"Watan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-16, 38-61-17, 38-61-07
Email: watan@sanly.tm

Habarlar

Telefon arkaly söhbetdeşlik

8-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.  Söhbetdeşligiň barşynda Gahryman Arkadagymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumy üstünlikli geçirmek baradaky arzuwlarydyr gutlaglary üçin minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmekde we geljek nesillere ýetirmekde mynasyp goşant goşandygy üçin hormatly Prezidentimiziň doganlyk ýurduň Baştutanyny Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglaýandygyny habar berdi.

Mongoliýanyň Prezidenti geldi

10-njy oktýabrda Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh ilkinji döwlet sapary bilen Türkmenistana geldi. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde belent mertebeli myhmany resmi adamlar garşyladylar.

Saglyk ulgamy pugtalandyrylýar

10-njy oktýabrda Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezinde «Saglygy goraýyş, bilim we sport «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» alty halkara sergisi we ylmy maslahaty geçirildi. Maslahata Gazagystanyň Iýmit akademiýasynyň wise-prezidenti  Şamil Tažibaýew, Russiýa Federasiýasynyň Pfizer kompaniýasynyň lukmançylyk sanjymlary bölüminiň müdiri Swetlana Struç, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet Lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymlary, talyplary, TSG we DSM-niň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreş gullugynyň, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň hünärmenleri, şeýle-de wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Bonn, Germaniýa, BSGG-niň bilermeni Wladimir Kendrowski gatnaşdy.

Täze bina – ajaýyp mümkinçilikler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli pudaklary ýaly, saglyk ulgamy hem uly ösüşlere eýe bolýar. Gözel Diýarymyzyň ähli ýerlerinde daşary ýurt kompaniýalarynyň kämil enjamlary bilen enjamlaşdyrylan döwrebap hassahanalardyr saglyk öýleri gurlup, ulanmaga berilýär. Öňden bar bolan hassahanalaryň we saglyk öýleriniň durky düýpgöter täzelenýär. 9-njy oktýabrda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli açylyp ulanmaga berlen Mary welaýatynyň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň täze binasy hem özüniň ajaýyplygy, dünýä ülňülerine kybap gelýändigi bilen tapawutlanýar. 4 gatdan ybarat bolan binada arassaçylyk we gigiýena, keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek we iýmit ugurlary boýunça täze innowasion tehnologiýalar we tejribeler durmuşa ornaşdyrylar hem-de degişli barlaghanalaryň işini sazlamak hem-de olary yzygiderli barlamak, metrologiýa taýdan üpjün etmek hem-de barlaghana işlerine gözegçilik barlaglaryny geçirmek çäreleri amala aşyrylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 9-njy oktýabry) Hormatly adamlar!Gadyrly saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri!

Kuwwatly desga ulanmaga berildi

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 10-njy oktýabrynda giňden bellenilýän Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde Glisirrizin turşusyny öndürýän derman kärhanasy dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berildi. Kärhanada buýan kökünden ýylda 390 tonna glisirrizin turşusyny öndürmek meýilleşdirilýär. Şeýle kuwwatly desganyň açylmagy welaýatyň ýaşaýjylaryny diýseň begendirdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly ýörelgä esaslanýan parahatsöýüjilikli döwlet syýasatynyň dabaralanmagy netijesinde, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz rowaçly ösüşleri bilen dünýä ýaň salýar. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty yzygiderli artyp, halkara abraý-mertebesi barha pugtalanýar. Mähriban halkymyzyň abadan durmuşy bereket bolçulygyna beslenýär. Halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşy üçin irginsiz aladalar edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun!

Aşgabatda saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynyň ösüşine bagyşlanan forum öz işine başlady

Şu gün — 9-njy oktýabrda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynyň türgenleşik meýdançasynyň öňünde «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň dabaraly açylyşy boldy. Ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli geçirilmegi asylly däbe öwrülen bu çäre lukmançylyk ylmynyň soňky gazananlaryny saglygy goraýyş ulgamyna ornaşdyrmaga, öňdebaryjy tejribeleri paýlaşmaga, geljegi uly mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşmaga ýardam berýän iri forumdyr.

Döredijilik duşuşygy

Geçen anna güni Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekanynda «Döwrüň döwletli gadamlary — halkymyzyň buýsanjy» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. «Adalat» gazetiniň guran bu döredijilik duşuşygyna halypa žurnalistler, ýazyjydyr şahyrlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de ýurdumyzyň ýokary, orta hünär okuw mekdeplerinde zähmet çekýän tejribeli mugallymlardyr bilim alýan bagtyýar talyplar gatnaşdy. Watanperwerligiň, ösüş-özgerişli döwrüň, ynsanperwerligiň, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän beýik işleriniň, milliligiň waspy ýetirilen duşuşykda kalby ylhamly halypalar many-maňyzly çykyş edip, ajaýyp goşgularyny okadylar. Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň täze «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly şygrynyň parasada ýugrulan setirleri edilen çykyşlaryň içinden eriş-argaç bolup geçdi.

Wagyz-nesihat duşuşygy

Ýakynda TDP-niň Esenguly etrap komiteti etrap hassahanasynda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli «Halkyň saglygy — ýurduň baýlygy» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi. Oňa saglyk ulgamynyň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýaşulular gatnaşdy. Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde ýurdumyzda her bir adamyň saglygyny goramak üçin alnyp barylýan işler dogrusynda gürrüň berdiler. Şeýle hem ata Watanymyzda saglyk öýleriniň, hassahanalaryň yzygiderli gurulýandygynyň  ähmiýeti barada aýtdylar.

Paýtagtymyzda we welaýatlarda täze saglygy goraýyş desgalary ulanyşa berildi

Raýatlaryň saglygy — döwletiň iň uly baýlygy. Hut şoňa görä-de, adamlaryň abadan durmuşy hakynda aladany ileri tutýan ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenilýär. Şu gün — 9-njy oktýabrda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde hem-de ýurdumyzyň sebitlerinde döwrebap saglygy goraýyş düzümleriniň açylyp ulanmaga berilmegi Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe ajaýyp sowgat bolup, Watanymyzda ynsan saglygy hakynda edilýän aladalaryň nobatdaky nyşanyna öwrüldi. Ir bilen türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzdaky Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi hem-de Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi açyldy. Iň häzirki zaman enjamlar bilen üpjün edilen iri saglygy goraýyş desgalarynyň açylyş dabaralaryna Hökümet agzalary, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän diplomatik edaralaryň, halkara guramalaryň wekilleri, şeýle hem saglygy goraýyş işgärleri we paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylary gatnaşdy.

Türkmenistanyň Prezidenti gül goýmak çäresine gatnaşdy

6-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalarynyň hem-de söweş meýdanlarynda wepat bolanlaryň «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda gül goýmak çäresine gatnaşdy. ...Ir bilen hormatly Prezidentimiz Aşgabadyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän, milli gahrymanlarymyza çäksiz sarpanyň nyşany bolan «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gelensoň, Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy. Tebigy betbagtçylykda ömür tanapy kesilenler, gurban bolan Watan goragçylary baradaky halk hasratynyň özboluşly sazly senasyna öwrülen gamgyn «Keçpelek» sazynyň owazy astynda hormatly Prezidentimiz 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesinde gurban bolanlaryň ýagty ýadygärligini hatyralap, «Ruhy tagzym» ýadygärligine gül çemenini goýdy.

Çözgütler kabul edildi

5-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, Garaşsyz Türkmenistanda howpsuzlygy, parahatçylygy üpjün etmek, bu düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly meseleler girizildi. Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew hasabat döwründe ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde alnyp barlan işleriň netijeleri, ýurdumyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, Ýaragly Güýçlerimiziň serkerdeler düzüminiň hünärini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem harby gullukçylaryň gullugy, ýaşaýyş-durmuşy üçin döredilýän şertler, çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak babatda geçirilýän işler barada aýdyldy.

Ministrler Kabinetiniň mejlisi

4-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň dokuz aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi hem-de öňde durýan wezipeler kesgitlenildi. Milli parlamentde

Kardiologiýa ulgamyndaky üstünlikler

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan ýurtda ýürek-damar keselleriniň garşysyna göreşmegiň strategiýasynyň durmuşa ornaşdyrylmagy ilatyň saglygyny dikeltmäge oňaýly täsirini ýetirdi. Ýurdumyz boýunça dünýä ülňülerine laýyk gelýän saglygy goraýyş merkezleriniň, hassahanalaryň ençemesi gurlup ulanmaga berildi.

Saglyk — uly baýlyk

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň binýadyny berkden goýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli saglygy goraýyş ulgamynda öňegidişlikler gazanylýar. Jemgyýetiň we döwletiň iň uly baýlygy bolan adamyň saglygyny goramak ýurdumyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ilatyň saglygyny goramak maksady bilen, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde gaýragoýulmasyz «Tiz kömek» merkezleri, köpugurly hassahanalar, saglyk öýleri, şypahanalar, derman serişdelerini öndürýän kärhanalar gurlup ulanmaga berilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 10-njy oktýabrynda belleniljek Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli paýtagtymyzda Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi, Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi, şeýle hem Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde glisirrizin turşusyny öndürýän derman kärhanasy, Mary welaýatynyň we Mary şäheriniň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň edara binasy dabaraly açylyp, halkyň hyzmatyna berler. Lukmanlar we bejergi alýan adamlar üçin ähli amatlyklary bolan, häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen şeýle binalaryň yzygiderli gurulmagy saglyk ulgamynyň işgärlerini mundan beýläk hem has yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrýar.

Sanly bank hyzmatlary: halkara tejribeler we milli ýörelgeler

Dünýäde ylmyň we tehnologiýanyň näderejede çalt ösýändigini bu ugurlardaky özgertmeleriň durmuşymyza günsaýyn ornaşýandygyndan hem görmek bolýar. Şoňa görä-de, sanly ulgama bu günki gün ösüşiň hereketlendiriji güýji diýilse, dogry bolar. Çünki häzir dünýä jemgyýetçiliginiň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň aglaba bölegi sanly ulgamyň çygrynda amal edilýän işleriň netijesinde ýeňilleşýär. Häzirki döwürde ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna sanly ulgamy ornaşdyrmakda öňde durýan wezipeler ýurduň ykdysady ösüşini, senagaty, hyzmatlar ulgamyny, söwdany hem-de beýleki ulgamlaryň işini ilerletmäge itergi berjek täzeçil taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen baglydyr. Türkmenistanda sanlylaşdyrma döwrüne netijeli taslamalar bilen gadam basyldy. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» çäklerinde beýleki ugurlar bilen bir hatarda, maliýe-bank ulgamynda dünýä tejribesine kybap gelýän sanly hyzmatlary işläp taýýarlamak we bar bolanlaryny has-da kämilleşdirmek göz öňünde tutuldy. Ýurdumyzyň tejribesinde ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak konsepsiýasy geljekde uly taslamalary, şol sanda sanly bank hyzmatlarynyň durmuşa işjeň ornaşdyrylmagyny özünde jemleýär. Şu günüň nukdaýnazaryndan seljerilende, sanly bank hyzmatlarynyň umumy ösüşi ýokary bolup, raýatlar üçin oňaýlylygy döredýän özgertmeler amala aşyrylýar. Sebäbi maglumat ulgamlary tehnologiýalary pudagynda

Lowurdap dur Arkadagyň şäheri

«Wena baly» diýlende, göz öňüňde bezegi özüne ýetik giň meýdançada wals tansyny edip ýören bagtyýar jübütler janlanýar. Bu bal — Wena baly özüniň gözbaşyny geçen asyrdan, ýagny 1935-nji ýyldan alyp gaýdýar. Biziň ýurdumyz hakynda aýdanyňda bolsa, ony Gahryman Arkadagymyzyň ýurt Baştutany hökmünde 2008-nji ýylda Wena bolan sapary bilen baglanyşdyryp bolar. Çünki şol ýylda döredijilik işgärlerinden ybarat bolan topar, has dogrusy, sungat ussatlarymyz Wenanyň belli konsert köşgünde çykyş edip, ýurdumyzyň abraýyny belende göteripdiler. Ýewropada ilkinji gezek ýaňlanan halk sazlarydyr mukamlar medeni gatnaşyklaryň täze sahypasyny açdy. Şonuň esasynda-da, gatnaşyklar berkäp, 2009-njy ýylyň maý aýynda mermer paýtagtymyzyň iň gözel ýerleriniň birinde türkmen-awstriýa orkestriniň ilkinji konserti geçirilip, ol ýola goýlan medeni gatnaşyklaryň hasam berkemegine getirdi. 2011-nji ýylyň sentýabrynda bolsa ilkinji Wena baly geçirilip, onuň watany hasaplanýan Awstriýa bilen medeni gatnaşyklaryň ösýändiginiň güwäsi boldy. Bu bal hakynda Gahryman Arkadagymyzyň:

Döwrebap terbiýäniň möhüm ugry

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda terbiýäniň on iki görnüşi barada durup geçmek bilen, şolaryň biriniň hem ekologiýa, tebigata söýgi terbiýesi bolup durýandygyny belleýär. Ýaşlarda ekologiýa medeniýetini terbiýelemek wajypdyr. Çünki her bir ýaş nesil tebigata öz öýi ýaly garap, serenjam berse, hormat goýsa, «ýaşyl» ykdysadyýete goşant bolar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň orta we ýokary okuw mekdeplerinde bu babatda sapak geçilip, ekologiýa medeniýetini ösdürmekde uly işler alnyp barylýar. Ylmy-tehniki ösüşiň netijesinde, tebigaty goramak, onuň baýlyklaryndan rejeli peýdalanmak ýörelgesiniň talaplary hem yzygiderli artýar. Şol sebäpden-de, tebigaty goramak, ekologik medeniýeti berjaý etmek wezipelerini durmuşa geçirmekde ýaş nesliň uly orny bolup, bu ugurda bilim ulgamy aýratyn ähmiýete eýedir. Çünki bu ulgam ýaş nesilleri terbiýelemekde, watansöýüji, ahlak taýdan arassa, maşgala gymmatlyklaryna hormat goýýan, bilimli, ylymly şahsyýetleri kemala getirmekde esasy güýç bolup durýar.

Çopantelpegiň peýdasy

Çopantelpek haşal dermanlyk ösümligi bolup, Türkmenistanda onuň 6 görnüşine duş gelmek bolýar. Ol çylşyrymly güller maşgalasynyň adybir urugynyň boýy 15 — 25 santimetre ýetýän birýyllyk otjumak wekilidir. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda çopantelpegiň ulanyş aýratynlygy bellenilýär. Çopantelpegiň güli dermanlyk maksatlary üçin çig mal bolup hyzmat edýär. Olary ösümlik gülleýän wagtynda, maý aýynda ýygnamaly. Çig maly teläriň aşagynda, açyk howada umumy kabul edilen usulyýet boýunça taýýarlamaly. Taýýar bolan çig maly mata ýa-da kagyz haltalarda, gury, ýel çekerli, Gün şöhlesi göni düşmeýän ýerde saklamaly. Çig malyň ýaramlylyk möhleti 1-2 ýyl.

Maslahat geçirildi

Ýakynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda maslahat geçirildi. «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň çözgütleri — Garaşsyz Watanymyzyň döwlet we jemgyýetçilik-syýasy ösüşiniň kepili» atly maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde, şeýle hem halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde garalan meselelerden gelip çykýan wezipelere bagyşlanan çykyşlar diňlenildi. Olarda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taryhy çykyşy, kabul edilen çözgütler esasynda gol çekilen resminamalaryň ýurdumyzy mundan beýläk-de toplumlaýyn ösdürmekdäki, şeýle hem ýurdumyzyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýyly diýlip yglan edilmeginiň ähmiýeti bellenildi.