Möhüm wezipeleri çözmekde ählumumy tagallalar

19 Mart 2021
1192

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde halkymyzyň saglygyny goramak, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, Diýarymyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek ugrunda gazanylýan üstünliklere ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary hem mynasyp goşant goşýarlar. Döwlet Baştutanymyz harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrmaga, ýaş esgerleriň söweşjeň taýýarlygy bilen birlikde, olaryň zähmete bolan söýgüsini ýokarlandyrmaga we degişli düzümleriň azyk howpsuzlygyny üpjün etmäge ýardam edýän kömekçi hojalyklaryň işini kämilleşdirmäge uly ähmiýet berýär.

18-nji martda hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralaryna degişli kömekçi hojalyklarda alnyp barylýan işler we köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine görülýän taýýarlygyň barşy bilen tanyşdy. Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjege gelen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow hasabat berdi.

«Watan».