Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan halkara guramalar bilen köpugurly hyzmatdaşlygy giňeldýär. Şunda umumy medeni giňişligi döretmekde, medeniýetleriň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmekde Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen gatnaşyklary täze derejä çykarmak babatda netijeli işler alnyp barylýar.
Adamzadyň döreden maddy we ruhy gymmatlyklarynyň nesilden-nesle geçirilýän bölegi medeni mirasy emele getirýär. Häzirki döwürde şol mirasy goramak wezipesi ÝUNESKO-nyň paýyna düşýär. 1945-nji ýylyň 16-njy noýabrynda döredilen abraýly halkara gurama tarapyndan milli mirasymyzyň ajaýyp nusgalarynyň ençemesi umumadamzat gymmatlygy hökmünde ykrar edildi. Türkmenistan 1993-nji ýylda ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasy boldy. Şondan bäri geçen döwürde ýurdumyz bu guramanyň halkara medeni hyzmatdaşlygy we gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen taslamalaryna hem-de maksatnamalaryna gatnaşyp, özüni işjeň hyzmatdaş hökmünde görkezdi.