Türkmenistan — Özbegistan: hyzmatdaşlyk barha berkeýär

22 Noýabr 2024
212

20-nji noýabrda Lebap welaýatynyň edara ediş merkezi Türkmenabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň II sebitara forumynyň hem-de özbek harytlarynyň milli sergisiniň açylyş dabarasy boldy. Oňa ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, welaýatlaryň häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, Özbegistanyň wekiliýetiniň agzalary gatnaşdylar.

Foruma gatnaşyjylar Özbegistanda öndürilen harytlaryň sergisi bilen tanyşdylar. Serginiň açylyş dabarasynda bellenilişi ýaly, şu gezekki forum Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň dürli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýändiginiň güwäsidir. Häzirki wagtda iki goňşy ýurt durmuş-ykdysady ösüşiň ileri tutulýan ugurlaryna, taraplaryň milli bähbitlerine laýyk gelýän hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrýar.

«Watan».