"Watan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-16, 38-61-17, 38-61-07
Email: watan@sanly.tm

Habarlar

Ýüzüklerdäki ýazgylar we nagyşlar

Bagtyýarlyga beslenen ýurdumyzda milli mirasymyzy öwrenmäge giň ýol açyldy. Hormatly Prezidentimiziň: «Beýik Ýüpek ýoly Gündogaryň hem Günbataryň halklarynyň taryhynda wajyp orun eýeledi. Onuň bilen bagly taryhy ýazgylar, arheologiýa tapyndylary, etnografiýa we edebi gymmatlyklar, halk hakydasynda saklanyp galan ruhy miras gitdigiçe gyzyklanmany artdyrýar...» diýen sözleri halkymyzyň taryhyna bolan gyzyklanmasynyň barha artýandygynyň aýdyň güwäsidir. Türkmenistan ösen medeniýetiň we sungatyň mekany bolup, taryhyň dürli döwürlerine degişli arheologik ýadygärliklere baýdyr. Olarda türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden gymmatlyklarynyň ençemesi biziň günlerimize çenli saklanyp galypdyr. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň muzeýinde, welaýatlarda ýerleşýän Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýleriň arheologiýa gaznalarynda, olaryň şahamçalarynda dürli ýyllarda geçirilen gazuw-barlag işleriniň netijesinde toplanan we saklanýan baý, gymmatly metaldan ýasalan tapyndylar öwrenildi.

Ýü­rek­ler­de ýaşaýan ýa­dy­gär­lik

Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz ýanwar aýynyň 25-ine paýtagtymyza we onuň töweregine iş saparyny amala aşyrdy. Şol iş saparynda milli mirasymyza uly sarpa goýýan eziz Arkadagymyz ençeme meseleler bilen bir hatarda dag etegindäki ýollaryň çatrygynda ýerleşýän Şükür bagşynyň heýkeliniň ýanynda hem saklandy. Ahalteke bedewine atlanan Şükür bagşynyň ýadygärligini we onuň töweregini hasam gözel keşbe getirmegi, arassaçylyk we abadançylyk işlerini geçirip, gülzarlyga öwürmegi tabşyrdy. Şonuň esasynda-da hormatly Prezidentimiziň 28-nji ýanwarda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda hem bu meselä dolanylyp, degişli ýolbaşçylar tarapyndan Şükür bagşynyň hormatyna dikilen bu ýadygärligiň töwereginde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly hasabat berildi. Şundan hem görşümiz ýaly, öz döwründe parahatçylygy sungatyň üsti bilen dabaralandyran we şu güne çenli ýüreklerimizde ýaşap gelýän Şükür bagşynyň bu ýadygärligi iň bir gözel we gelim-gidimli ýerleriň biri bolar. Biz, Şükür bagşyny elmydama-da, bedew atyň üstünde, dutarly göz öňüne getirýäris. Çünki ol agasyny halas etmäge gidende-de çarkandakly ýollary şeýle atyň üstünde ýeňip geçipdi, maksadyna-da ýetipdi. Bu günki günde iň bir gözel ýerleriň birini Şükür bagşynyň bedew atyň üstündäki arkasy dutarly heýkeliniň bezäp oturmagy we ol ýeriň hasam gözelleşdirilmegi Gahryman Arkadagymyzyň saz sungat

Düzgünleri berjaý edeliň!

Raýatlar tarapyndan ýaşaýyş jaýlarynda we iş orunlarynda ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň berk we düşünjeli berjaý edilmegi, ot ýakmagyň, elektrik we gaz akymy bilen işleýän enjamlary oturtmagyň, ulanmagyň kadalary dogry ýerine ýetirilende, döräp biljek ýangynlaryň öňüni almak bolar. Ýyladyjy peçleriň we olaryň tüsseçykarlarynyň dogry ýerleşdirilmegi, çagalaryň ot bilen oýnamaklarynyň öňüniň alynmagy bu işde aýratyn ähmiýetli orna eýedir. Ýangyny söndürenden, onuň öňüni almak has aňsatdyr we bähbitlidir. Şunda iň bir kiçijik uçgundan hem uly ýangynlaryň döräp bilýändigini ýatda saklamalydyr. Entek gyş paslynyň dowam edýän şu günlerinde hojalyklarda öýleri ýyly saklamak üçin tebigy gaz bilen işleýän peçlerden peýdalanylýar. Şunda şol gaz peçlerini oturtmagyň we ulanmagyň «Durmuşda gazy howpsuz ulanmagyň kadasynyň» talaplaryna laýyk gelmegi hökmany talapdyr.

Möhüm ugurlarda derwaýys çözgütler

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesiniň dabaralanýan ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly syýasatynyň netijesinde ýurdumyzyň ähli ugurlarda gülläp-ösmegi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagy ugrunda uly tagallalar edilýär. Hormatly Prezidentimiziň 29-njy ýanwarda geçiren Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde hem döwletimiziň durmuşyna degişli birnäçe möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Gün tertibine halk hojalyk toplumynyň pudaklaryny ösdürmegiň netijeleri we meýilnamalary, şeýle hem Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň hem-de şu ýylyň şygarynyň, türkmen paýtagtynyň 140 ýyllygynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň hormatyna geçirilmegi meýilleşdirilen çäreleriň maksatnamasy girizildi.

Dabara geçirildi

29-njy ýanwarda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy bilen yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň başlanmagy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän öňdengörüjilikli bu strategiýa, öňe sürülýän başlangyçlar bütin dünýäde giňden makullanylýar hem-de goldawa eýe bolýar. Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen dabara daşary ýurtly diplomatlar, ýurdumyzda işleýän abraýly halkara guramalaryň wekilhanalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi

30-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiziň tabşyrmagy boýunça Daşary işler ministrliginde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de Aşgabat şäher häkimliginiň hem-de habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri gatnaşdylar. Mejlisiň dowamynda Birleşen Milletler Guramasynyň iň iri ýöriteleşdirilen edarasy bilen hyzmatdaşlyga degişli giň gerimli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Esasy meseleleriň hatarynda «Ýüpek ýoly: Zarawşan — Garagum geçelgesi» ulgamlaýyn nominasiýasy boýunça milli ýadygärlikleriň birnäçesini ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmegi teklip etmek baradaky mesele boldy.

Döwletimiziň saglygy goraýyş ulgamynda

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we kämilleşdirmek boýunça öňdengörüjilikli syýasaty bu pudagy dünýäniň ösen derejesine çykardy. Dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijilerinden häzirki zaman sanjymlary yzygiderli satyn alynýar. Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygy esasynda keselleriň öňüni almak, sanjymlara gözegçilik etmek, halkyň saglygyny berkitmek, şeýle hem ýurdumyzda durnukly we amatly arassaçylyk ýagdaýyny saklamak boýunça maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar.

Maslahat geçirildi

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň saglygyny goramak, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşa ornaşdyrmak ugrunda uly işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda raýatlaryň abadan, bolelin, bagtly ýaşaýşynyň ähli zatdan ileri tutulmagy, hukuklarynyň, azatlyklarynyň goralmagy eziz Diýarymyzda «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgäniň aýdyň dabaralanmasydyr. Döwletiň iň gymmatly baýlygy adam we onuň saglygydyr. Şol sebäpli halkyň saglygyny goramak, uzak ýaşamagyny gazanmak ugrunda döwlet tarapyndan giň mümkinçilikler açylýar.

Milli kanunçylyk kämilleşdirilýär

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary ýurdumyzda demokratik ýörelgeleri işjeňleşdirmegiň ýolunda möhüm ädime öwrüler Gahryman Arkadagymyz döwletiň we jemgyýetiň işiniň ähli ugurlaryny üstünlikli kämilleşdirmäge, dünýädäki täzelikleri, ylmyň häzirki zaman gazananlaryny nazarlamak bilen, olary işjeň ösdürmäge ýardam edýän täze kanunçylyk resminamalaryny işläp taýýarlamak boýunça işi ilerletmegiň möhümdigini hemişe üns merkezinde saklaýar. Kabul edilen kanunçylyk resminamalary, halkara ülňülerini hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň anyk ýagdaýlaryny hasaba almak bilen, milli kanunçylyk kämilleşdirilýär. Şunda halkara derejesinde toplanan tejribelerden we ata-baba dowam edip gelýän milli däp-dessurlarymyzdan, ruhy-ahlak gymmatlyklarymyzdan ugur alynýar.

Okgunly ösüşleriň ýoly

Ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýoly barada gyzykly maglumatlar: — Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyna 2020-nji ýylyň ýanwarynda badalga berildi. Ony 2023-nji ýylyň dekabrynda ulanyşa tabşyrmak meýilleşdirilýär.

Zeminiň dostluk damary

«Garaşsyzlyk gadyry» çeper-publisistik toplumdan ...1886-njy ýylyň 2-nji iýulynda merwliler bu ýere gelen ilkinji demir ýol ulgamyny görmek üçin onuň ýoluna çykýarlar. Ine, şondan soň bu ýoluň iň güzaply, iň kyn bölegini — Garagumuň hemişe ýel-tupan öwsüp duran bölegini gurmaga girişilýär. Ylaýta-da Rawnina, Üçajy töwereklerde gurlan ýoly çäge syrgyny basyp, hupbat baryny görkezýär. Köp ýerde aňňat-aňňat çäge alaňlaryny böwsüp geçmeli bolýar. Ahyrsoňunda 1886-njy ýylyň 30-njy noýabrynda demir ýol Amyderýanyň bäri kenaryna barýar. Ýöne iş munuň bilen tamamlanaýmaýar. Demir ýoly ondan aňryk — Gyzylgum sähralarynyň içi bilen Buhara, Samarkanda ýetirmek strategik taýdan juda möhüm bolupdyr. Şeýlelikde, 1888-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda Amyderýanyň üstünden 124 gije-gündizde gurlan köprüden ilkinji ýükli otly geçýär.

Nesil terbiýesi

Hormatly Prezidentimiz: «Çagalaryna aýratyn söýgi, aýratyn alada bilen garamak, olara özüniň iň gowy zatlaryny bagyş etmek türkmenleriň gadymdan gelýän däpleriniň biridir» diýip belleýär. Biz ýurdumyzda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösüp gelýän ýaşlar babatda edilýän aladalarda ata-baba dowam edip gelýän bu asylly ýol-ýörelgelerimiziň aýdyň şöhlelenmesini görýäris. Ýaşlara zamanabap milli bilim-terbiýe bermek, olaryň ilhalar ynsanlar, zamanabap hünärmenler bolup ýetişmekleri ugrunda döwletimizde uly işler amala aşyrylýar. Paýtagtymyzda we welaýatlarymyzda binagärlik babatda dünýä ülňülerine laýyk gelýän, häzirki zaman ösen tehnologiýalar esasynda, sanly ulgama daýanylyp enjamlaşdyrylýan mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, umumybilim berýän orta mekdep, ýokary okuw mekdep binalary gurlup ulanylmaga berilýär. Milli ýol-ýörelgelere esaslanyp, bilim we terbiýe bermek işinde bilim-terbiýeçilik edaralary bilen maşgalanyň özara hyzmatdaşlygy ýola goýulýar.

Şöhratly taryhyň aýdyň beýany

Türkmenistan gadymy we orta asyrlarda döredilen hem-de öz wagtynda dünýäniň ösen ylym-bilim, medeniýet merkezleri hökmünde meşhur bolan şäherleriň mekanydyr. Orta asyrlarda türkmen topragyna syýahat edip, bu ýeriň ajaýyp şäherlerini synlan taryhçylar, syýahatçylar geň galdyryjy hem-de gymmatly maglumatlary galdyrypdyrlar. Bu maglumatlar halkymyzyň baý taryhyny öwrenmekde möhüm çeşmelerdir. Orta asyrlarda Türkmenistana gelen syýahatçylaryň eserlerinde ýurdumyzyň şähergurluşyk, binagärlik aýratynlyklary bilen bir hatarda ösen medeniýeti hakynda hem giňişleýin beýan edilipdir. Orta asyrlarda söwdanyň ösmegi bilen, Gündogarda geografiýa ylmy hem ösüpdir. IX we X asyrlarda geografiýa ylmy boýunça iki nusgawy mekdep kemala gelipdir. Olar IX asyryň ortalarynda kemala gelen Yrak geografiýa mekdebi we X asyrda meşhur bolan Balh geografiýa mekdebidir.

Derek agajy

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen türkmeniň sahawata we berekede baý giň sähralary ýaýylyp ýatan bagybossanlyga we gülzarlyga öwrülýär. Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda her ýyl ýurdumyzda bag ekmek boýunça ählihalk dabarasynyň geçirilmegi raýatlarymyzyň saglygyny goramagyň, durmuşy we dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmegiň ýurdumyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygyna şaýatlyk edýär. Türkmen tebigaty miwe, saýa, boýag, ýag berýän, dermanlyk häsiýetli ösümlikleriň görnüşlerine örän baýdyr. Mähriban Watanymyzda az çyglylykda, gurak howada we ýokary gyzgynlykda ösýän agaçlaryň köp görnüşleri duş gelýär. Şolaryň biri hem derek agajydyr.

Sagdynlyk kadalary

Dür­li ýo­kanç­lar­dan we zy­ýan­ly to­zan bö­le­jik­le­ri­niň ýe­tir­ýän tä­si­rin­den go­ran­mak üçin: — agyzbu­run ör­tük­le­ri­ni da­kyn­mak;

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahaty

28-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, Lebap welaýatynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, şeýle hem saglygy goraýyş we derman senagaty ministri gatnaşdylar. Iş maslahatynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, obasenagat toplumynda düýpli özgertmeleri amala aşyrmak bilen baglanyşykly hem-de eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň şu ýyl belleniljek şanly 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga beriljek desgalardaky işleriň ýagdaýy barada meselelere garaldy.

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

27-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine, jemgyýetimizde tertip-düzgüni berkitmek, degişli düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak bilen baglanyşykly wezipelere we bu ugra degişli beýleki birnäçe wajyp meselelere garaldy. Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, goranmak ministri B.Gündogdyýewe söz berdi. Ministr 2021-nji ýylyň ilkinji aýynda ýerine ýetirilen işleriň we öňde goýlan wezipeleri amala aşyrmak boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Söwda ulgamy we innowasiýalar

Döwlet edaralaryny sanly ulgama geçirmegiň depginini ýokarlandyrmak geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezilýär. Häzirki döwürde gerimi giňeýän innowasion ösüş sanly söwda ulgamynyň çäklerine-de aralaşdy. Onda internet dükanlaryň görnüşleri, hukuklarydyr borçlary, uzak aralykdan satylmagyna ýol berilmeýän harytlaryň sanawy, dermanhanalaryň elektron söwdany alyp barmaklarynyň aýratynlyklary, uzak aralykdan satylýan harytlaryň mahabatlandyrylyşy, harydy satyn almak-satmak şertnamasyny baglaşmak we ýerine ýetirmekden ýüz öwürmegiň ýagdaýlary, eltip bermegiň tertibi düzgünleşdirilýär. Bu döwrebap resminama sanly ykdysadyýetiň «ynamly ulanyjylaryny» emele getirmek, söwda ulgamyny sanlylaşdyrmak, internet dükanlarynyň işini ýola goýmagy kadalaşdyrmak ýaly maksatlara ýetmegi göz öňünde tutýar.

Ýaş nesil — ýurduň geljegi

Ýaşlaryň halkymyz tarapyndan asyrlaryň dowamynda döredilen milli ruhy gymmatlyklaryň, ynsanperwer ýörelgeleriň esasynda terbiýelenmegi, Garaşsyz Watanymyzyň gazanýan üstünliklerine buýsanýan, il-güne wepaly, zähmetsöýer, ylymly-bilimli, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşine mynasyp goşant goşýan kämil nesilleri kemala getirmek hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan döwlet syýasatynyň möhüm ugrudyr. Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde ýurdumyzda ýaş raýatlar aýratyn alada bilen gurşalyp alynýar. Döwlet Baştutanymyzyň parasatly başlangyçlary esasynda ýaşlaryň durmuş üpjünçiligini kepillendirýän milli kanunçylyk ulgamy döredildi. Şoňa laýyklykda, ýaş maşgalalary goldamak, ýaşlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, olaryň döwrebap bilim almagy, dynç alşy üçin ähli zerur şertler döredildi. 2013-nji ýylda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi hem-de soňky ýyllarda ýaşlaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen maksatnamalaryň yzygiderli amala aşyrylmagy bu ugurda durmuşa geçirilen möhüm ädimlerdir. «Türkmenistanyň ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021—2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» kabul edilmegi ýaş türkmenistanlylaryň döwletiň we jemgyýetiň ähli ulgamlarynda amala aşyrylýan döwrebap özgertmelere hem-de jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm wakalaryna işjeň gatnaşmagyny üpjün etmekde, şeýle hem olaryň ýaşaýyş-durmuş derejesin

Halkara hyzmatdaşlygy: täze ugurlar we öňde durýan wezipeler

Häzirki döwürde adamzadyň durmuşyny energiýa üpjünçiliksiz göz öňüne getirmek örän kyn. Bizi gündelik gurşap alýan zatlaryň ählisi energiýa harçlanmasy bilen berk baglanyşyklydyr. Energiýa howpsuzlygy, üpjünçiligi ýaly meseleler bütindünýä gün tertibiniň gaýragoýulmasyz meseleleriniň biri bolmagynda galýar. Birleşen Milletler Guramasy bu meselä aýratyn ähmiýet berýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2012-nji ýyly «Hemmeler üçin halkara energiýa ýyly» diýip yglan etmegi ýa-da edil şol ýyl bu babatda Jarnamanyň kabul edilmegi hem-de 2015-nji ýylda bu guramanyň agza döwletleri tarapyndan ählumumy kabul edilen Ösüşiň 2030-njy ýyla çenli gün tertibiniň 7-nji maksadynyň hut energiýa üpjünçiligi bilen bagly bolmagy munuň şeýledigine aýdyň şaýatlyk edýär.