Miweleri iýmek saglyga oňyn täsirini ýetirýär. Olaryň ter görnüşi bilen birlikde kakadylan kak, kişde, kişmiş görnüşleri hem saglyga örän peýdalydyr.
Üzüm kişmişiniň düzüminde kaliý örän köpdür. Ol ýürek-damar ulgamyny pugtalandyrýar. Häzirki zaman barlaglarynyň netijesinde, kişmişiň nerw öýjüklerini ýadawlykdan goraýandygy anyklanyldy.