Parahatçylygyň we abadançylygyň ýörelgeleri

22 Noýabr 2024
239

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyz Halkara Bitaraplyk gününi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzda hem uly şatlyk-şowhun bilen bellemäge taýýarlyk görýär. Gadymdan gelýän ynsanperwer ýörelgelerimizi dowam etdirip, döwrebap öwüşginlerde dabaraly bellenilýän Bitaraplyk baýramy türkmenleriň parahatçylyk söýüjilik, ynanyşmak baradaky düşünjeleri bilen aýrylmaz baglanşyklydyr. Häzirki wagtda bu baýramçylyk mynasybetli geçirilýän çäreler ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylýar.

Golaýda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda «Bitaraplyk ― parahatçylygyň we abadançylygyň ýörelgeleri» diýen at bilen dabaraly çäre geçirildi. Medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň hem-de Saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň geňeşleriniň, Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň, şeýle-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Aşgabat» teleýaýlymynyň bilelikde guran bu baýramçylyk dabarasy adyndan hem belli bolşy ýaly, Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlandy.

Maýagözel NURJYKOWA,
Aşgabat şäheriniň 6-njy saglyk öýüniň baş lukmany, Saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň agzasy.