Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak, şäherleri we obalary ösdürmek, adamlaryň döredijilikli zähmet çekmegini, medeniýetli dynç almagyny we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek ugrunda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Munuň üçin yzygiderli kabul edilýän döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Bagtyýar zamanamyzda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň barha ýokarlanýandygyna has aýdyň göz ýetirmek üçin, onçakly uzak bolmadyk geçmişe göz aýlamak ýeterlikdir. Şu ýyl mukaddes Garaşsyzlygyň şanly 30 ýyllyk baýramyny giňden belleýän eziz Watanymyzyň özygtyýarly ösüş ýoluna gadam basanyna, taryhy nukdaýnazardan seretseň, onçakly uzak döwür hem geçenok. Muňa garamazdan, şeýle gysga döwürde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan asyrlara barabar ösüşleri gazandy, halkymyzyň durmuş şertleri görlüp-eşidilmedik derejede ýokarlandy. Geçmişe nazar aýlasak, baryp çärýek asyr mundan ozal hem öý-hojalyk tehnikalary, awtoulaglar, ähli amatlyklar bilen üpjün edilen ýaşaýyş jaýlary, ýokary hilli harytlar we hyzmatlar adamlaryň arzuw edýän zatlarynyň hatarynda görülýärdi. Häzir bolsa, bularyň ählisi durmuşymyzda adaty bolaýmaly şertlere öwrüldi. Has ähmiýetlisi-de, Garaşsyz döwletimiz dünýäniň iň howpsuz, asuda we ýaşamak üçin iň oňaýly ýurtlarynyň biri hökmünde ykrar edildi.