«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda dana şahyrymyzyň 300 ýyllyk ýubileýi bilen baglanyşykly ýurdumyzda ençe işler amala aşyrylýar. Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny düýpli öwrenmek, halk içinde wagyz etmek işleri giňden alnyp barylýar. Biz hem mirasgär, «Magtymguly Pyragy» medalynyň eýesi, hormatly dynç alyşdaky mugallym Ahmet Abdyllaýew bilen söhbetdeş bolmak üçin Kerki etrabynyň 31-nji orta mekdebinde döredilen «Magtymguly Pyragy» edebi mirashanasyna geldik. Mugallym soňky toplan maglumatlaryny gözden geçirip oturan eken.
Gysgajyk hal-ahwal soraşmadan soň, sowal-jogaba girişip gitdik.