"Watan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-16, 38-61-17, 38-61-07
Email: watan@sanly.tm

Habarlar

Ynsanperwerlik we hoşniýetlilik

ýurdumyzyň daşary syýasatynyň özenini düzýär Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan beýik gymmatlyk hökmünde ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň baş maksady adamzadyň bähbitlerine gönükdirilen parahatçylyk, dostluk ýörelgeleri esasynda dünýäde asudalygy, howpsuzlygy goramakdyr. Bu bolsa ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygynda giň gerimli we dostlukly gatnaşyklary ösdürmegine kuwwatly itergi berýär. Döwletimiz oňyn Bitaraplyk hukuk derejesinden gelip çykýan esasy ugurlara we ýörelgelere eýermek bilen Ýer ýüzünde parahatçylygy, howpsuzlygy berkitmek, ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek we durmuş-ykdysady ugurlarynda durnukly ösüşi üpjün etmek ýaly ýörelgeleri alyp barýar.

Asudalygyň keşbi

Döredijilik bilen meşgullanýan ynsanyň döreden parahatçylyk eserleri halklary asuda durmuşa çagyrýan jarçyny ýadyňa salýar. Şeýle parahat durmuşy, abadançylygy reňkli galamlaryň we boýaglaryň sazlaşykly öwüşginlerinde şekillendirýän suratkeşleriň eserlerinde görmek bolsa has-da täsirli. Parahatçylyk eserleri barada gürrüň açylanda, ussat suratkeş, heýkeltaraş, dizaýner, şeýle-de, kubizmi (şekillerde geometrik formalary ulanmak arkaly surat çekmek) esaslandyryjylaryň biri bolan Pablo Pikassony ýatlaman geçmek mümkin däl. Pikasso dünýäde parahatçylygy, asudalygy, adamlaryň arasyndaky hoşniýetli gatnaşygy pugtalandyrjak sungat eserleriň awtorydyr. Ol 1881-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Ispaniýanyň Malaga şäherinde doglup, 1973-nji ýylda Fransiýanyň Mužen şäherinde aradan çykýar. Ussat suratkeş dünýäde gaýtalanmajak sungat eserleriniň onlarçasyny döredipdir. «Gernika», «Aglaýan zenan», «Düýş», «Aýnaň garşysyndaky gyz» ýaly surat eserleri olaryň käbirleridir.

Türkmenistanyň Prezidenti kabul etdi

7-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň energetika ministri Abbas Aliabadini we Merkezi bankynyň başlygy Mohammad Reza Farzini kabul etdi. Myhmanlar wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyklaryny bildirip, özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga Eýranda möhüm ähmiýet berilýändigini bellediler. Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimize we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza Prezident Masud Pezeşkianyň iberen mähirli salamyny, türkmen halkyna abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdiler.

Türkmenistan — BMG: strategik maslahat beriş geňeşiniň mejlisi

6-njyy dekabrda Daşary işler ministrliginde «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onda ileri tutulýan ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnamalaryň we degişli resminamalaryň taslamalary barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Şolaryň hatarynda «Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2026 — 2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasy»; «Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» atly BMG-niň agentlikleriniň bilelikdäki maksatnamasy; bilim, saglygy goraýyş, «ýaşyl» energetika we sanlylaşdyrma ugurlary boýunça BMG-niň Türkmenistandaky düzüm birlikleriniň bilelikdäki maksatnamalary bar. Şeýle hem BMG-niň 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlaryny milli derejede durmuşa geçirmekde ulgamlaýyn çemeleşmeleri we oňyn tejribeleri ornaşdyrmak maksady bilen, bu guramanyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasy tarapyndan ýurdumyzyň degişli ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde taýýarlanylan «2025 — 2027-nji ýyllarda Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlary boýunça hasabatlylygy berkitmek baradaky «Ýol kartasy» tassyklanyldy.

Türkmenistan —Türkiýe : gaz pudagyndaky hyzmatdaşlyk

6-njy dekabrda paýtagtymyzda «Türkmengaz» döwlet konserniniň ýolbaşçylarynyň Türkiýe Respublikasynyň «BOTAŞ» kompaniýasynyň Baş direktory Abdulwahid Fidanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşygy boldy. Onuň dowamynda gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu resminamalar toplumy nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin möhüm hukuk binýadyny emele getirdi.

Maslahat geçirildi

Ýakynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň guramagynda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda maslahat geçirildi. «Hemişelik Bitaraplyk baky parahatçylygyň sarsmaz binýady» atly bu maslahata ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, jemgyýetçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy. Çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halklaryň arasyndaky parahatçylykly gatnaşyklary barha pugtalandyrmakda ýurdumyzyň dünýä giňişliginde uly abraýdan peýdalanýandygy, sebitde we dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmekde goşandynyň uludygy buýsanç bilen bellenildi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

4-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi. Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew Watanymyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň işini sanly ulgamy ornaşdyrmak arkaly döwrüň talaplaryna laýyk getirmek hem-de Watan goragçylary üçin talabalaýyk gulluk we iş şertlerini döretmek, serkerdeleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça şu ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Türkmen — türk gatnaşyklary berkeýär

4-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Türkiýäniň söwda ministri Ömer Bolaty kabul etdi. Hormatly Prezidentimiz ýurtlarymyzyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýetini belläp, Türkmenistanyň dürli ulgamlara täze tehnologiýalary we ylmyň iň soňky gazananlaryny ornaşdyrmaga, ykdysadyýeti yzygiderli döwrebaplaşdyrmak boýunça halkara hyzmatdaşlyga aýratyn üns berýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň paýtagtymyzda geçirilýän sergisiniň iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady ugurly özara hereketleri ýokary derejä çykarmaga, işewürlik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge goşant boljakdygyna ynam bildirildi.

Telefon arkaly söhbetdeşlik

5-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Onuň dowamynda özara bähbitlilige, hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Söhbetdeşligiň dowamynda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli Liderimiz we doganlyk döwletiň Baştutany gaz ulgamyndaky bilelikdäki işiň ýokary netijeliligini, uzak möhletleýin häsiýetini bellediler hem-de türkmen tebigy gazynyň Özbegistana iberilýän möçberini artdyrmak barada ylalaşdylar. Şeýle-de bu ugurda ýakyn wagtda amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän bilelikdäki taslamalaryň uly mümkinçiliklerine üns çekildi.

Suw serişdeleri umumy baýlykdyr

Gahryman Arkadagymyz «Bitewi suw» sammitine gatnaşdy 3-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 16-njy maslahatynyň (COP16) çäklerinde geçirilen «Bitewi suw» sammitine gatnaşmak maksady bilen, Saud Arabystany Patyşalygyna iş saparyny amala aşyrdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Bitewi suw” sammitindäki ÇYKYŞY

Hormatly sammite gatnaşyjylar!Hanymlar we jenaplar! Ilki bilen, Fransiýanyň, Gazagystanyň we Saud Arabystanynyň Hökümetlerine ählumumy gün tertibinde duran hem-de birnäçe möhüm soraglary çözmäge ýardam etjek bu sammiti çagyrandygy üçin minnetdarlyk bildirmek isleýärin.

Ilçiler işe başlady

5-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Oman Soltanlygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Saif bin Raşid bin Saif Al-Jahwariden ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda alyp barjak asylly işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Baky berkararlygyň binýady

Birleşen Milletler Guramasynyň ygtybarly hem-de jogapkärli hyzmatdaşy bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bu gün dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmekde möhüm orny eýeleýär. Döwletimiziň başlangyjy bilen 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek baradaky Kararnama biragyzdan kabul edildi. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda bolsa BMG-niň Baş Assambleýasy «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky» Kararnamany gaýtadan kabul etdi. Bu bolsa hemişelik Bitarap Watanymyzyň halkara abraýynyň barha artýandygyna, Birleşen Milletler Guramasynyň biziň parahatçylyk söýüjilikli syýasatymyzy ykrar edýändigine ýene-de bir gezek aýdyň şaýatlyk edýär.

Hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri

Ykdysady kuwwaty boýunça dünýä döwletleriniň «Uly ýigrimiligine» (G20), jemi içerki önüminiň göwrümi babatda öňdebaryjy onluga girýän Türkiýe ýurdumyzyň strategik hyzmatdaşydyr. 4—6-njy dekabr aralygynda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi, şeýle hem onuň çäklerinde guralan Türkmen-türk işewürler geňeşiniň nobatdaky maslahaty doganlyk ýurduň dürli ugurlarda iş alyp barýan kompaniýalarynyň hem-de birleşmeleriniň 70-den gowragynyň gazananlary bilen tanyşmaga we tejribe alyşmaga mümkinçilik berdi. Sergide uzak ýyllardan bäri ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyk edýän kompaniýalaryň alyp barýan işleri, şeýle hem halk hojalygynyň pudaklaryny ösdürmekde peýdalanylyp bilinjek çemeleşmeler baradaky taýýarlan ýazgymyzy okyjylara hödürleýäris. Elektron enjamlaryny we hojalyk tehnikalaryny öndürmekde baý tejribe

Milli gymmatlyklaryň goragynda

Düýn — 6-njy dekabrda paýtagtymyzdaky «Aşgabat» myhmanhanasynda sebitleýin duşuşyk geçirildi. Ýüpek ýolunyň Hazar — Wolga geçelgesi boýunça üçünji sebitleýin maslahatyna Azerbaýjan, Eýran, Gazagystan, Russiýa, Beýik Britaniýa, Ýaponiýa ýaly ýurtlardan bilermenleriniň birnäçesi gatnaşdy. Beýik Ýüpek ýolunyň Hazarýaka şahalaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça bilermenleriň çykyşlary diňlenildi.

Oba hojalyk pudagynda

2-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda we oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işlere, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen bagly meselelere garaldy. Ahalda

Aýdym-sazly duşuşyk

Güneşe baý gözel ýurdumyzda ýazyjy-şahyrlaryň we beýleki ugurlaryň görnükli wekilleriniň sarpasy belent tutulýar. Munuň şeýledigine ýakynda Gökdepe şäher medeniýet köşgünde belli şahyr Ilmyrat Pudakowyň (1924 — 2015) 100 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Ahal welaýat medeniýet müdirligi tarapyndan guralan aýdym-sazly duşuşyk hem güwä geçýär. Gyzykly geçen bu duşuşyga şahyryň öz okyjylaryna miras goýan ajaýyp goşgularynyň aşygy bolanlaryň uly topary gatnaşdy. Duşuşykda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Kompozisiýa we gurallama kafedrasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň halk artisti Daňatar Hydyrow, Konserwatoriýanyň türkmen sazy kafedrasynyň dosenti, Türkmenistanyň halk artisti, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Orazmyrat Annanepesow, Türkmenistanyň halk artisti, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Kakadurdy Täjimow, «Adalat» gazetiniň uly habarçysy, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi, şahyr Aşyrmät Garlyýew, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, şahyr Oguljemal Çaryýewa we beýleki ýazyjy-şahyrlar, aýdymçylar, kompozitorlar çykyş edip, şahyryň goşgularyna döredilen aýdymlar, goşgularyň çeperçiligi barada gyzykly gürrüň berdiler.

Maslahat geçirildi

Golaýda TKA-nyň Mary welaýat birleşmesiniň guramagynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän «Daýanç» sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Arkadagly Gahryman Serdar bilen öňe barýar Türkmenistan» atly okuw maslahaty geçirildi. Oňa Kärdeşler arkalaşygyň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatda guramanyň  agzalary bilen alnyp barylýan işler hakynda giňişleýin gürrüň edildi. Şeýle-de ýurdumyzyň ähli ugurlaryndaky ösüşleriniň, raýatlaryň zähmet we durmuş hukuklaryny goramak hakynda kabul edilen kanunlaryň, beýleki hukuk düzgünleriniň berjaý edilişi barada birnäçe meselelere garaldy. Maslahatdan soň Awazanyň gözel ýerlerine bolan gezelençler, dürli sport we medeni çäreler gurnaldy. Oňa gatnaşanlara TKA-nyň Mary welaýat birleşmesi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Duşuşyk geçirildi

Golaýda Wekilbazar etrap häkimliginiň, TDP-niň etrap komitetleriniň, TKA-nyň etrap birleşmeleriniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň bilelikde guramagynda maslahat geçirildi. «Türkmenistan — parahatlyk mekany» atly bu maslahat etrabyň Mollanepes adyndaky şäherçesiniň Medeniýet öýünde 2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmak, onuň nyşanyny kesgitlemek şeýle-de şanly Bitaraplygymyzyň 29 ýyllyk toýyna bagyşlandy. Oňa jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, mährem eneler, bilim, medeniýet, saglyk ulgamynda zähmet çekýän hünärmenler gatnaşdy.

Beýik söz ussadynyň hormatyna

Golaýda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Gahryman Arkadagly, Arkadagly Gahryman Serdarly Watana Pyragynyň arzuwlan zamany geldi» atly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Halk Maslahatynyň agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, medeniýet işgärleri, ýaşulular we ýaşlar gatnaşdy. Maslahatyň dowamynda edilen çykyşlarda 2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň dowamynda Gündogaryň beýik söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden bellenilip geçilendigi hem-de milli medeniýetimizi dünýä ýaýmak maksady bilen, halkara derejesinde hem-de ýurdumyzda şahyryň ömri we döredijiligine bagyşlanyp dürli çäreleriň ýokary derejede guralandygy buýsanç bilen bellenildi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň dabaraly ýagdaýda açylandygyny, onuň şygyrlar ýygyndysynyň çap edilendigini, «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalynyň döredilendigini, halk teatrlarynyň arasynda «Magtymguly sözlär tili türkmeniň» atly döredijilik bäsleşiginiň geçirilendigini nygtadylar. Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny gorap saklamak, geljekki nesillerimize dürs ýetirmek maksady bilen, ýörite Kanunyň kabul edilendigini, şonuň ýaly-da paýtag