Baýragyňyz gutly bolsun!

18 Noýabr 2024
262

Ýurdumyzyň raýatlarynyň hünär saýlamakda, işe ýerleşmekde, olaryň bilime, ylma bolan gyzyklanmalaryny artdyrmakda döwlet tarapyndan uly goldaw berilýär. Bu gün ýaşlar jemgyýetçilik durmuşynda bolup geçýän iri möhüm wakalara işjeň gatnaşýarlar hem-de ýurdumyzyň ösüşlerine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň her bir agzasynyň jemgyýetimiziň agzybirliginiň, bitewüliginiň, jebisliginiň pugtalanmagyna mynasyp goşant goşýandygyny we özlerine bildirilen ynamy ödäp, yhlasly zähmeti bilen ýokary görkezijileri, ajaýyp üstünlikleri gazanýandygyny ýurdumyzda geçirilýän bäsleşikleriň mysalynda görmek bolýar.

Ýörite habarçymyz.