Golaýda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Gahryman Arkadagly, Arkadagly Gahryman Serdarly Watana Pyragynyň arzuwlan zamany geldi» atly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Halk Maslahatynyň agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, medeniýet işgärleri, ýaşulular we ýaşlar gatnaşdy.
Maslahatyň dowamynda edilen çykyşlarda 2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň dowamynda Gündogaryň beýik söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden bellenilip geçilendigi hem-de milli medeniýetimizi dünýä ýaýmak maksady bilen, halkara derejesinde hem-de ýurdumyzda şahyryň ömri we döredijiligine bagyşlanyp dürli çäreleriň ýokary derejede guralandygy buýsanç bilen bellenildi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň dabaraly ýagdaýda açylandygyny, onuň şygyrlar ýygyndysynyň çap edilendigini, «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalynyň döredilendigini, halk teatrlarynyň arasynda «Magtymguly sözlär tili türkmeniň» atly döredijilik bäsleşiginiň geçirilendigini nygtadylar. Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny gorap saklamak, geljekki nesillerimize dürs ýetirmek maksady bilen, ýörite Kanunyň kabul edilendigini, şonuň ýaly-da paýtagtymyzda «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumynyň geçirilendigini bellediler. Bu edilen işleriň gözbaşyny Gahryman Arkadagymyzyň döwlet Baştutany döwründe gol çeken 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejesinde dabaraly bellemek bilen bagşanyşykly gol çeken Kararyndan alyp gaýdýandygyny guwanç bilen tekrarladylar.