Täsirli geçen duşuşyk

28 Noýabr 2024
211

Golaýda Boldumsaz etrap häkimliginde wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Ony TDP-niň Boldumsaz etrap komiteti etrabyň jemgyýetçilik guramalary, degişli pudaklar bilen bilelikde gurady. Bu çäre 2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmaklyga we onuň nyşanyny kesgitlemäge bagyşlandy. Oňa Boldumsaz etrap häkimliginiň jogapkär işgärleri, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň, edara-kärhanalaryň, degişli pudaklaryň wekilleri, il sylagly ýaşulular, mährem eneler we bagtyýar ýaşlar gatnaşdy.

Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde beren tabşyrygyna laýyklykda, geljek ýyly döwrebap atlandyrmak we nyşanyny kesgitlemek boýunça Türkmenistanyň Mejlisinde geçirilen maslahatda öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, halkymyzyň şu maksat bilen bagly tekliplerini öwrenmek, ýerlerde maslahatlary, duşuşyklary geçirmek guralan wagyz-nesihat çäresiniň esasyny düzdi. Onda çykyş edenler geljek ýylyň şygarynda döwletimiziň berkararlygyny, halkymyzyň jebisligini, bagtyýar durmuşyny şöhlelendirmegiň möhümdigini bellediler.

Begenç SAPAROW,
TDP-niň Boldumsaz etrap komitetiniň partiýa guramaçysy.