Sözden köşk galdyran
Umumadamzat kalbynyň şahyry, türkmen edebi diliniň düýbüni tutujy Magtymguly Pyragynyň şahyrana döredijiligi söz baýlygy, çeperçiligi, many çuňlugy bilen tapawutlanyp, çeper edebiýatymyzda özboluşly durmuş mekdebine öwrüldi. Sözden beýik köşk galdyran şahyryň döredijiligi nusgawy şygryýetiň naýbaşy däplerini özünde jemleýär. Ol şygyrlar akgynly okalýanlygy we çeperçilik gymmaty bilen özboluşlylyga eýedir. Şahyryň edebi mirasynda diliň çeperçilik serişdeleriniň ähli görnüşlerine gabat gelmek bolýar. Ussadyň gyzyldan gymmatly, baý edebi mirasynda deňeşdirmeler, meňzetmeler, janlandyrma, sypatlandyrma ýaly diliň çeperçilik serişdeleri, antiteza, inwersiýa, gradasiýa ýaly şahyrana görnüşler örän ussatlyk bilen öz ornuny tapypdyr. Şahyryň edebi mirasynda diliň çeperçilik serişdesi bolan deňeşdirmeler, meňzetmeler, sypatlandyrma hem metaforalar has köp duş gelýär. Diliň çeperçilik serişdelerinden has giňden duş gelýän deňeşdirmeler söz ussadynyň öwüt-nesihat temasyndan ýazan «Atça bolmaz» atly goşgusynda örän täsirli ulanylypdyr. Şygryň tutuş süňňünde «ça», «çe» goşulmasy arkaly ýasalan, biri-birine meňzedilýän düşünjeler sanalýar. Oňa: