Häzirki wagtda dünýäde parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek babatda işlenip taýýarlanylan Ählumumy Gün tertibiniň strategik ugurlarynda, şol sanda ulag ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy berkitmek we giňeltmek hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän daşary syýasatda ileri tutulýan wezipeleriň biri bolup durýar. Döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň ulag ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygy barha giň gerime eýe bolýar. Bu hyzmatdaşlygyň esasy ugry hökmünde dünýä halklarynyň bähbidini nazarlaýan halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmäge möhüm orun degişlidir.
Hormatly Prezidentimiz ygtybarly we howpsuz ulag-üstaşyr düzümini döretmek arkaly özara bähbitli ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilen giň gerimli taslamalary öňe sürýär. Halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça döwletimiziň başlangyçlary esasynda durmuşa geçirilýän bu taslamalar ýurtlaryň arasynda ähli ugurlar boýunça köptaraplaýyn gatnaşyklary berkitmäge giň mümkinçilikleri döredýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 8-nji oktýabrynda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçirilen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmagy özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek, ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak babatda öňe süren başlangyçlary möhüm ädime öwrüldi. Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesi boýunça taslama gatnaşyjy ýurtlar üçin bitewi nyrh, gümrük, wiza we beýleki ýeňillikleri ara alyp maslahatlaşmaga hem-de ylalaşmaga girişmek, bu işi Gündogar — Günbatar ugry boýunça Merkezi Aziýa we Hazar sebiti ýurtlarynyň çäginden geçýän ulag geçelgelerini döretmek babatda hem alyp barmak, GDA-da «ýaşyl» ykdysadyýet üçin şertleri döretmek, az uglerodly energiýa daýanýan ykdysady we önümçilik klasterlerini kemala getirmäge girişmek hem hormatly Prezidentimiziň öňe süren möhüm başlangyçlarynyň hatarynda orun aldy.