Döwletli zamananyň döwletlilik ýörelgesi
Türkmen halky asyrlaryň dowamynda özboluşly medeniýetini we onuň aýrylmaz bölegi bolan milli mirasyny saklap hem-de ösdürip gelipdir. Müňýyllyklaryň dowamynda halkymyzyň döreden baý medeni mirasy nesilden-nesle geçip, şu günlerimize çenli gelip ýetipdir. Taryhy sahypalarymyza ser salyp göreniňde ata-babalarymyzyň bize goýup giden mirasy, şöhratly yzlary her birimiz üçin görelde mekdebi bolup, kalbymyzda buýsanç duýgusyny oýarýar. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Agzybirlik ýagşy amallary hasyl etmegiň hatyrasyna jebisleşmegi aňladýar. «Arzuwsyz adam bolmaýar, ganatsyz hem guş!» diýilýär, arzuwlaryň hasyl bolmagy üçin bolsa, ilki bilen agzybirlik gerekdir. Agzybirlik il-ulsumyzyň bir supranyň başyna jem bolmagydyr. Agzybirlik «Ýagşy niýet — ýarym döwlet» diýen ynama ygrarlylygymyzdyr. Ata-babalarymyzyň agzybirlik baradaky pentleri asyrlary külterläp, gadymylygyň gatlaryndan dowam edip gelýär. «Ojagyňda agzybirlik bolsun!» diýilýändir. Bir supranyň başyna jem bolan il-halkymyzyň geljege umydy agzybirligimizdedir...» diýilýär.