Ýollarda hereket howpsuzlygynyň üpjün edilmegi il-günüň abadan durmuşynyň möhüm şertleriniň biridir. Her ýyl «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» şygary bilen ýörite biraýlygyň geçirilmeginiň asylly däbe öwrülmegi hem bu hakykaty tassyklaýar. Aýna ýaly tekiz we arassa ýollarymyzda hereketiň howpsuz bolmagy, ilkinji nobatda, awtoulag sürüjileriniň ünslüligine, jogapkärçiligi duýuşyna, iň esasysy-da, taýýarlygyna baglydyr. Biz hem «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň hukukçysy Pena ÖWEZOW bilen awtoulag serişdeleriniň sürüjilerini taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada söhbetdeş bolduk.
— Söhbetimizi «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň alyp barýan işlerinden başlaýsak?!