18-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Bosniýa we Gersegowinanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Niýaz Çardakliýadan ynanç hatyny kabul etdi.
Duşuşygyň barşynda ilçä döwlet Baştutanymyzyň oňyn Bitaraplyk, deňhukuklylyk, giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary düşündirildi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän, milli ykdysadyýetimizi innowasion esasda diwersifikasiýalaşdyrmaga we kuwwatyny artdyrmaga, döwrebap düzümleri kemala getirmäge, halkymyzyň abadançylygyny we durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalara aýratyn üns çekildi. Şeýle-de diplomat amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler bilen baglylykda, türkmen parlamentiniň alyp barýan köpugurly işi we düzümi bilen tanyşdyryldy.