Häzirki döwrüň ählumumy meseleleriniň netijeli dialogy bolan «BRICS goşmak»/«autriç» formatyndaky XVI BRICS sammitiniň 22 — 24-nji oktýabrda geçen plenar mejlisinde hem, öňki ýyllarda bolşy ýaly, hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Onuň barşynda durnukly ösüşe, özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlyga aýratyn üns berilmegi bu gurama agza döwletleriň geljekde gatnaşyklarynyň has-da pugtalanmagyna täzeçe badalga boldy. «Adalatly ählumumy ösüşiň we howpsuzlygyň bähbidine köptaraplylygyň pugtalandyrylmagy» şygary astynda geçen XVI BRICS sammitine Russiýa Federasiýasy başlyklyk etdi. BRICS-iň işiniň esasy maksady işjeň, deňhukukly dialogy, netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmekden ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem sammite hormatly myhman hökmünde ilkinji gezek gatnaşdy. Munuň özi Watanymyzyň halkara abraýynyň belentdiginiň, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerinde onuň işjeň ornunyň bardygynyň nyşanydyr. Mejlisiň dowamynda Arkadagly Gahryman Serdarymyza hormatly myhman hökmünde söz berilmegi ýurdumyza halkara derejesinde goýulýan hormat-sarpanyň aýdyň beýanydyr.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz çykyşynda dünýäde gapma-garşylykly ýagdaýlary parahatçylykly ýollar bilen çözmegiň tarapdary bolan Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny ählumumy we sebit howpsuzlygyny üpjün etmäge, döwletara gatnaşyklarynda deňhukukly, ynanyşmak, açyklyk ýagdaýyna gönükdirýändigini belledi. Ýeri gelende, Bitarap Türkmenistan tarapyndan halkara ýagdaýlaryny kadalaşdyrmaga hem-de hyzmatdaşlygyň netijeliligini artdyrmaga gönükdirilen teklipleriň birnäçesiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň sessiýalarynda öňe sürlendigini bellemek gerek. Munuň aýdyň mysaly hökmünde ýurdumyzyň başlangyjy bilen 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýyly diýlip yglan edilendigini, golaýda bolsa BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 25-nji plenar mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigini, başga-da birnäçe başlangyçlarynyň BMG tarapyndan goldanylyp, degişli Kararnamalaryň kabul edilendigini görkezmek bolar.