Türkmen-özbek ýazyjy-şahyrlarynyň duşuşygy geçirildi

20 Noýabr 2024
232

Habar berlişi ýaly, 18-nji noýabrda Aşgabatda Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. 19-njy noýabrda doganlyk halkyň Medeniýet günleriniň çäklerinde meýilleşdirilen döredijilik duşuşyklarydyr dabaralaryň birnäçesi bolup geçdi.

Düýn günüň birinji ýarymynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň mejlisler jaýynda kitaphana hünärmenleriniň gatnaşmagynda döredijilik duşuşygy guraldy. Onda türkmenistanly ýazyjy-şahyrlarymyz myhmanlar ― Özbegistan Ýazyjylar birleşiginiň agzasy, «Şohrat» medalynyň eýesi Nasyrjan Joraýew, «Adalat» gazetiniň baş redaktorynyň orunbasary Abdykaýum Ýuldaşew dagy bilen gyzykly söhbet etdiler. Olarda doglan gününiň 300 ýyllygy bellenilýän beýik söz ussady Pyragynyň ömri hem döredijiligi baradaky gürrüňlere aýratyn orun berildi.

Gülnabat AHMEDOWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky  Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň bagşyçylyk sungaty bölüminiň müdiri.