Türkmenistan döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny has-da dabaralandyrmak, ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň, hemişelik Bitaraplygynyň mundan beýläk-de rowaçlanmagyna, berkemegine, ýurdumyzyň ähli ugurlarda ösüşleriň belent sepgitlerine ýetmegine önjeýli goşant goşmak, eziz Diýarymyzyň şan-şöhratyny has-da artdyrmak, mukaddes topragymyza hem-de gözel tebigatymyza guwanmak, halkymyzyň medeni mirasyny, ruhy-ahlak ýörelgelerini giňişleýin wagyz-nesihat etmek, ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda halkara derejesinde gazanan belent abraý-mertebesiniň köklerini açyp görkezmek, ähmiýetini, many-mazmunyny halk köpçüligine ýetirmek, Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda gazanylan taryhy özgertmeleri wasp etmek we dünýä ýaýmak, şeýle-de 2021-nji — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny dabaralandyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň hem-de «Watan» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikdäki mejlisiniň karary bilen okyjylaryň arasynda «Parahatlyk — ýürek baýdagy, Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen ugur boýunça makalalaryň, oçerkleriň, hekaýalaryň, goşgularyň bäsleşigi yglan edildi.
Bäsleşigiň şertine laýyklykda, okyjylar köpçüligi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýazan makalalaryny, oçerklerini, goşgularyny bäsleşige hödürläp bilerler. Bäsleşige hödürlenýän makalalar, oçerkler, goşgular öň çap edilmedik we başga bäsleşiklere hödürlenmedik bolmalydyr.