Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we kämilleşdirmek boýunça öňdengörüjilikli syýasaty bu pudagy dünýäniň ösen derejesine çykardy.
Dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijilerinden häzirki zaman sanjymlary yzygiderli satyn alynýar. Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygy esasynda keselleriň öňüni almak, sanjymlara gözegçilik etmek, halkyň saglygyny berkitmek, şeýle hem ýurdumyzda durnukly we amatly arassaçylyk ýagdaýyny saklamak boýunça maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar.