Magtymguly Pyragy we saz medeniýeti

4 Noýabr 2024
299

Gündogaryň akyldary, türkmen edebiýatynyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň asyrlar aşyp gelen dürdäne goşgulary dürli ýyllarda dünýä dilleriniň ençemesine terjime edildi. Akyldar şahyryň ýürek aýdymy bolup ýaňlanan goşgularynyň ençemesi dünýäniň belli kompozitorlarynyň saz eserleriniň söz bezegi bolmak bilen, ajaýyp aýdymlar hökmünde alyslarda-da belentden ýaňlanýar.

Magtymguly Pyragynyň goşgularyna dürli görnüşli saz eserlerini döretmegiň hem özboluşly taryhy bar. Şahyryň umman ýaly çuňňur döredijiligi hemişe daşary ýurtly kompozitorlarynyň üns merkezinde bolup gelýär. Bu günki günde şol kompozitorlaryň akyldaryň çuň many-mazmunly döredijiligini saz medeniýeti arkaly dünýä halklarynyň arasynda wagyz edendikleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Pirmuhammet ÝALMANOW,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi.