Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda, döwletimizde ynsan mertebesi belentde tutulýar. Muny döwlet Baştutanymyzyň öňe sürýän «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň esasynda amala aşyrylýan işleriň beýanynda görmek bolýar.
2021-nji ýylyň ilkinji günlerinden başlap, halkymyz şatlykly habarlaryň birnäçesiniň şaýady boldy. 12-nji fewralda Gahryman Arkadagymyzyň geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde geçen 2020-nji — «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda hem-de şu ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriniň netijelerine seredildi. Onda halkymyzyň bähbidine gönükdirilen birnäçe oňyn başlangyçlara, degişli Kararlaryň taslamalaryna seredildi.