16-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy, ýerine ýetiriji wise-prezidenti, maşyn we enjamlar kompaniýasynyň prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaýy kabul etdi.
Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň amatly maýa goýum ýagdaýy, işlemek üçin ähli zerur şertler döredilen türkmen bazarynda iş alyp barmaga uly gyzyklanma bildirýändiklerini nygtady hem-de pursatdan peýdalanyp, ýapon-türkmen gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly goşant goşýan türkmen halkynyň Milli Liderine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.