenini taýýarlamak üçin ilki bugdaý dänelerini ekip, ony yzygiderli çyglandyryp durmaly. Şine ýaryp, gögerip başlan bugdaýy döwmeli we çykan şireli suwuny un bilen garyp gaýnatmaly. Semenini taýýarlamak işi wagty köp talap edýär. Gaýnap duran semenini gazanyň düýbüne ýelmeşmez ýaly, yzygider bul

Te­bi­ga­tyň gö­zel­li­gi — sag­dyn­ly­gyň sa­ka­sy

Ja­na te­ne­kar ho­wa­sy, al-ýa­şyl öwüs­ýän säh­ra­sy, dag­lar­dan akyp gaýd­ýan çeş­me-çaý­la­ry, ýy­lyň çar pas­lyn­da gök öw­süp otu­ran ar­ça­ly de­re­le­ri bi­len kal­by­ňa aram, köň­lü­ňe yl­ham ber­ýän türk­men te­bi­ga­ty bi­ziň umu­my öýü­miz­dir, sag­dyn we bag­ty­ýar dur­mu­şy­my­zyň sa­ka­sy­dyr. Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da gö­zel te­bi­ga­ty­my­zy go­ra­ma­ga, onuň baý­lyk­la­ryn­dan aýaw­ly peý­da­lan­ma­ga, ýur­du­my­zy ba­gy-bos­san­ly­ga öwür­mä­ge uly üns be­ril­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň şu ýy­lyň 12-nji few­ra­lyn­da ge­çi­ri­len mej­li­sin­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýur­du­my­zy ba­gy-bos­san­ly­ga öwür­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri has-da ýaý­baň­lan­dyr­mak hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň şan­ly 30 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li ekil­ýän bag na­hal­la­ry­nyň möç­be­ri­ni art­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, gol çe­ken Ka­ra­ry­na la­ýyk­lyk­da, şu ýyl ýur­du­my­zyň mi­nistr­lik­le­ri­ne we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­na, Aş­ga­bat şä­he­ri­niň hä­kim­li­gi­ne 10 mil­lion düýp na­ha­lyň, we­la­ýat­la­ryň hä­kim­lik­le­ri­ne 20 mil­lion düýp na­ha­lyň ekil­me­gi­ni üp­jün et­mek tab­şy­ryl­dy.

Goşgular çemeni

Bu bahar Älemgoşar bilen bezäp asmany,Zemine-de ýazdy haly bu bahar.Gözelligiň soňlanmajak dessany,Ömrüme eçildi many bu bahar.

Saglygymyzy goralyň!

Her paslyň öz aýratynlyklary bar. Irki baharda adam bedeni üçin witaminler, minerallar azlyk edip başlaýar. Bu ýagdaý dürli keselleriň döremegine, howanyň durnuksyzlygy sebäpli, dem alyş ýollarynyň ýiti respirator we öýken keselleriniň ýüze çykmagyna getirip bilýär. Bahar paslynyň ilkinji günlerinde ýagyş, güýçli ýel, yzygiderli şemally howa we çyglylygyň üýtgäp durmagy bedeniň immun ulgamyny pese düşürýär. Beden sowuklama duýgur bolýar. Könelişen keseller gaýtadan ýüze çykyp başlaýar. Allergiýanyň döremegi beýleki öýken keselleriniň we respirator keselleriniň agyr geçmegine sebäp bolup bilýär.

Gurýan döwlet gurpludyr

16-njy martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz hem-de Ahal welaýaty boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäheriň birnäçe desgalaryndaky, şeýle hem welaýatyň täze döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Irden döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde gurulýan köpugurly işewür merkezli kaşaň «Garagum» myhmanhanasyna gelip, bu ýerde wise-premýer Ş.Durdylyýewiň bu desgada geçirilýän, şol sanda ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabatyny diňledi. Häzirki wagtda bu köpugurly işewür merkezli myhmanhananyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.

Möhüm ugurlarda derwaýys çözgütler

15-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda ýurdumyzyň paýtagtyny hem-de welaýatlarymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça möhüm meselelere, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna, ýazky ekiş möwsümine hem-de şanly senelere taýýarlyk görlüşine garaldy. Iş maslahatynyň barşynda hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen binalaryň we desgalaryň gurluşyk işleriniň barşy, ýazky bag ekmek dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri, bugdaýy mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak, gowaça ekişine taýýarlyk görmek, daýhanlary ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän agrotehniki çäreler, gök-bakja ekinleriniň we miweleriň bereketli hasylyny almak üçin geçirilýän zerur işler, maldarçylyk hojalyklarynyň ýagdaýy we dowarlardan owlak-guzy almak möwsümi, şeýle hem, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» hem-de Oba milli maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri öz wagtynda çözmek we meýilnamalaýyn işleri ýerine ýetirmek boýunça amala aşyrylýa

Mermer şäher, merjen şäher, Aşgabat!

Şöhlesi düşüp dur çar ýana Günüň,Burk urýan hoş ysy gelip dur gülüň,Şeýle bir nurana, gözel her günüň,Mermer şäher, merjen şäher, Aşgabat! Sen aşyklaň hemem yşkyň şäheri,Gülüp garşy alýas her bir säheri, Günleriň ýatladýar baky bahary,Mermer şäher, merjen şäher, Aşgabat!

Ýürekleriň aýdymy

Her gezek gulluk edýän serhet galamyzyň golaýynda ýerleşýän serhet diňindäki, ýa bolmasa-da serhet galamyzyň nyzam meýdançasynyň gyrasynda ýerleşdirilen baýdak diňindäki pasyrdap duran mukaddes Baýdagymyza nazarym düşende kalbyma, özboluşly ruhy sazlaşyk aralaşýar. Gursagymda peýda bolýan bu üýtgeşik duýga men bir gez beýgelip, has-da ruhlanýaryn. Kalbymda döreýän bu duýgyny asmanda erkanalygyň, bagtyýarlygyň nyşany bolup pasyrdaýan ýaşyl Baýdagymyzyň berýän güýç-kuwwaty hasaplaýaryn. Döwlet baýdagymyzyň keşbi gulluk edýän ýerlerimi — ýaýlyp ýatan ýaşyl sähralyklaryň keşbini göz öňümde janlandyrýar. Ol Watan goragyna, oňa ak ýürekden hyzmat etmäge çagyryş bolup, dünýämizi bezeýär. Ýurt we Baýdak — bular biri-biri bilen baglanyşykly mukaddeslikdir. Asuda asmanda parlap duran Baýdagymyza nazaryň düşende, mizemez arkalydygyňa synmaz döwletlidigiňe buýsanýarsyň. Bir gezek halkara ýaryşlaryndan üstünlikli dolanyp gelen serhetçi türgenlerimiziň birinden ýeňiş münberine çykan wagtynda ýaşyl Baýdagymyzyň belende göterilmeginiň özünde galdyran täsiri hakynda soranymda, ol şeýle gürrüň beripdi:

Ösüşlerde altyn gaznaň ady bar

Düýn — 17-nji martda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisiniň hem-de maslahatynyň açylyş dabarasy boldy. Däp bolşy ýaly, milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda iş alyp barýan hususy işewürleri birleşdirýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilen gününe gabatlanyp guralýan gözden geçirilişiň açylyş dabarasyna hökümet agzalary, Mejlisiň ýolbaşçylary we deputatlary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, ministrlikleriň we edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň sergisine hem-de birleşmäniň agzalarynyň maslahatyna gatnaşyjylara iberen Gutlagynda ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmekde hususy pudagyň ornunyň barha artýandygy aýratyn bellenildi. Döwlete dahylsyz ulgamyň ykdysadyýetde eýeleýän ornunyň barha artdyrylmagy ýurdumyzy 2025-nji ýyla çenli durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenilýär. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleriň giňeldilmeginde, ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň artdyrylmagynda, bäsdeşlige ukyply önümçiligiň ösdürilmeginde telekeçilige möhüm orun degişlidir. Kiçi we orta telekeçilik innowasion ykdysady

Daýhanlaryň ygtybarly daýanjy

Oba hojalyk ekinlerinden bereketli hasyl öndürmekde, möwsümleýin agrotehniki çäreleri öz wagtynda we ýokary hilli geçirmekde täze tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan tehnikalaryň ähmiýeti uludyr. Bu babatda mehanizatorlar daýhanlaryň iň ýakyn ýardamçylarydyr. Görogly etrap Tehniki hyzmat ediş kärhanasynda dünýäniň abraýly kompaniýalarynyň öndüren «Case», «CLAAS», «Ahion-850», «John Deere», «Belarus-1221» kysymly sürüm traktorlarynyň 47-si, şeýle-de «СLAAS AHOS-340» bejergi traktorlarynyň 39-sy, däne we pagta ýygnaýan kombaýnlaryň 69-sy bar. Olaryň kömegi bilen 2020-nji «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda etrapda galla hem-de pagta meýdanlarynda düzlemek, sürüm, ekiş, hatarara bejeriş-ideg, ýygym işleri ýokary derejede amala aşyryldy. Şol sanda abatlaýyş ussahanasynda we beýleki ýerlerde işler talabalaýyk ýerine ýetirildi.

Wakalar, dabaralar

Döredijilige bagyşlandy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda eziz Diýarymyza bahar paslynyň gelmegi, şeýle-de Çagalaryň teleradioýaýlymlarynyň halkara güni mynasybetli aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi. Institutyň jemgyýetçilik guramalarynyň guramagynda geçirilen duşuşyga döredijilik işgärleri, ýokary okuw mekdebiň mugallymlary we talyplary gatnaşdy. Dabarada tanymal artistler we talyp ýaşlar çeper okaýyşlary ýerine ýetirdiler.

Kitaphana — bilimler ojagy

Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyny zähmet üstünlikleri bilen garşylamagy maksat edinýän halkymyz ýylyň başyndan bäri has-da uly ruhubelentlik bilen zähmet çekýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda gurlup ulanylmaga berlen, kaşaňlygy we döwrebaplygy bilen tapawutlanýan Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň binasynda zähmet çekýän işgärler hem Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny zähmet sowgady bilen garşylamaga çalyşýarlar. Kitaphananyň agzybir işgärleriniň maksady bagtyýarlyk döwrüniň okyjylaryna döwrebap hyzmat etmekden ybarat. Döwlet kitaphanamyzda bu ugurda köp işler alnyp barylýar. Döwrüň talabyna laýyk gelýän, täze iş usullary ornaşdyrylyp, dürli medeni çäreler guralýar. Okyjylaryň arasynda döredijilik we edebiýat agşamlaryny geçirmek, dürli söhbetdeşlikleri guramak ýaly çäreler, baýramçylyk dabaralary yzygiderli geçirilip durulýar. Kitap sergileri guralýar. Okyjylar elektron kitaplardan geregiçe peýdalanyp bilýärler. «Döwrebap bibliografik görkezijiler» diýen at bilen Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy hem-de Türkmen Döwlet medeniýet institutynyň arasynda geçirilen önümçilik tejribe söhbetdeşligine institutyň talyplary höwes bilen gatnaşyp, özlerini gyzyklandyrýan sowallara anyk jogaplary tapýarlar.

Paýhas eýesi pyragy

Milli gymmatlyklarymyza, medeni hem-de edebi mirasymyza uly hormat goýýan we olary bütin dünýä ýaýmak ugrunda tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny belläp geçmek baradaky başlangyçlary hem-de Köpetdagyň belent gerşinde akyldaryň ýadygärliginiň bina edilmegi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bir supranyň başyna jem bolan halkymyzyň kalbyny buýsanja besledi. Çünki Magtymguly Pyragy öz şygyrlarynda türkmeniň durmuş pelsepesini halka düşnükli dilde beýan edip, ýokary ahlak ýörelgeleriniň milli mekdebini kemala getiren beýik akyldardyr. Bu günki bagtyýar zamanamyzda Magtymguly Pyragynyň paýhas ummany, dürdäne döredijiligi her bir ynsan, aýratyn-da, ýaş nesil üçin nusgalyk terbiýe mekdebidir. Akyldar atamyz öz döredijiliginde gaýratlylyk, sahawatlylyk, halallyk, päklik, lebzihalallyk, dosta wepalylyk, ynsanperwerlik ýaly ýörelgeleri tekrarlaýar. Şahyryň şygyrlary ynsan durmuşyna ruhy güýç goşýar. Olarda öňe sürülýän pikirler durmuşymyzda ahlak ýoluny arçaýar. Magtymgulynyň döredijiliginden eriş-argaç bolup geçýän, adamyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrýan, oňa estetiki lezzet berýän eserler milli terbiýäniň esaslaryny emele getirýär.

Milli terbiýäniň gönezligi

Adamzat ähli döwürlerde nesil terbiýesine uly ähmiýet berip, ýaşlaryň bagtly geljegi ugrunda tagalla edip gelipdir. Ýaşlary watansöýüjilik we gaýratlylyk ruhunda terbiýelemäge aýratyn ähmiýet beren türkmen halky nesil terbiýesiniň kämil mekdebini kemala getiripdir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyz ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerine eýerip, nesil terbiýesini hemişe üns merkezinde saklaýar we ýaşlaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek ugrunda irginsiz tagallalary edýär. Ýaşlary Watana wepalylyk, asyllylyk, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik ýaly ýörelgeler esasynda terbiýelemäge, olaryň hukuk we durmuş goraglylygyny üpjün etmäge, ruhy-ahlak hem-de medeni gymmatlyklarymyzy, milli däp-dessurlarymyzy wagyz etmäge gönükdirilen işler nesil terbiýesinde möhüm orny eýeleýär. Halkymyzda gadymy döwürlerden bäri çagalara ýaşlykdan ulyny sylamak, kiçini söýmek ýaly ýagşy gylyk häsiýetler ündelip gelipdir. Şol endik-häsiýetler nesilden-nesle geçip, häzirki wagtda-da, dowam etdirilip gelinýär. Hormatly Prezidentimiz «Mertler Watany beýgeldýär» atly eserinde: «Ata-babalarymyz perzendine pent edeninde, Jygalybeg bolup sözläpdirler, Magtymgulynyň şygyrlary bilen olara merdanalygy wesýet edipdirler. Şeýdip, il-halkynyň agysyna aglan, begenjine begenen Görogly ýaly ärleri ýetişdiripdirler. Jygalybegiň pentleri — halkymyzyň häsiýetidir, dünýägaraýşydyr.