Geljekki nesliň aladasy

15 Noýabr 2024
223

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gazanylýan beýik ösüşler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bolup geçýän ähli oňyn özgertmeleriň özenidir. Bu il-ýurt bähbitli, giň möçberli işlere ýaşlaryň hem uly goşant goşmagy iňňän buýsançly ýagdaýdyr. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy bolsa ýurdumyzyň öňdebaryjy ýaşlaryny özünde jemleýän birleşikdir.

Mälim bolşy ýaly, 1991-nji ýylyň 16-njy noýabrynda ýurdumyzyň öňdebaryjy ýaşlarynyň gatnaşmagynda döredijilik Gurultaýy geçirilip, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy döredildi we onuň Tertipnamasy kabul edildi. Ol ýurdumyzyň 14 ýaşdan 37 ýaşa çenli aralykdaky ýaşlaryny özünde jemleýän, olaryň erk-isleginiň we hak-hukugynyň goragynda durýan, özbaşdak, meýletin jemgyýetçilik guramasydyr.

Rüstem MÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap geňeşiniň başlygy.