BAE-niň wekilleri bilen duşuşyk

29 Noýabr 2024
161

25-nji noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al Mazrui hem-de senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň Baş direktory Soltan Ahmed Al-Jaber bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleri uzak möhletli we köpugurly hyzmatdaşlygy alyp barýar. Häzirki wagtda iki ýurduň arasyndaky däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklary özara düşünişmegiň, ýakyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi bilen tapawutlanýar. Ýurtlarymyz ikitaraplaýyn görnüşde, BMG-niň we beýleki halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy üstünlikli utgaşdyrýar hem-de halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça öňe sürülýän başlangyçlara özara goldaw berýär.

«Watan».