Halkara hyzmatdaşlygy: täze ugurlar we öňde durýan wezipeler

29 Ýanwar 2021
1871

Häzirki döwürde adamzadyň durmuşyny energiýa üpjünçiliksiz göz öňüne getirmek örän kyn. Bizi gündelik gurşap alýan zatlaryň ählisi energiýa harçlanmasy bilen berk baglanyşyklydyr.

Energiýa howpsuzlygy, üpjünçiligi ýaly meseleler bütindünýä gün tertibiniň gaýragoýulmasyz meseleleriniň biri bolmagynda galýar. Birleşen Milletler Guramasy bu meselä aýratyn ähmiýet berýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2012-nji ýyly «Hemmeler üçin halkara energiýa ýyly» diýip yglan etmegi ýa-da edil şol ýyl bu babatda Jarnamanyň kabul edilmegi hem-de 2015-nji ýylda bu guramanyň agza döwletleri tarapyndan ählumumy kabul edilen Ösüşiň 2030-njy ýyla çenli gün tertibiniň 7-nji maksadynyň hut energiýa üpjünçiligi bilen bagly bolmagy munuň şeýledigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Feride MURADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi.