Sagdyn iýmitlenmek bedende madda çalşygynyň dogry bolmagy üçin zerurdyr. Madda çalşygynda hökmany deňagramlylyk saklanmalydyr. Deňagramlylygyň bozulan ýagdaýynda, ilki bilen, agzalaryň işinde üýtgemeler ýüze çykyp, ol kesellere öwrülip biler.
Bedeni sagdyn saklamak, goramak ateroskleroz keseliniň, nerw-psihiki bozulmalaryň we newroz ýaly keselleriň öňüni alyp we bedeniň ýokançlyklara durnuklylygyny ýokarlandyryp bolar.